Göz öňüne getiriň. Aşgabada baryp gaýtmakçy men diýýäňde ýola
şaýlanyp başlaýaň. Täze geýimleri satyn alýaň, täze ýan torba
alýaň. Ýolda iýmek üçin şaýyňy tutýaň. Baryp myhman boljak ýeriň üçin
sowgat alýaň. Begenip ýola düşýäň onda-da begençli ýere barýan bolsaň.
Şeýdip tykyr-tykyr edip otlyda Aşgabada gelýäň. Täze bir dünýä düşen
ýaly bolýaň, Aşgabada öň gelmedik bolsaň. Elbetde Aşgabat türkmenleriň
arzuwly ýerleriniň biri. Kim okuw üçin gelýär bu ýere,
kim iş gözläp gelýär bu şähere. Saglygyny bejerdýänler hem bu ýerde.
Dogan-garyndaşynka görme-görüşe gelýänler hem bar.
Gelen güniň gaýydan ýeriň ýadyňa düşmeýär. Aşgabatlyar bilen
wahahaýda bolýaň. Gülüşip otyrýaň. Aşgabatda durandygyňa begenýäň.
Eger kimdir biri gaýydan ýeriňden jaň edäýse telefony ýaraýjak
bolýaň
-Aýu, men Aşgabatda diýip gygyrýaň. Barýançam öz günüňi özüň gör diýip
diýip çyrlaýaň. Şuňa meňzeş ýenede bir topar sözleri aýydýaň.
Ertesi ir bilen Aşgabady aýlanyp başlaýaň. Öň gelmedik bolsaň
Aşgabadyň hemme ýerine aýlanasyň gelýär. Aşgabat aýratynam
ýaşlara uly täsir edýär. Olar köçelerde gülüşip wakyrdaşyp
bökýärler, ylgaýarlar.Gopgun turyzýarlar.
Birinji gün Aşgabadyň iň uly täsir galdyrjak ýerlerinde pyrlanýaň.
Şeýdip aýlanmakdan surnygyp öz gaçybatalgaň bolan ýere gaýdyp gelýäň.
Öýe gelip satyn alan zatlaryňa seredýäň. Ýene satyn almaly bolsa
ertire goýýaň.
Eger okuw diýip gelen bolsaň birinji güni haýsy ýere okuwa girjek
bolsaň şol ýere baryp görmäni maksat edinýäň. Ir bilen ugrýaň.
Baryp seredip durýaň girjek ýeriň ymaratyna. Arzuw edip galýaň.
Şu ýerde okasam diýip. Bir hatar aýlanyp bolanyňdan soň
dokumentleriňi tabşyrýaň. Ullakan alada basmarlaýar.Wagt geçip okap
başlaýaň. 2-nji kurs, üçünji kurs. Indi ýöne yzyňa gaýytmak ýadyňa
düşýär.Obadan gelen bolsaň obaň ýadyňa düşýär. Yzly-yzyna telefon edýäň
ol ýerdäkilere.Şeýle etseň hut obaňa gaýdyp baran ýaly boljak ýaly.
Dördünji kurs. Obaň indi has köp ýadyňa düşýär.Bir wagtlar
Aşgabatda galmany arzuw eden bolsaň indi yza gaýytmany
öňde goýyp
başlaýaň we bir gün Aşgabatdan gaýytmaly günüň gelip ýetýär. Kagyzlaryňy
zatlaryňy jemläp torba dykyp salyp, wokzala tarap ýola düşýäň.
Haçan wokzala geleňde
Aşgabatdan gaýytmaly däldigiň hem hyýala gelýär. Emma gaýydan obaň,
şäheriň hut saňa gel diýip gygyrýan ýaly bolýar. Otla ýada uçara münýäň.
Onuň aýnasyndan iň soňky ýola Aşgabada seredip onuň bilen hoşlaşyp
başlaýaň. Hoş Aşgabat! Men gitmeli boldum senden diýýäň.
Eger againi-garyndaşlaryňka görme-görüşe gelen bolsaň iki-üç geçenden
soň ýüregiň jigg edip gidip gaýydan ýeriň ýadyňa düşýär.
Hyýalyňa yza gaýytmak pikiri
gelýär. Dördünji gün irden tyrýaň. Indi sende öňki keýpi-şagalaň ýok.
Ýüzüň biraz gamaşyk. Sesiňi çykarman çaý başyna geçýäň.
Baran ýeriň hyzmatda.
Göwnüňe bolmasa indi bu ýerde sen artykmaç adam. Assajykdan söze
başlaýň. Indi men yza gaýytmaly diýýäň. Bolýan ýeriň ör-gökden
gelýär. Bolyberdä ýene bir-iki gün diýýär. Emma indi sende karar ýok.
Gaýydan ýeriň saňa gel diýip gygyrýan ýaly. Zatlaryňy çöpleýäňde
öý eýesine hoş diýip wokzala ugraýaň. Indi ugradaýanyň hem keýpi
ýok gaýydýanyň hem. Otla münýäň. Ugradýan aýal doganyň bolsa
aglap başlaýar.Erkek bolsaň sähel ganymat. Barybir ýüzüňiz gamaşyk.
Otlynyň aýnasyndan daşary seredýäň
Ol ýerden Aşgabadyň dürli hili ymaratlary, maşynlary yzda galyp how
gidip barýaňmy diýip galýan ýaly. Sen bolsa indi yzyňa gaýdylýan ýolda.
Otly ýene tykyr-tykyr edip seni äkiden ýerine äkelýär.
Otlydan düşüp uludan we arassa howadan dem alýaň. Ýüregiň indi
jaýynda ýaly. Dokuzyň düzüw ýaly. Öýe tarap ýol alýaň. Öňüňden çykyp
garşylajaklary ýatlaýaň. Kiçijik çagalaryň bar bolsa olar tozan
turuzyp, ene, ata diýip ylgarlar. Ullkanlar bolsa olar hem ýylgyryp
iň bolmanda gapa çykyp garşylarlar.
Yz ýanyndan taşlap giden zatlaryňa nazar salyp olaryň biraz bolsada
gaýgylydygyny aňşyrarsyň. Emma hemme däl. Gideniňe biparh zatlar hem
bolar.
Bir sagatdan bolsa doly ynjalarsyň. Hatyrjem bolarsyň.
Ýene bir meýdandan bolsa taşlap giden ýeriň seni täze ýollara
şaýlar we ol ýere ýola düşüp ýene giden ýeriňe gaýdyp gelmäni
ýüregiňe düwersiň. Hawa bu durmuş şeýle gurnalan. Biz giden ýerimize
gaýdyp gelmeldigini bilýäris we köpümiz giden ýerimize gaýdyp
gelýäris. Emma gaýdyp gelmeýänler hem tapylýar ýöne olar hem gaýdyp
gelmäni arzuw edendirler diňe yhlaslary başa baran däldir. Siz
olardan bolmaň. Gaýdyp geliň.
Gaýdyp gelip bir topar adamlary begendiersiňiz.
Yza gaýdylýan ýol
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
11-02-2024, 12:58