Gaýdyp geliň ýigitler ol ýurtlardan. Giden ýeriňizden.Işlemäne gidenler.
Okamana gidenler.Häzirki döwürde öz ýurdyny taşlap ýat ýurtlara
gidenlere näme diýip at berilen?. Bilýäňizmi? Migrantlar.Bu häli
gowy at. Ýogsa olara çurka we ýenede bir topar kemsidiji
at berileni barada internetde ýazylan.
Migrant adyny göterýän adamlar häzirki döwürde hukuksyz,
ykmanda, öýsüz-ýurtsyz massa hasaplanýar. Migrant diýilip at
berilen adamlaryň daşary ýurtlardaky ýaşaýyş-durmuş
şertleru görkezilýar.Medeniýetsizlik. Hapysalyk.
Siz ol ýerde wagtyňyzda yzyňyzda galan ata-eneňiz, maşgalaňyz.
perzentleriňiz aýralykdan ezilip ýaşaýarlar.Öz göwnüňizi
aldamaň. Ol ýerlerden köp pul getirip ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi
gül ederis öýdüp.
Dogry birazajyk puly getirmegiňiz mümkin. Ýöne bu getiren
pullaryňyz bütün ömrüňize ýetmez.Şu wagt tapan pulyňyz
şu wagt sarp etmäne ýeter belki, ondada hemmäniňki däl bagty
çüweniňki. Ýogsa köpüňiz zordan yzyňyza gaýdyp gelersiňiz.
Okuw ýagdaýyňyz hem şowly bolmaz. Dil bilmeýänligiňiz sebäpli
okan bilimleriňiz kelläňize girmez. Emelläp diplom almagyňyz
mümkin. Ýöne hünärmen derejäňiz pes bolup galar.
Öz ýurdymyzda hem işlemek üçin iş bar. Okamak üçin okuw bar.
Siziň iş we okuw talabyňyzy ýurdymyzdaky bar bolan mümkinçilikler
arkaýyn gandyrar.
Bu sözleri aýydýanlygymyň sebäbi men ol ýurtlaryň
köpüsinde bolup gördüm.Iç gysgynç ýurtlar. Halky biziň üstümizden
gülmäni halaýarlar. Köp işledip az hak töleýän ýurtlar.Uruş, dawa jenjel
gidip duran ýurtlar.Okuw derejesi hem pes ýurtlar.Galanyny özüňiz
biliň. Wagt tiz geçip duranlygyňy sebäpli birden bilip galmaň
agyr işden maýrylyp galyp inwalid bolanyňyzy. Hemde ýalan
pula kowalaşyp ömrüňizi ýekelikde ahyrlanyňyzy. Meniňki bir
aýytmak. Güýjümiň ýeteni şu.Ýogsa soň bir wagt aýydarsyňyz.
Öňünden şunyň ýaly boljagymy bilenimde öz öýümde maşgalamyň arasynda
ýaşan bolardym.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 2-02-2024, 01:54

  • _Bayat _Bayat off № 1 2 февраля 2024 05:11

    Düýşýazarmy sen awtor?

    Jogap
  • Khanture Khanture off № 2 2 февраля 2024 06:52

     Ertekiýazar

    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 3 2 февраля 2024 06:53

    hümm

    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 2 февраля 2024 06:56

    oň wolsun, bandan açylypsyň niýä 🙄

    Jogap
  • NurmuhammetAtayew NurmuhammetAtayew off № 5 2 февраля 2024 08:12
    Sen indi nace gitman sol yer gowy dal diysenem gidilye sol yere sebabini aydyp otyrmaly hemmede bilye sebabini senem sol sebap bilen gorensin sol yurtlary
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 6 2 февраля 2024 09:09

    🤦🏻‍♂️🤦🏻‍♂️🤦🏻‍♂️

    Oho, oñ bolsun açypdyrlar seni bandan 😁😁😁


    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 2 февраля 2024 09:26

    🙋‍♂️🙋‍♂️🙋‍♂️

    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 8 2 февраля 2024 12:36

    mowzugyn adyny Deport bolun diyip yazmaly ekenin

    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 2 февраля 2024 12:45

    😁😁😁

    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 10 2 февраля 2024 14:13

    häzir göçhä göçlük döwri boldy hatda minstrler ýolbaşçylar ilçiler ýa bolmasa beýleki ýokary wezipeli adamlar emeldarlar şolaram işini taşlap gidip otyr daşary ýurtlarda ýaşaýarlar gün günden köpelýär 

    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 11 2 февраля 2024 18:19

    Ol ýerik gidenler öz gözel göwünleri isläni üçin meýletin gidýändirler öýdýäňizmi? Hemme kişä oňaýsyz manyda "immigrant" diýip at bermeýärler, köteklemeýärler, okamak üçin gidýärsiň eliňe bir dokument (kimlik) berýärler, okaýarsyň başarsaňam işleýärsiň, sebäbi okap işleseň öz günüňi dolandyryp, öz-özüňi ekläp bilýärsiň. Türkmen milleti baran ýerini ýykan-ýumran edýän, agzalalyk, goh-galmagal döredýän millet däl, elbetde beýleki milletlerem däldir emma käbir ýurtlaryň immigrantlary ýaşaýyş durmuşlary we medeniýetleri sebäpli başga döwletleriň medeniýetlerine öwrenişip bilmeýärler we käbir meseleler, konfliktler döräp bilýär. Şol sebäpli türkmenler türklere arkaýyn öwrenişip, düşünişip bilýärler, nädip düşünişmesin medeniýetimiz, milletimiz, däp-dessurlarymyz deň, dilimizem ýakyn. Şeýlelik bilen, türkmen milleti hiç haçanam baran ýerinde oňlanylmajak halk däl. Baran ýerinde okarlaram, işläp gününem görerler, herkimiň maksady durmuşyny gurmak, dikeltmek, maşgala gurup rahat bir durmuşda ýaşamak. 

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler