ÝATLANAN PURSATLAR


On dört, on bäş ýaşlarymda Mekdepde iň bezzat okuwçydym.
Ýöne o diýenem erbet çaga-da däl men.
Şer bolsa gözüm açylýardy. Gyzlaryň sumkalaryndaky ruçkalaryny ogurlaýardym. Güýjümiň ýetenini urýardym, güýjümiň ýetmeýäni bilenem uruşýardym. Mugallymlaryň dili bilen aýdanymda: ''Klasyň iň haramzadasydym!'' Urup-sögüp düzedip bolanokdy meni! Belkäm ol wagtlar akylsyzdym, samsyk çagadym...
Ýöne ine on sekiz ýaşymdakam, bir gün Selbi atly gyz klaşdaşym bir gün ýakamdan ýapyşyp itende kelläm klas tagtasyna degdi.
Men gaharyma ony tutup ogşadym. Ol meň ýüzüme şapbat çaldy. Bu onuň meni söýýändiginiň alamaty-dy.
Klas ýolbaşçym menden bizar bolupdy. Bir günem ol maňa: ''Ertir Ejeňi getir, ene-atalar ýygnagy'' diýip meni ugradyp goýberdi. Şonda men klasdaşym Pyhhyny urup aglatdym-da ejesini getirtmekligini oň ejesem meň ejem bolup ýygnaga gelmelidigini tabşyryp ugradyp goýberdim.
Ine ertesi gün Pyhhyň ejesi gelýär. Klas ýolbaşçym oň ýanynda meň etmedik zatlarymam etdi diýip baý ýamanlandyr-a. Ýerden alyp ýere sokdy. Pyhhyň ejesiniňem azaryna-da däl. Göz hanasynyň gabygyny çalaja açyp ''hää'' sini berdi-de saglyk amanlykdan soň ýöredi. Mugallym Pyhhyň ejesine meň ejemdir öýdüp şeýle bir janygyp düşündirdi welin heý goýaý... Mugallym zalda başga mugallym bilen gabat kakýardy.
Men her dürli şarlary klasda çişirip ýaryp mugallymy klasa ylgadýardym.
Klasa kürsäp girýär, gykylyklamaga başlaýar, hiç kimden dem-düýt çykanok. Meň gülüp oturanyma gözi düşende. Men elimi galdyryp: ''Çynym mollym bu men däl'' diýip gülüp ýerimde oturanymda: ''Onda bu gürleýän seň ruhuňmy, (priwideniýa) diýip gülende, pothalim klas ''wakyrrr'' gülüşdiler.
Sapak gutaransoňam iň soňky bolup çykyp gaýdýardym.
Sebäbi men kitaphana barýardym. Kitap okaýardym...
O diýen erbet çaga-da däl diýýän-ä men...
Gyzykly kitaplary gözleşdirýärdim. Esasanam detektiw kitaplary okaşdyrýardym. Taryhy wakalary yzarlapdyrýardym. Geografiýa bilen Biologiýa, Astronomiýa, Türkmen dili sapaklaryndan hemişe taýýarlyklydym. Iňlis dili, algebra, himiýa sapaklarynda bolsa Mekdebiň golaýyndaky Igrotekada play station oýnaýardym. Fudbolam halamok.
Ine şeýdip mekdepden soň kitaphana gatnamagymy ýygjamlatdym. Kä wagt sagat 6-7-ä çenli ýapylýança oturup diňe kitap okaýardym. Halan kitabymy balagymdaky ramenime gysdyryp ogurlap gaýdýan-da öýde okaýardym.
Jaň kakylanda bolsa hemişekisi ýaly klasda oturýan-da synp tagtasyna Dünýä ýüzüniň kartasyny çekip klasdaş oglanlar bilen politika barada gürleşýärdim.
Mekdebi gutaranymdan soň men Selbini alyp gaçdym. Alyp gaçmasam bolanokdy şo wagt. Sebäbi mende oň ejesine berer ýaly zadym ýokdy. Nädip diýýäňizmi?
Sebäbi men ýetimdim...
Oň kakasy bolsa baý adamdy. Meň ýagdaýymyň ýokdugyny bildi-de gyzy bilen meň toýumy belledi. Bagtly toýum boldy. Şonda klasdaşlarym bilen mugallymlarym, klas ýolbaşçyma çenli geldiler. Gutladylar...
Bir ýyldan soň meň oglum boldy. Adyna Öwez dakdym. Yz ýany bolsa men harby gullugyna gitdim. Selbi men gelýänçäm atasy öýünde galdy...
Gullukda öwrenmäge zat kändi. Gullugy gutaryp bolup harby okuwyny okadym. Selbi bilen oglumam atasy öýünden meň ýanyma dolanyp geldiler...
Şeýdip durmuşyň pursatlary süýjüli, ajyly geçdi durdy. Ýöne soň meni maşyn kakyp öldürdi...
Bu ýazgylary bolsa men ogluma ölmäkäm hat üstünde ýazyp goýupdyryn.
Ol bolsa hatyň we menden galan durmuşyň pursatlaryny dowam etdirmeli...
Sebäbi men onuň içine, süňňüne ruh bolup aralaşypdym...
Hawa, hawa, size ýalan maňa çyn, men şu wagtam ýaşaýaryn... Ýaşarynam....



06.02.2024...
@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 7-02-2024, 00:22

  • Azasdym Azasdym off № 1 10 февраля 2024 11:32

    Gatyy gyzyklyy yone sonyy masyn kakyp oldurdi diyan owrumii birhilirak duyuldyy mana sizin mowzugynyza baha bermek un dal okan wagtym kellame geleni yazzym.

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 2 10 февраля 2024 14:27

     


    Hekaýamda galdyran bellikleriň üçin sag bol, bu meň hekaýalarymyň üstünde täzeden işlemegime kömek edýär.  😉😊

    Jogap
  • Azasdym Azasdym off № 3 10 февраля 2024 18:57

    Men pikirimem hasaba alanynyz un sag bolun.

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler