SEÝITNAZAR SEÝDI
/1775-1836/

Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran şahyrlaryň biri Seýitnazar Seýdidir. Şahyryň hakyky ady Seýitnazar, Seýdi bolsa edebi lakamydyr. Seýdi 1775-nji ýylda häzirki Halaç etrabynyň Lamma obasynda doglupdyr. Şahyryň kakasynyň ady Habyp hoja, ejesiniň ady Göwherşat eken. Onuň bir erkek we birnäçe gyz doganlary bolupdyr. Seýdi Hatyja atly gyza öýlenipdir. Onuň iki sany ogly bolupdyr, olar ýaşlykda aradan çykypdyr.
Seýdi ilki öz obasynda, soňra Buharadaky medreseleriň birinde okap, düýpli ylym-bilim alypdyr. Ol Gündogar we türkmen edebiýatyny çuňňur öwrenipdir.
Seýdi şahyrçylyk bilen meşgullansa-da, öz ildeşleri ýaly daýhançylyk hem edipdir. Ol goşgy düzmeklige ýaşlykdan başlapdyr we ajaýyp goşgularynyň ençemesini halkymyza miras goýupdyr. Şahyryň goşgularynyň köpüsi aýdym edilip aýdylýar.
Şahyr ömrüniň aglaba bölegini öz ilini duşmanlardan goramak üçin at üstünde geçiripdir. Şahyr batyr, edermen, harby tälimlere ökde, söweşjeň adam bolupdyr. Ol özi ýaly edermen ýigitlere ýolbaşçylyk edip, duşmanlara garşy göreşipdir. Şonuň üçin Seýdä ''serkerde şahyr'' diýilýär.
Seýdiniň ömri we durmuşy söweşler bilen bagly bolansoň, onuň goşgularynyň esasy bölegi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik hakyndadyr. Şahyr şeýle mazmunly goşgularynyň üsti bilen ýigitleri Watan goramaga, mertlige çagyrypdyr. Şahyryň durmuşy temasyndaky ýazan goşgularyndan şol döwürde halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň çeper keşbini görmek bolýar. Seýdiniň söýgi temadaky goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, nusgalyk gylyk-häsiýetleri wasp edilýär.
Seýdi öz ildeşleri bilen Mara göçüp, bellibir wagt şol ýerde ýaşapdyr. Soňra şahyr ömrüniň ahyrlarynda ildeşleri bilen öňki oturymly ýerleri bolan Lebaba dolanyp gelipdir.
Seýdiniň Watana söýgüden doly goşgulary her bir döwürde nesilleriň watançylyk duýgularyny ösdürip gelipdir.

GELIŇ, ÝIGITLER

Beýle köp ýatmagyň kemaly ýokdur,
Atlanaly, ýene, geliň, ýigitler!
Birniçäniň gitmek hyýaly ýokdur.
Gidermenler taýyn boluň, ýigitler!

Muhannesi bir gorkudan dyndaryň,
Atyn alyp bir goçagy mündüriň.
Kuffar leşgerini uruň, syndyryň,
Hudaý berse, abraý alyň, ýigitler!

Ganym garşylaşsa, döndermäň ýüzi,
Dogry depiň, ýumrup siz iki gözi,
Gulaga ilmesin namardyň sözi,
Oňa galsa gaçar, biliň, ýigitler!

Bilip baryň duşman piriň, alyny,
Kesiň ýezitleriň gaçjak ýoluny,
Öňe salyp, baglap iki goluny,
Sürüň, at öňüne salyň, ýigitler!

Seýdi diýer, men söýlärem sizlere,
Kadyr Möwlam abraý bersin bizlere,
Biriň garşy duruň ona, ýüzlere,
Urup, ýykyp, sürüp geliň ýigitler!




Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 4-02-2024, 22:44

© Islenen.ru - Düzgünler