Şu zamanyň içinde, ylymda, iýip-içmede herkim biri-birinden owadan geýjek bolýan zamanynda, herkim biri-birinden gowydan-gowy iýjek bolýan zamanynda, ukyny herkim gowy aljak bolýan zamanynda, ylym we hemme zat öňe düşen zamanynda näme üçin dogan dogandan bizar bolup barýar? Ylym öňe süýşüpdir diýip hemmämiz agzymyzy dolduryp gürleýäs. Ýöne näme üçin günbe-gün dogan-dogandan aýrylyşyp barýar? Eý ynsanlar! Näme üçin günbe gün ýüreklerden muhabbet aýrylyp barýar onda? Näme diýip ýüreklerden sabyr aýrylyp barýar? Hemme kişi darykýan zamany bolupdyr. Öýüne girse howsala bolýar. Daşaryk çyksa içerik giresi gelýär. Kimiň gürrüňi şul, elbetde hemmämiziň gürrüňimiz. Her haýsymyzyň durmuşymyzda hökman bir mesele bar. Hany bul ylymyň öňe süýşenligi. Ýaşulyrak adam, şäheriň, obaň men diýip ýören türkmeniň adamsy ogrynça gelip hork-hork aglaýa we agamjan näme boldy diýsem, inimjan 15 ýyl bäri doganlam bilen saçagyň başynda oturyşyp bilemok men diýýä. Näme sebäp şu zatlara? Ynsanlar! Rownakyl Islamda hezreti Wepaýy yslamyň esasy 7 sany wajybyny aýdýar. Şoň ýedilenjisi:"Biri haýr kylmak zewil-erhamyna" diýýär. Bu näme diýdigi? Bul dogan garyndaşlaň bilen gowy gatnaşygy saklamaklyk diýdigidir. Ýöne bu zamanda dogan iniden, ini agadan bizar. Muňa näme sebäp bilýäňizmi? Haýsy biriňiz aýdyp biljek sebäbini? Herkimiň arasyna bir tow düşýä. Kimsine ýer dawwa, kimsi aýalynyň gepi bilen, kimsiniňki miras-tereke. Garaz ar namysly türkmenlemmizä ýok diýen ýaly. Gürletseňem men pylan hili türkmen, men pylan pysmydan türkmen diýilýä. Ýöne bigadyrlykdan başga hiçbirzadam däldir.
File engine/modules/thanks.php not found.Döwrüň meselesi.
Täzelikler,
Hemedany
tarapyndan
14-02-2024, 00:22