ATA GOWŞUDOW
/1903-1953/
Görnükli türkmen ýazyjysy Ata Gowşudow 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda (şol wagtky Büzmeýin obasynda) dogulýar. Ol 1920-nji ýylda oba mekdebini tamamlansoň, Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda we sowet-partiýa mekdebinde okaýar. 1922-nji ýylda Moskwa şäherindäki Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetine okuwa girýär. A. Gowşudow 1924-nji ýylda Türkmenistana gelensoň ''Ýaş Kommunist'', ''Sowet Türkmenistany'' gazetlerinde, medeniýet, bilim we ylym edaralarynda işleýär.
A. Gowşudow döredijilik işine ilki goşgulardyr pýesalar ýazmakdan başlaýar. Ol 1930-njy ýyllarda ''Ýolumy düzetdim'', ''Azaşan yzyny tapdy'', ''Garryny ýigdelden guwanç'' ýaly birnäçe hekaýalaryny, ''Watan ogly'' powesti ýaly ilkinji eserlerini döredýär.
Ýazyjy türkmen dramaturgiýasynyň we teatr sungatynyň ösmegine hem mynasyp goşant goşýar. Ol ''Zakaspi fronty'' (''Gyzyl puluň gullary''), ''Ganly jeňňel'', ''Juma'', ''Görogly'' atly pýesalaryny ýazýar.
A. Gowşudowyň ''Gandym awçynyň maşgalasy'', ''Gajar aga'' hekaýalary, ''Dordepel'' powesti halk tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Onuň ''Mähri-Wepa'', ''Köpetdagyň eteginde'' we ''Perman'' romanlary türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant boldy.
Ýazyjy köp sanly ajaýyp çeper eserleri döretmek bilen birlikde, türkmen halk döredijiligi bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Onuň ejesi Ogulgerek eje tanymal ertekiçi we halk döredijiligini ökde bilýän aýal bolupdyr. Geljekki ýazyjyda çeper edebiýata we halk döredijiligine söýgi döremeginde ejesiniň täsiri uly bolupdyr. A. Gowşudowyň hüwdüleriň, monjugatdylaryň, läleleriň, ertekileriň, şonuň ýaly-da ''Gorogly'' eposynyň toplanyp, kitap edilip halka ýetirilmeginde hyzmatlary ulydyr.
Türkmen edebiýatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary we miras galdyran gymmatly çeper eserleri üçin Ata Gowşudowa 1992-nji ýylda ''Türkmenistanyň halk ýazyjysy'' ady dakylýar.
Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA
Ata Gowşudow
Täzelikler,
JackSparro
tarapyndan
13-02-2024, 03:56