## Ýedi dünýä äleminiň döredilişi

Meta hyýaly hekaýa

Bir zamanlar iki dost bardy: biri "Zäherli täç" hekaýasynyň awtory, beýlekisi onuň dosty. Bularyň ikisi-de fantastiki elementlerden doly baý älemi döretmek arzuwy bilen ýanýardy. Bu ideýa "ÝEDI DÜNÝÄ ÄLEMI"-niň tohumyny ekdi. Emma bu tohumlar adaty toprakda däl-de, ýazyjylaryň hyýalyndaky hasylly ýerde ösdi.

Başlangyç: Bir ideýanyň döremegi

Bularyň barsy "Zäherli täç" hekaýasy bilen başlandy. Bu hekaýada Dördünji dünýäniň çylşyrymlygy, şol ýerde ýaşaýan adamlaryň durmuşy, göreşleri we ýeňişleri şekillendirilipdi. Ýöne bu başlangyç hekaýa älemiň diňe bir bölegidi, heniz doly açylmadyk bir älem.

Ilkinji ýazyjy "Zäherli täç" hekaýasyny ýazýan mahaly, dosty şol bir älemde başga bir hekaýa ýazyp başlady. Bu ikinji hekaýa, dördünji dünýädäki bir şalygyň nädip ýüze çykandygynyň taryhyny açyp görkezýärdi...

Iki dost hem tolgundylar, hem-de ýedi dünýä äleminiň giňligi we çuňlugy bilen birneme hekaýa ýazmakdan sowadylar. Bu älemi nädip emele getirmelidigi, her dünýäniň özboluşly aýratynlyklaryny nädip kesgitlemelidigi we bu dünýäleriň biri-biri bilen nähili täsirleşjekdigi hakda pikirlenip başladylar.

Bir gün agşam iki ýazyjy älemini hasam giňeltmek üçin duşuşdy. Özleriniň döredijilik güýjini "ÝARADYJY GÜÝÇ" hökmünde görmekden çekinseler-de, älemiň nähili döredilendigni aňladýann bir hekaýa ýazmak islediler.

Hekaýanyň içindäki bu hekaýa iki dostuň “Ýedi dünýä älemini” nähili göz öňüne getirendigini we ara alyp maslahatlaşandygyny düşündirmek bilen başlandy. Indi bolsa ÄLEMiň nähili kemala gelendigni düşündirsek:

Dünýäleriň (Planetalaryň) döremegi

Ilkibaşda älem boş we sessizdi. Emma, döredijilik hyýaly bu boşlugy doldurjak we ýaşaýyş berjek dünýäleri döretdi. Ýedi dünýä äleminiň halysy dokaldy: belki "BIG BANG" boldy, belki-de ýazyjylar bir zatlar çyrşady... Ýöne biz ýazyjylar özümizi ÝARADYJY hökmünde görmeýändigmizide aýtmak isleýäris. Ýagny biz bir älem ýaratmadyk, döretmedigem. Biz diňe "hekaýa" ýazdyk... 7 sany dünýä (planeta) döredi. Olar bir ýyldyzyň daşynda hereket edýärdi... Dördünji dünýädäki Diýar-u-Hyýal şalygynyň Lisan-ul-Hyýal dilinde ol ýyldyza "Nejminur" diýýärdiler...

Sizi dünýäler bilen tanyşdyrsam:

1. ** Ýagtylyk dünýäsi **: Arassa energiýanyň we ýagtylygyň çeşmesi hökmünde döredi. Bu ýerde ýaşaýyş ýagtylygyň özi ýaly arassa we ýagty görnüşe eýe boldy.
2. ** Garaňkylyk dünýäsi **: Gizlin we nämälim bir düşünje şekillendirilýär. Ýaşaýyş bu ýerde, garaňkylykda gizlenip, açylmagyna garaşýan syrlardan dolydy.
3. ** Tebigat (Toprak) dünýäsi **: Janlylygyň we tebigy gözelligiň merkezine öwrüldi. Ýaşaýyşyň dürli görnüşleri bu ajaýyp dünýäde ösdi.
4. ** Suw dünýäsi **: Suwuň akymy we üýtgemegi bilen kesgitlenýär. Ýaşaýyş çuň okeanlarda we asuda derýalarda başlandy.
5. ** Ot dünýäsi **: Güýç we hyjuw dünýäsi. Ýaşaýyş oduň ýylylygy we üýtgeýän güýji bilen dünýä indi.
6. ** Howa dünýäsi **: Erkinligiň we hereketiň nyşany. Ýaşaýyş şemallardan we asmandaky tükeniksiz bulutlardan ýüzüp başlady.
7. ** Ruh dünýäsi **: Ruhy barlyk we baglanyşyk dünýäsi. Ýaşaýyş ruhy güýç we aňyň iň ýokary görnüşinde ýüze çykdy.

Ýaşaýyşyň başlangyjy

Bu dünýälerdäki ýaşaýyş bir wagtyň özünde başlamady. Her dünýä öz döwründe we şertlerinde ýaşaýyşy kabul etdi. Bu dürli başlangyçlar, dünýäleriň özboluşly aýratynlyklaryny we hekaýalaryny emele getirdi. Ýöne olaryň hemmesi älemiň ajaýyp hekaýasynda birleşendirler: biri-biri bilen we kosmosyň galan bölekleri bilen täsirleşmek.

Şeýlelikde "Ýedi dünýä älemi", resmi ady bilen "SEVEN WORLDS UNIVERSE" kemala gelip başlady...

Soňumy?

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW & © Şyhnazar DURDYÝEW

2024ý.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Khanture tarapyndan 6-02-2024, 13:14

  • JackSparro JackSparro off № 1 6 февраля 2024 13:40

    Suraty nädip goýýaňaý, kompdan goýdyňmy?

    Jogap
  • Khanture Khanture off № 2 6 февраля 2024 13:45

    ýok. Telefon. 

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 3 6 февраля 2024 13:48

    Seniň hekaýalaryň, kinonyň başyny gürrüň berýän epizod ýaly gidýär-de içine girişip bileňok. Diňe daşyndan gysga gürrüň berýäň. Içine girişmek üçin wakalar, adamlaryň gürrüňdeşligi, hereketler we sözler bilen ýazsaň ynandyryjy gelermikä diýýän. 

    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 6 февраля 2024 14:18

    Belligiň üçin sagbol!

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler