BAŞGA PLANETADA
Tomus...
Ýyldyzyň süýnüp giden ajaýyp gijeli günleridi.
Men ýyldyz sanap daşarda ýatyrdym. Uly ýedigen, kiçi ýedigen ýyldyzlary. Ownujak Ak maýanyň ýoly. Kiçijik bolup göze görünýän Merkuriý, Wenera, hana ol ýerde Saturn, Ýupiter...
Ýyldyzlara tomaşa edip ýatyrkam asmandaky Aýa meňzeş uçýan gapbarçanak suwda ýüzýän gämi ýaly bolup ýuwaşlyk bilen geçip gitdi. Bu gapbarçanak obamyzyň gutarýan ýerindäki Çöllüge baryp gondy.
Men ony sypdyrman onuň giden tarapyna ylgamaga başladym...
Ine aramyz otuz metre golaý araçäk...
Uçýan gapbarçanagyň gapysy açylanda ozal görmedigim ýagty yşygy görüp täsin duýgulary başdan geçirdim. Içinden ak tenli, uly gözli owlaga çalymdaş başga planetaly çykdy... Onuň kellesi uly-dy, göwresem kiçidi...
Men onuň ýanyna bardym. Ondan hiç gorkamokdym. Asla gorky diýen zat ýokdy şol wagt mende... Ýöne ony görenimde bir bada gorkmanam durmadym... Soň gorkym aýryldymy, bilemok...
Men oňa: ''Hoş geldiň'' diýip ýüzlendim.
Ol: ''Garşy alanyň üçin sag bol'' diýdi.
Meň ondan sorajak zatlarym gaty kändi, ýöne hemme sorajak zatlarymy birlikde beresim geldi:
- Sen haýsy ýyldyzdan geldiň, ýaşaýan ýeriňiz gowumy? Bu ýere näme üçin geldiň? Siwilizasiýaňyz ösen bolsa, bize-de ösmek üçin nämäni maslahat berýärsiň? Ulanýan ulagyňyzyň göze görünmezliginiň we çalt gaýyp bolup, birdenem peýda bolmaklygynyň syry näme-de..?
Dogrusy bu soraglary tiz soranymy özümem duýman galdym. Sebäbi içimde hezillige bürenen duýgularym meni halys goýanokdy. Ol gözlerimiň içine seredip: Men Teharama ýyldyzyndan geldim, Ýaşaýan dünýämiz özboluşly ajaýyp. Bu ýere barlag üçin geldim. Siwilizasiýamyz ösen diýip durmaýyn, biziňem akyl ýetirip bilmeýän gaty kän zadymyz bar, maslahatym gahar-gazapdan, goh-galmagaldan uzak dur şonda täzeçe täsin duýgular sizi gaplap alar, ýaşaýyşa başgaça seredip başlarsyň, garaýyşlaryň tämiz bolar ine şulary maslahat berýäris. Bu ulagy nädip ulanýandygymyzy, nädip göze görünmez edilýändigini öwretmek üçin intek köp wagt gerek bolar. Onsoňam bu üýtgeşik agyz dolduryp gürrüň berer ýaly zat däl welin, bu seň üçin syrly gürrüň ýaly-da'' diýip bu gaýrydünýäden gelen jandar gürrüň berdi. Ýok ol jandar däl, ýöne adamam däl, adamsypat diýip düşündiräýin...
Gaýry planetaly özi hakynda pikir edýändigimi aňşyrdymy, nämemi, ol şeý diýip gürrüňini dowam etdirmäge durdy: ''Ýogsa-da sen men hakda sorap durman özüň hakda-da bir zatlar aýdyp berermiň?'' diýdi. Men bolsam:
-Sen men hakda bilýäň ahyry, ony aýdanymyň peýdasy ýog-a...
- Dogry aýdýaň, siziň dünýäňiz hakda biz bar zady bilýäris... Siz adamlar özüňiz hakda bir zat gürrüň berilmegi soralanda, gürläp otyrkaňyz käbir zatlary düşündirip bilmän elleriňiz bilen hereket edip suratlandyryp, hemme zady bolşy ýaly gürrüň bermeýärsiňiz.
- Eýsem siz adamlar hakda hemme zady bilýän bolsaňyz, biziň geçmişimiz we geljegimiz hakda hem bilýänsiňiz...
- Geçmiş, geljek zatlaryň hemmesi birine bagly zat, ýöne özümize gerek geçmişi we geljegi görüp bilýäris...
- O nähili görüp bolýar?
- Ol kyn däl, şu wagtky pursatyňy görüp durşyň ýaly geçmişi hem geljegi görüp bilersiň. Ol seň özüňe bagly zat...
- Nädip aýdarmyň?
- Ony düşündirip durmaýyn, men yzyma dolanmakçy...
- Düşünýän däldirin...
- Sen biziň dünýämize gidip göresiň gelýärmi?
- Edil barasyma gelýär.
- Çekinýäňmi?
- Çekinemok, ýöne haçan geleris!?
- Islän wagtyň!
Men şeýdip gürrüňi orta ýolda jemläp bilmän onuň bilen gitmeli boldum. Sebäbi başga planeta baryp gelmek meniň çäksiz arzuwlarymyň biridi. Şonuň üçin men bu gapbarçanagy yzarlap ylgap gaýtdym ahyry. Şeýdip men onuň yzy bilen ýagty gapbarçanagyň gapysyndan girip gitdim. Şol ýerde men näme bolandygyny bilemok. Gözümi açsam başujymda ýaňky keseki planetaly duran eken. Men ýerimden turdum. Ol gapyny açyp öňüme düşdi.
Gapbarçanakdan daşyna çykan badyma men ondan soradym:
- Biz eýýäm gidip geldikmi?
Başga planetaly maňa seretdi-de:
- Bu biziň dünýämiz diýip baş atdy.
Men gözlerime ynanyp bilemokdym. Bu biziň ýerimiz ahyryn, başga ýere gonan bolaýmaly diýip pikir etsem, men ýalňyşýan ekenim. Myýmyk howany içime çekýärin, ýaşaýyşa bolan höwesim artýan ýaly-dy. Ine bu ýerde hemmesi birmeňzeş, özem üçekden bina edilen jaýlar bardy. Olar meni görenlerine geň galanokdylar. Öz gürrüňleri bilen başagaýdylar. Özem bir zadyň taslamasyny çyzýana meňzeşdiler. Olaryň käbiri meni görüp, aňka-taňka bolubam duranoklar. Olaryň ýüz keşpleri biri-birlerine juda meňzeş ýa-da bu meň üçin şeýle ýalydy...
Olaryň ýaşaýan jaýlarynyň depesinde atanak haç görnüşde şekillendirilen simwollar bardy. Men olaryň anten görnüşli aragatnaşyk enjamydygyny pikir edip gelýärkäm ýanymdaky başga planetaly saklandy-da: ''Bu görýän jaýyň depesindäki belgi aragatnaşyk enjamy däldir'' diýip ýene öňüne bakdy-da gidiberdi. Menem onuň yzyna düşdüm. Men içimden: ''Bu meniň hemme pikirlerimi okap gelýär, indi näme bolarka, biz nirä barýarys???'' diýip ýene göwün ýüwürden boldum...
Ýolda barýarkak başga planetaly: ''Gorýäňmi, biziň ýaşaýan dünýämiziň siziň dünýäňiziňkiden üýtgeşik ýeri ýok, bu ýeriniň hem özboluşly geçmişi we gurýan geljegi bar. Geçmişde bize diňe bir sapar howply erbetliklerden düzülen uruş bolup geçipdir. Şol uruş bu dünýäniň öz arasyndaky erbetligi ýok etmek üçin alynyp barylan howply uruş bolupdyr. Öwredişlerine görä şol erbetligi ýok etmek üçin biziň ulymyz ellerinde baryny gaýgyrmandyrlar. Birnäçe müň ýyl mundan ozal bu dünýä, ýagny biziň aramyza başga bir dünýäli gelipdir. Onuň erbet niýeti ýok bolup diňe biziň ulylarymyzyň biri bilen gürrüňdeş boljakdygyny ýaňzydypdyr. Biziňkiler onuň üýtgeşik hem geň şekilledigini görüp geňirgenipdirlerem. Soň bolsa onuň ýanyndan aýrylyp bukyda ýatyp onuň üstüne hüjüme geçipdirler. Bu pahyr biziňkileriň şeýtjegini öňünden bilen ýaly gelen ulagynda oturypdyr. Biziňkiler bolsa onuň üstünden uçýan howa gämisini, ýagny äpet tarelkany iberip ulagy çekip alýarlar. Ulagyň içindäki gaýry dünýäden gelen bilen gysgaça sowal-jogap alyşylýar. Şonda gaýry dünýäden gelen biziň ulylarymyz bilen gürleşip durandygyny aňşyrýar. Biri-birleriniň pikirlerini okap, gürleşmezden düşünişýärler... Ol gaýry dünýäli dogrusy bizden kömege mätäç bolup gelen ekeni. Olaryň dünýäsine başga bir dünýäliler hüjüm edýär eken.
Biziň ulylarymyz basylyp alynjak Dünýäniň, ýagny bu gelen gaýry dünýäliniň Planetasynyň dolandyrmasynyň açaryny getirip bermekligi sargaýar. Şol kiçiräk düşünişmeden soň bu gaýry dünýäli öz planetasyna gyssagly uçup gidýär... Şondan soň birnäçe wagt geçýär, ýaňky gaýry dünýäli ynsan dolanyp gelýär we Planetanyň dolandyrýan açaryny, gutyda getirip berýär ulylarymyzyň birine...
Ulylarymyz gutynyň nädip döredilendigini, nähili zatlaryň ýetmeýändigini şo bada bilýär we dolandyrma açaryny üýtgedip sazlap başlaýar. Bu gaýry dünýälä bolsa şeýle diýýär: ''Bu açary düzgüne salyp sazlamalarda ýetmezçilikler bar, üst-üstesine-de bu ýalňyş bejerilipdir. Muny aslynda gurnan kim?'' diýip soranda gaýry dünýäli ''Biziň ulylarymyzyň biri'' diýip jogap berýär...
Biziň ulymyz oňa şeý diýýär: ''Bu açary sazlamak we düzetmek, hem gurnamak üçin bir az wagt gerek bolar'' diýeninde bu gaýry dünýäli ''Näçeräk wagtlyk işi bolar? Ýöne biziň dünýämiz, eýýäm ýok boljak bolup dur, gyssanyň ahyry..!'' diýip elini ýüzüne tutýar. Biziň ulymyz açary düzetmäge girişýär. Ýöne eýýäm giçdi. Biziň demirgazyk tarapymyzda gulagyňy deşip, ýüregiňi elendirip gelýän partlama emele gelýär. Hawa, bu partlama Özboluşly planetanyň partlamasy bolupdyr. Şol görgüli gaýry dünýäli başga planetalynyň Dünýäsi ýok bolýar...
Olaryň planetasyny ýok eden erbet niýetli ynsanlar biziňem planetamyza howp salmaga başlapdyrlar. Ýöne biziň ulylarymyz olaryň hemmesini diýen ýaly gyrgyna berip bir az mukdardaky erbetleriň perzentlerini başga bir howpsuz planeta äkidip ýerleşdirip gaýdypdyr. Birnäçe wagtdan soň olar ýene siwilizasiýalaşyp ýanyndaky planetalara uçuş edip howp salmaga başlaýarlar. Aslynda olary, ýagny erbet niýetlileriň perzentlerini howpsuz planeta äkidip biziň ulymyz ýalňyşlyk goýberipdir. Olaryň hemmesini düýp-teýkary bilen ýok etmelidi welin düşen günlerine gynanypdyr we daş planetalaryň birine äkidip gaýdypdyr. Dolandyrmagy hem öz eline alypdyr. Ýöne birnäçe wagtdan ýaňky ulymyzyň ajaly ýetip dünýeden ötüpdir....''
- Şu birnäçe wagt diýýäniň nähili wagt bolýar?
- Birnäçe wagt diýýänim siziň gün ýörediş wagtyňyzdaky 1-2 aý ýa-da 100-200 ýyl aralygyndaky wagt hasaby...
Men onuň bu hasabyna geň galdym. Ol gürrüňini dowam etdirdi:
- Hawa şeýdip dolandyrylmadan galan Erbet niýetliler töweregine howp salyp başlanlarynda siziňem deňäňizden sowulyp geçmändirler. Siziňem Dünýäňize baryp ýetýärler!?''
Men onuň bu gürrüň berip oturan zatlaryny diňlemegimi dowam etdirdim...
Siziň içiňizde ýaşap geçen Epikur şeý diýipdir-ä: ''Taňry ýa-ha etbetlikleri dep etmek isleýär, ýöne güýji ýetenok, ýa-da güýji ýetýär-de emma ol muny beýtmek islänok, ýa-da ol muny ne isleýär, ne-de muňa güýji ýetýär, ýa-da hem-ä isleýär, hemem güýji ýetýär. Eger muny isläp, güýji ýetmeýän bolsa, diýmek ol güýçsiz bolmaly, bu bolsa Taňra mahsus zat däl, eger güýji ýetip, düzetmek islemeýän bolsa, ol erbet niýetlidir, bulam edil ýaňky ýaly Taňra mahsus gylyklar bilen bir ýere sygyşjak zat däl, eger ne isläp, ne-de güýji ýetýän bolsa, ol hem-ä erbet niýetli, hemem güýçsizdir, bu ýagdaýda ol eýýäm Taňry däldir, eger hem isläp hemem güýji ýetýän bolsa bu eýýäm Taňra ýaraşýan häsiýetdir. Şeýle bolýan bolsa erbetlik haýsy (ýerden), nireden gelip çykýar, ýa-da Taňry neçüýn olary başymyzdan sowanok?'' diýip aýylganç soragy keserdip goýupdyr.
Aslynda şular ýaly düşünjeler şol erbet dünýädäkileriň Ýere birnäçe müň ýyldan bäri gelip ornaşan wagtlaryndan soň döräp başlaýar... Şol erbet niýetliler siziň dünýäňize aralaşanlarynda Taňry Ýere ilçilerini iberipdir.
Elbetde bu erbetligi aradan aýyrmak üçin Taňrynyň gurnan sistemasydy. Bolmasa Erbetlikden ýaňa Epikur şol sözleri hiç hakydasyna getirip bilmezdi....
Gaýry planetaly maňa öz ýaşaýan jaýyny görkezdi. Men ondan köp düşünmeýän zatlarymy soraýardym.
Bu gaýry planetaly meni uly jaýa getirdi. Içinde geçmişiň bellikleri galdyrylan tekçeleri bardy. Men pikir edýärin bu ýeri bir kitaphana... Ol maňa:
- Ine sen şu ýerde terjimeçi arkaly hemme bolup geçen zatlary öwrenip bilersiň...- diýdi-de öýüne tarap ýola rowana boldy. Men gapyny ýapyp bir başyndan tekçelerdäki kitaplary okap başladym...
Bu kitaplary okap bir ýyllap bärde wagtymy sarp etdim... Integem doly okap çykyp bilemok. Ýöne şu wagta çenli okap bolanyma bir ýyl geçdi. Kitaplardaky ýazgylar terjime arkaly okap düşünse bolýardy.
Bir günem ýaňky gaýry planetaly gyssanmaç kitaphana geldi-de gapyny açyp maňa:
- Howlukmagyň gerek, Dünýä erbetler aralaşýar!
Men ylgap Gapbarçanaga mündim. Gözümi ýumdum. Gözümi açsam çöllük meýdan. Garagum...
Ýerimden turşym-a şähere tarap gyssagly yglamaga başladym. Habar beriş ulgamyna ýetişmeli. Özem gaty gyssagly. Muny hemme kişä habar bermeli! Hemmelere aýtmaly....
Awgust. 2008 ý.
Çarymuhammet SUGTYÝEW
Başga planetada
Edebiýat,
JackSparro
tarapyndan
12-02-2024, 00:07