LUMAH BU DOGULAN ÇAGANYŇ ÝERLILERE MEŇZEŞ DÄLDIGINI BILÝÄR
Şurubakdan habar ýollady Lumaha: ''Edine dolanyp geliň, bir ogluňyz boldy'' Lumah Edine, Şurubaka bardy. Batanaş oňa ogluny görkezdi. Teni ak gar ýalyjakdy. Saçynyň reňki hem akdy.
(Hanokyň kitabynda taryp edilen Taňry teswiri. 46-njy bölüm 1-We ol ýerde gadymy bolany gördüm. Kelle saçy ýüň ýaly we arassady.) Gözleri gök asmany ýatladýardy, ýaldyraýardy. Lumah görenine haýran galdy we gorkdy-da kakasy Matuşalyň (Metuşaleh) huzuryna ylgap bardy. Batanaşdan Ýerlilere hiç meňzemeýän bir oglan doguldy. Onuň dogulmagy meni haýrana goýdy. Men Ýerde ýaşaýarkam we Ýerlileriň çagalarynda bolşy ýaly Anunnaki çagalary ulalansoň saçynyň reňkiniň gowulaşyp agarýandygyny we Anunnakileriň ak tenli, reňkli gözli we saralýandygyny pikir edýärin.
(Ýöne Ýeriň birnäçe ýerindäki Taňry teswirlerindäki sypatlandyrma hem şeýledir - meselem Budda Taňrylary)
BATANAŞ OGLANYŇ LUMAHDAN DOGULANDYGYNY AÝDÝAR
Matuşal gelip Batanaşa täze dogan oglany gördi. Meňzeşligine haýran galdy. Oglanyň kakasy Igigilerden birimi? (Bu ýerde ilkinji nesliň Anunnakileriň ak saçly, ak tenli we mawy gözli bolandyklaryny pikir etse bolar) diýip hakykaty Batanaşdan eşitmekçi boldy Matuşal. Äriň Lumaha häziriň özünde aýdyp ber hakykaty, bu onuň oglumy ýa dälmi? Batanaş, ''Ömrümden and içýärin Igigileriň hiçisem onuň kakasy däl''; - diýdi. Matuşal ogly Lumahyň ýanyna bardy-da ony köşeşdirmek üçin eli bilen onuň egnine kakdy.
Matuşal ogly Lumaha ''Bu oglan saňa bir yşaraty görkezýär. Deňi taýsyz perzent, täleý tarapyndan ýeketäk bir wezipe üçin saýlanyp seçilipdir.
Haýsy wezipe diýip sorasaň, ine muňa jogap berip bilmerin. Wagty gelensoň aýan bolar''.
(Ýaradylyş 5;
28. Lemek, 128 ýaşanynda bir ogly boldy. 29. Rebbiň näletlän topraklaryndan çekýän ezýetimiziň öwezini bu çaga ýeňilleşdirip bizi köşeşdirer'' diýip bu oglana Nuh adyny berdi.
TÄZE DOGANYŇ ADY ZIUSUDRA (NUH) DAKYLÝAR
Taňrylaryň önümleri, agyllardaky urkaçy guzular azaldy. Saňa dogan ogul, wagty gelende saňa golaýlaşan yşarat görkezsin. Matuşal şeýle diýdi ogly Lumaha.
''Adyna Tehir goýaýyň''.Batanaş Matuşala we Lumaha oglunyň syryny aýtmandy. Ziusudra diýip at dakdy oňa. (Meşhur Nuh pygamber) Yzy üzülmez ýaşaýyş günlerinden bolan diýen manyda. Şurubakdan önüp-ösdi.
TUPAN ÝAKYNLAŞAN WAGTY ZIUSUDRA (NUH) ÖÝLENÝÄR WE ÜÇ OGLY BOLÝAR
Ninmah bu oglany gorap saklady we mähir berdi. Oňa köp zady öwretdi, ylymy-bilimi edip ýetişdirýär. Enki hem bu oglany söýdi. Adapanyň ýazgylaryny okamagy öwretdi oňa. Ulalyp ýetişýänçä ruhanylyk düzgünlerini öwrendi.
Ziusudra Bir ýüz onunjy şarda (396000 ýyl) Şurubakda ulalyp ýetişdi we Emzara öýlendi.
Emzara oňa üç ogul dogrup berdi( Sam, Ham, Ýafes. Töwratda geçen Nuh, ýagny Ziusudranyň kaka we ata atlary ýagny Matuşal we Lumah (Lemek) hem yzygiderligi saklaýan atlar)
Onuň günlerinde Ýerdäki erbetlikler barha artdy; guraklyklar we hassalyk Ýeri gaplap aldy.
(Ýaradylyş 5;32 Nuh 500 ýyl başlanyndan soňra Sam, Ham, Ýafes atly ogullary doguldy.
ÝERLILERIŇ HER ÝERDE SEKS GATNAŞYKLARYNY ETMEKLERI WE GYGYRYŞMALARY ENLILI BIRAHAT EDÝÄR
Indi bu, Tupandan öň Ýeriň başyna gelen belalaryň we syrly Galzunyň ömür we ölüm kararlaryna nähili gizlin ýol görkezýändiginiň hekaýasydyr.
Igigileriň we Ýerli gyzlaryň jübütleşişleri Enlili öran birahat edýärdi. Enlil Mardukyň bir Ýerli gyza öýlenmegine gynanypdy. Onuň gözlerinde Anunnakileriň Ýerdäki wezipeleri ýaramazlaşypdy. Uwlaşýan we gygyryşýan Ýerli köpçülikler onuň üçin indi näletlenen ýagdaýa gelipdi.
ENLIL ÝERLILERE KÖMEK ETMÄGE RUGSAT BERMEÝÄR
Ýerlileriň aýdýanlary üsti-üstine gelip ýüregini gysdyrýardy. Jübütleşmeleri umumy bozýar! - diýýärdi Enlil.
Ziusudranyň günlerinde guraklyk we salgym hassalyklar Ýere erbet täsir etdi. Agyry-ynjylar, baş aýlanmalar, titremeler, gyzdyrmalar Ýerlileri gurşap aldy. Ninmah: ''Rugsat ber Ýerlilere şypa öwredeli, özlerine em ýasamagy öwrensinler'' diýdi.
Topraklarda suw ýokdy, ýaşyl meýdançalar saraldy. Rugsat ber Ýerlilere köl we kanal gazmagy öwredeli, deňizlerinden balyk we iýmit ýygnamagyň öwredeli'' diýýärdi Enki.
Enlil Enkä: ''Men ederin olar ýaly işleri''
(Ýaradylyş-6
Reb seretdi, ýer ýüzünde ynsanyň eden erbetligi köp, küýi-köçesi diňe erbetlikde.
6. Ynsany ýaradandygyna puşman boldy. Ýüregi ynjady.
Ýaradan adamlarymy, haýwanlary, süýrenijileri, guşlary ýer ýüzünden süpürip taşlaryn'' diýdi. ''Çünki olary ýaradanyma puşman etdim''.
8. Emma Nuh Rebbiň nazarynda merhemet gazandy.
9. Nuhuň sypaty şeýledi: Nuh dogry adamdy. Döwürdeşleriniň arasynda kämilidi. Nuh Rebbiň huzurynda gezerdi.
10. Üç ogly bardy. Sam, Ham, Ýafet.
11. Taňrynyň nazarynda ýer ýüzi bozuldy, zorluklardan doludy.
12. Taňry Ýer Ýüzüne göz aýlady we hemme zadyň bozulandygyny gördi. Çünki ynsanlar ýoldan çykypdylar.
13. Taňry Nuha ''Adamzadyň soňuny getirjek'' diýdi, ''Çünki olar sebäpli ýerýüzi zorluklardan doldy. Olar bilen birlikde ýer ýüzüni ýok etjek)
Şumer Plita ýazgysy (dowamy)
Bilim,
JackSparro
tarapyndan
2-02-2024, 14:06