«Öň­ki­ dö­wür­ler­de­ ju­da­ baý,­ em­ma­ özü­ni­ bagtsyz­ ha­sap­la­ýan­ bir­ şa­ bar­ eken.­ Ol­ bagt­ly­ bol­mak üçin­ her­nä­çe­ jan­ et­se-de,­ hiç­ ba­şa­ bara­nok­myş.­ Ahyr­so­ňy­ kal­by­ ka­rar­ tap­ma­dyk­ şa­ ül­kä­niň­ iň­ güýç­li­ oku­my­şy­ny­ hu­zu­ry­na­ ça­gy­ryp:­ «Men­ nädip bagt­ly­ bo­lup­ bi­le­rin?»­ di­ýip­ so­rap­dyr.­ Oku­myş:­ «Şa­hym,­ bagt­ly­ bol­mak­ isleýän­ bol­sa­ňyz,­ bagt­ly bir­ yn­sa­ny­ ta­pyp,­ onuň­ eşi­gi­ni­ geý­me­gi­ňiz­ ge­rek» di­ýip­dir.­ Şa­ des­si­ne­ we­zir­le­ri­ne­ bagt­ly­ ki­şi­ni­ tapma­gy­ buýrup­dyr.­ We­zir­ler­ tu­tuş­ ýur­dy­ aý­la­nyp,­bagt­ly­ yn­sa­ny­ göz­läp­dir­ler.­ Bu­ ül­ke­de­ we­zir­le­riň dabany degmedik ýer galmandyr. Emma hiç hili­ özü­niň­ bagt­ly­dy­gyn­dan­ şü­kür­li­ bir­ ki­şä­ gabat gelenok­myş­lar.­ Kim­ler­ ýol­da­şyn­dan,­ kimler ýoksul­lyk­dan,­ kim­ler­ bol­sa­ ha­ýyr­syz­ perzendinden zeý­ren­mek­ bi­len­ ber­ba­şa­gaý­myş...
Ahy­ryn­da­ aý­la­nyp-aý­la­nyp­ tap­dan­ dü­şen­ çäresiz­ we­zir­ler­ köş­ge­ do­lan­ma­gy­ ka­rar­ edipdir­ler.­Olar­ ho­ra­şa­ja­ çat­ma­nyň­ ga­ba­dyn­dan­ ge­çip­ barýarkalar­ şeý­le­ söz­le­ri­ eşi­dip­dir­ler:«Taň­rym,­saňa­ ýüz-müň­ şü­kür­ler­ bol­sun!­ Sagly­gym­ ýe­rin­de,­bu­ gü­nem­ gar­ny­my­ do­ýur­dyň,­ rysgy­my­ hiç­ ha­çan­ eg­sik­ et­me­diň.­ Ýe­ri­ on­soň,­ men bagt­ly­ bol­man­ kim­ bagt­ly­ bol­sun?!» Aýak­ çek­mä­ge­ mej­bur­ eden bu­ söz­ler­den­ soň,­ bagt­ly­ yn­sa­ny­ göz­läp,­ýur­dy­ aýla­na-aý­la­na­ tapdan­ dü­şen­ we­zir­ler­ «tap­dyk­da-tap­dyk»­ bo­lup­ bege­ni­şip­dir­ler.­ Ta­pan­ bagt­ly­ ynsan­la­ry­ny­ şa­nyň­ hu­zu­ry­na­ elt­mä­ge­ how­lu­gyp­dyr­lar.­ «Onuň­ eşik­leri­niň­ bi­ri­ni­ alyp,­ şa­nyň­ ýa­ny­na­ ug­ra­rys»­diý­şi­bem­ ýaň­ky­ kö­ne­je­ çat­ma­nyň­ içi­ne­ girip­dir­ler.­Gör­se­ler­ çat­ma­nyň­ eýe­si­niň­ eg­nin­dä­ki­ ýe­ke­je­ köý­ne­gi­niň­ ýa­ma­syz­ ýe­ri­ ýok­muş...»
Durmuş dowam edýärkä ynsan bagty gözlär ýörer. Elindäki emlägi ýere-göge sygmaýan bolsa bolubersin, ondan has köpüni isläp, eýesi bolan zatlaryny azyrganýanlar özlerini hiç haçan bagtly duýup bilmezler. Bagty özünden gözleýän, ykbalyndan razy bolup, baryna şükür eýleýänler bolsa hemişe bagtlydyr. Hemme zady bilmek bize derkar däl. Özümizde bar bolanyna şükür etsek we gadyryny bilsek ýeterlik...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 6-02-2024, 17:04

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler