ŞEÝTANA AŞYK BOLAN!


Siz dogaly gyzlar hakynda eşidip gördüňizmi? Olar gijelerine oglanlary awlap mundan lezzet alýar ekenler. Olar oglanlary azdyryp, olaryň güýjini özüne çekip dogalap taşlaýar ekenler.. Köpçülikde ýa bolmasa dört-bäş adamyň ýanynda: Pylany heleýguly, heleýine baglanypdyr, heleýinden öler ýaly gorkýar'' diýilýän gürrüňleriňem aslynda şol dogaly gyzlar bolsa nätjek!?
Men öň bu zatlardan habarsyzkam, okuwdan gelşime göni diskotekalara gidip tans edýärdim. Ol ýere menden ulyrak jahyl oglanlar we ýaş gyzlar piwo, konýak içişip biri-birleri bilen tans edişip keýpden çykardylar.
Bu ýere birinji gezek gelemde buşugmak üçin hajathana gözledim. Soň diskotekadaky gara diwarly darajyk koridordan ýöräp barýarkam bir otaga hajathanadyr öýdüp sowulmarynmy? Ol otagda bir gyz bar eken. Gyz meniň gelenime begendi-de: ''Näme çykalgany gözleýäňmi?'' diýdi. Men: ''Ýok, men hajathana gitmekçi'' diýip onuň ýüzüne, ogurlykda tutulan çaga ýaly mölerilip seretdim.
Soň ol elimden tutdy-da hajathana tarap äkitdi. Men hajathanadan çykyp elimi-ýüzümi ýuwdum. Ýaňky owadanja gyz ýene meň elimden tutdy-da tans meýdança äkelip meň bilen biraz tans etdi. Soňra ol erňejigine limon ýerleşdirilen aýna bulgurda içi ukropmy, reýhanly suw getirip berdi. Men ony içdim. Gaty bir süýjüsem ýok, umuman tagamly däl. Soň ikimiz bir boş ýere ýerleşdik-de özüniň söýgüden ýanandygyny, söýgüli oglanynyň şu diskotekada taşlap başga bir gyz bilen halaşyp çykyp gidendigini aýdyp berdi. Men onuň başyndan geçenlere gynandym-da onuň adyny soradym:
- Men gürrüňlerden ýaňa seň adyňy soramandyryn!
- Meň adym Çynar!
- Näçenji ýyldygyňyzam aýdarsyňyzmy, mümkin bolsa!
- Näçä meňzeýärin!?
- Bilmedim, ýöne menden ulydygyňyz-a bilýärin! diýip men ýylgyrdym.
Ol özüniň togsan ikinji ýyldygyny aýtdy...
- Men bolsam togsan dokuzynjy ýyldygymy aýtdym.
Ol maňa ''Gowja zat ekeniň'' diýen ýaly söz oklady. Soň ýary gije ol maňa ýoldaş bolmagymy haýyş etdi. Men onuň bilen ýolboýy gürleşip gitdim. Öýlerine ýetenimizde ol maňa minnetdarlyk bildirip öýüne girip gitdi. Ertesi okuwa bardym. Sapakda bir elime ýaplanyp uklap otyryn. Yzymdaky hatarda klaşdaşym Myrat: ''Düýn nirä gitdiňäý, öýde ýok ekeniň'' diýdi. Menem ''Diskoteka'' diýdim. Ol: ''Bile gideli-dä'' diýdi. Menem kellämi atdym.
Jaň kakyldy, mugallym kitaplaryny ýygnaşdyryp ugrady. Men bolsam klasdaşlarymyň hemmesine meni diňlemeklerini haýyş edip olary klasdan çykyp gitmeklerinden alyp galdym. Kän wagt alman derrew gürrüňe başladym. Men hamala medeniýetli, äňi ýokarda mugallymlar ýaly bolup elime mel aldym-da ýumurtganyň şekilini çyzdym, soňam: ''Oglanlar-gyzlar, şu ýumurtga ördegiň ýumurtgasymy, ýa towugyň'' diýip meli ýerinde goýdum-da klasdan ylgap çykmakçy bolamda depder, ruçkalar, kitaplar depäme ýagandyr. Ýöne klasdan çykyp ýetişdim. Soň yzymdan Myrat gülüp çykdy: ''Barsyny soň üçin alyp galdyňmaý?''
Men oňa:
- Bu bir kiçeňräk hezillik pursaty-da'' diýdim.
Sapaklar gutarandan soňra men öýe baryp eşiklerimi çalşyp aşhana girdim. Ejem etli palaw etjek bolup ýaga et atypdyr. Mazaly ýaga gowrulan towuk buduny elime alyp daşaryk çykdym. Myratlara bardym, ony alyp ýene diskoteka.
Diskotekada men ony Çynar bilen tanyşdyrdym. Myrat onuň ýarym-ýalaňaç sypatyna geň galmak bilen seredýärdi. Soňra Myrat alkymyma dykylyp:
- Dost munyň dogaly gyza meňzeýär... Men bolsam ''Näme boldy?'' diýen terzde onuň ýüzüne çiňňerildim. Myrat gulagyma pyşyrdap:
- Seredärow onuň köýnegine, gözleriniň gabyklary gara, alkymy görnüp durow, ullakan içýanyň suratyny tatirowka etdirip suratyny çekdiripdir. Dyrnaklaryna seret, ösgün hem gara. Dodagynyň pomadasyna seret gap-gara, ýör dost bu ýerden gideli gowulyk däl!''
Men Myrada üns bermezligi tabşyrdym.
Soň Çynar meň bilen tansa çykdy. Onuň boýy meňkiden uzynrakdy. Özem tansy gowy edýärdi. Çynar elimden hem egnimden ýapyşyp pyrlanýardy. Tans gyzyşyberende ikimiz oturgyja geçdik. Jyn urmuş Myrat ýerinde ýokdy. Seretsem olam bir gyz bilen tans edip duran eken. Men bir bokal piwo aldym-da bir demde damagymdan goýberdim. Ikinji bokalam alyp yzyndan goýberdim. Çynar piwo içenokdy. Ol hälki bir içine reýhan dogralan çaýjagaz içýärdi. Myrada-da piwo guýup berdim olam içdi! Orta turşy limon aldym. Ýary gije Diskotekadan çykdym. Golumyň aşagyndan Çynar boýnuny geçiripdir, hamala men alkaş, olam meni ýykylmaz ýaly äkidip barýar! Myrat öýlerine sowulandan soň, Çynaryň boýnundan golumy aýyrdym:
- Sen maňa alkaşdyryn öýdýäňmi? - diýdim.
- Ýok men ýöne...
- Indi gaýdyp meň golumy boýnuňdan geçirseň...
- Näme edersiň!
- Geçiren wagtyň görersiň, näme etjegimi diýip ony ýol ugry ugratdym.
Ertesi men diskoteka gitmedim. Sebäbi bu gün dynç güni, okuwam ýok...
Öýde stol başyna geçip Şeker Hümmedowanyň ''Çingiz hanyň ýok eden kitaplary'' romany okadym.
Ertesi okuwdan çykyp gaýtjak bolanymda Myrat ýanyma gelip:
- Ýene gidelile düýnki diskoteka!'' diýdi. Men:
- Ýok, bu gün başga ýere gitjek!- diýip öýe gaýtdym. Soň ýatdym-turdum, kararym bolmady. Çynary göresim gelýärdi. Onsuz bir minudam oňup bilmeýän ýaly. Bolmasa Myratlara baryp kart oýnaýan, sadranç oýnaýan. Wagt geçenok. Soň ikimiz Sony Play station oýnamaga gitdik. Iki bolup Äpet denezawrlary öldürdik. Şonda-da men Çynaryň ýanyna gidesim gelýärdi. Bir hili magnit meni onuň ýanyna çekýän ýalydy. Soň Myrada muny aýdyp berdim ''Men Çynary göresim gelýär, onsuz durmuş maňa kyn dost. Şoň üçinem näme bu oýunlary taşlap hemişekisi ýaly Diskoteka'' - diýdim. Myradam Diskotekada tanyşyp soýüşýän gyzyny aldy-da Diskoteka gitdik. Barsam Çynar şol öňküje çüňkdäki oturgyçda otyrdy. Ol meni gapydan girenimden gördü-de ýerinden turup ökjeli şpilkasy bilen çepiksije, ysnatlar ýaly ylgap gelip gujaklan boldy. Şonda men oň ýüzüne seredip: ''Men içsem serhoş bolýanmy?'' diýdim. Ol gökden inen ýaly, agzyny eli bilen tutan bolup''Ýok, ýok!'' diýdi. Men ofissandy çagyryp ''Piwo'' diýdim-de Çynaryň öňüne geçip oturdym. Soň Myradyň söýgülisi Çynar bilen tansa çykdy:
Men Myrada:
- O gyzam seni dogalady öýdýän!'' diýip içimi tutup güldüm...
Aradan bir-iki sagat geçdi. Çynar bilen Myradyň halaşýany gelmedi. Myrat yzyna garaňjaklap tanshana seretdi-de: ''Bular näme köp eglendi'' diýdi. Men:
''Bilemok!'' diýip egnimi gysdym.
Myradyň söýüşýän gyzynyň ady Sährady.
Ýene bir sagat geçdi, Çynardanam o Sähradanam habar ýok Tanshana tarapda. Menem Myradyň egninden kakdym-da ýör diýdim. Tanshananyň daşyndan seredip durun, Çynar bilen Sähra ýok. Soň darajyk gara stenaly koridoryň içi bilen gidip barýaryn. Gapylar kän... Hajathanadanam geçdik. Darajyk koridoryň gutaran ýerinde demir gapy bar. Çeksem açylmady. Gyrasynda bir gapy deşigi bar. Bu gapynyň aňyrsynda uly zal bardy. Jyklap seretsem, gören zatlarymyň öňünde doňup galdym. On sany gara uzyn kapşonka geýinen eli şemli birnäçe adamlaryň yranyp durandygyny gördüm. Iň erbet ýerem Çynar bilen Sähranyň hem sahnanyň ortasyndaky bäş ýyldyzly çyzygyň içinde çuw-ýalaňaç çabalanyp ýatandyklaryny, görüp ögäp başladym. Soň men Myrat bilen bu ýerden çykyp gaçyp gitdim.
Soň mekdebi gutardym.
Çynar bolsa hiç ýadymdan çykanokdy. Men ony iki ýyl geçenden soň bir gün Jelephanada sataşdym. Iň erbet ýeri ol meň giren otagymdaky diwanda ýatyrdy. Şonda men ondan şol gün näme bolandygyny soradym!
Ol üýtgäpdir. Gözlerine çalynan sürmesi göz ýaşlary bilen akdy. Çynar meniň Diskoteka barmadyk günlerim Masonlara sataşypdyr. Soň Çynar bilen Sähra şol gije ruhlaryny şeýtana satypdyrlar. Sährany hem Çynar ''ýör-ýör'' diýip ahyr yryp äkidipdir. And içilen gandan içirilip Jelephana getirilendigini, iň owadan saýlama gyzlaryň şu taýda gün görýändiklerini aýdyp aglady.
Şol güni men onuň ýaňagyna şarpyk çalyp çykyp gaýtdym...
Hawa, Çynar şeýtana aşyk bolupdy!
Şeýtanyň gara palçygy ony özüne çekip sorup alypdy...





22.10.2010.

@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 11-02-2024, 14:43

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler