ERBETLIGI TAŇRY ISLEÝÄRMI? I
Hemmeler deňagramly şertlerde dogulanok. Ilkibaşdan käbir maşgalalaryň mümkinçilikleri tapawutly: güzeran çeşmesi we bilim derejesi, ýaşaýan ýeriniň şertleri, ýaşaýan döwletiniň üpjün edýän howpsuzlyk we jemgyýetçilik hyzmatlary birmeňzeş däl.
Zulumlaryň, adalatayzlyklaryň uruşlaryň döredýän şerdir erbetlikleri-de her kesi birmeňzeş şekilde uranok: bombalaryň astynda dünýä inýänem bar, synasynyň birini ýitirip ömür tanapy üzülýänem bar.
Aç-suwsuzlykdan gury ham - gury süňk bolup amanadyny tabşyran çagalar kimdir birileri üçin bary-ýogy gynanç bilen serediljek fotosuratdan başga zat däl. Haýsydyr bir ogrynyň, ganhoryň ýa-da neşekeşiň çagasydygyna garamazdan durmuşda öz ugur-ýoluny tapjak bolup çyrpynýanlaram bar. Hut şolar ýaly ýetginjegiň dady-perýady häzirem gulaklarymda ýaňlanyp dur: ''Halypa, sen haýsy adalatdan söz açýarsyň, Taňry hakykatdanam barmyka beri?!''
Gadymy çekişme:
Ýokardaky ahy-nalanyň garşylyklaýyn meselesi filosofiýanyň we dinler taryhynyň iň gadymy çekişmesidir. Birem tabigy ýagdaýlardan we hadysalardan gelip çykýan ýer titremeler, gahatçylyklar, keselçilikler bar, ýylam çekişmäniň başga bir ugry.
Teodiseýa - absolýut ideal Taňry bilen erbetlik düşünjesini nädip bir ýere jemläp bolarka diýen meseläni düşünme taglymydyr.
Ellinistik filosofiýanyň iň görnükli wekili Epikur ser problemasyny logiki zemine şeýle oturdýar:
''Taňry ýa-ha erbetlikleri dep etmek isleýär, ýöne güýji ýetenok ýa-da güýji ýetýär-de emma Ol muny beýtmek islänok ýa-da Ol muny ne isleýär, ne-de muňa güýji ýetýär ýa-da hem-ä isleýär, hemem güýji ýetýär. Eger muny isläp, güýji ýetmeýän bolsa diýmek Ol güýçsiz bolmaly, bu bolsa Taňra mahsus zat däl, eger güýji ýetip, düzetmek islemeýän bolsa, Ol erbet niýetlidir, bulam edil ýaňky ýaly Taňra mahsus gylyklar bilen bir ýere sygyşjak zat däl, eger ne isläp, ne-de güýji ýetýän bolsa, Ol hem-ä erbet niýetli, hemem güýçsizdir, bu ýagdaýda ol eýýäm Taňry däldir, eger hem isläp hemem güýji ýetýän bolsa - bu eýýäm Taňra ýaraşýan häsiýetidir. Şeýle bolýan bolsa ertirlik haýsy nireden gelip çykýar ýa-da Taňry neçüýn olary başymyzdan sowanok?''
Şotland filosofy Dewid Ýumyň soraglary-da şeýle: ''Taňry erbetligiň öňüni aljak bolýar-da muňa güýji ýetenokmy? Eger şeýle bolsa, Ol güýçsüzdir. Ýa-da güýji ýetýär-de öňüni alasy gelenokmy? Eger şeýle bolsa, Onuň niýeti gowy däl. Hem güýçli, hem gowy bolýan bolsa, şunça erbetlikler nädip we nireden peýda bolýarlar?''
Kognitiw çäk böwedi: Taňry absolýut gowy bolsa, näme üçin erbetlige ýol berýär?'' soragy a.t.e.i.z.miňem esasy üns berýän argumentidir: erbetligiň bar bolşy ýaly hemme zady bilýän we sap gowy Taňrynyň bolmaga haky ýok, onsoňam Taňrynyň barlygy erbetligiň barlygy bilen bir ýere sygyşmaýar, çünki bu akla sygjak zat däl. Bu garaýşa garşy çykan teistlerem erbetligiň Taňrynyň garşysyna delil bolup bilmejekdigini öňe sürýärler we makul tutaryklar tapmaga çalyşýarlar, şeýlelikde teodiseýa ýörelgesi emele gelýär.
Şu ýerde rugsat berseňiz, şu pikirimi paýlaşasym gelýär: Taňry rasional zemine çekilmeýär, şol sanda akyl öz çäklerini aşýan transsendental (müteal) barada netijä gelip bilmez.
Kognitiw (bilişsel) çäk muňa böwetdir. Akyl çägini aşýan meselelerde diňe çaklamalary öňe sürüp biler. Filosoflardyr akyldarlaryň dürli-dürli çemeleşmelerem muňa mysal hökmünde görkezse bolar. Galyberse-de bu garaýyşlaryň hiç biri absolýut we gutarnykly däldir. Çünki Taňrynyň myrady diňe Taňra aýandyr. Emma bu ýagdaý pikirlenmäge päsgel berip bilmez. Çekişmelere girmek oý-pikirlerimizi kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan diýseň möhümdir. Hatda bu imanyň sagdynlygy üçin gerekdir. Pagta ýüpe baglanan imandan hiç kimse gowulyga garaşmasyn.
Eýsem akyldarlar erbetligi nähili tutaryklandyrýarlarka? Bu barada indiki söhbetimizde durup geçeris.
Aýşe SUJU
''Sözcü'' gazet.
05.10.2020.
Guwanç Mämiliniň terjimesinden.
kitapcy.ru
Erbetligi Taňry isleýärmi
Bilim,
JackSparro
tarapyndan
6-02-2024, 22:44