ATA DURDYÝEW
/1923-2003/

Ata Durdyýew 1923-nji ýylda Aşgabat şäheriniň etegindäki obalaryň birinde dogulýar. Ol ilki öz obasyndaky mekdepde, soňra Aşgabadyň Maliýe tehnikumynda bäş ýyllap okaýar. 1939-njy ýylda Aşgabadyň Mugallymçylyk institutynyň taryh bölümine okuwa girýär. Geljekgi ýazyjy instituty 1942-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şol döwürde Beýik Watançylyk urşy dowam edýärdi. Ýurda harby hünärmenler zerurdy. Şu sebäpli A. Durdyýew Orlowskidäki Harby mekdebe okuwa iberilýär. Ol Harby mekdebi tamamlap, leýtenanty harby derejesine eýe bolýar we Mergençilik mekdebine serkerde edilip bellenýär. A. Durdyýew bu ýerde iki ýyllap işlänsoň, 1944-nji ýylda fronta gidýär.
A. Durdyýew uruşdan dolanyp gelensoň, ''Ýaş Kommunist'' gazetinde işläp başlaýar. Ol bu gazetde dürli wezipelerde işlän ýyllarynda çeper döredijilik işi bilen hem meşgullanyp ugraýar. A. Durdyýew 1952-nji ýyldan Okuw pedagogik neşirýatynda işleýär.
Ýazyjynyň ilkinji hekaýalary geçen asyryň ellinji ýyllarynda ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda neşir edilip başlanýar. Onuň dürli ýyllarda ''Front hekaýalary'', ''Dur kimsiň?!'', ''Üç ädim'', ''Harby syr'', Daň saz berende'', ''Şahan'',''Keýmir kör'', ''Ýa pelek'' diýen birnäçe kitaplary çap edilip, okyjylara ýetirilýär. Bu eserleriň köpüsinde uruş wakalary açylyp görkezilýär. Olarda Watan goramakda görkezilen edermenlikler beýan edilýär.
A. Durdyýewiň taryhy temada ýazylan ''Keýmir kör'' eseri onuň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Ýazyjy türkmen halkynyň gahryman serkerde ogly barada ilki powest döredipdi. Ol Garaşsyzlykdan soňra, bu powesti esasynda ''Keýmir kör'' romanyny döredýär. Roman 1995-nji ýylda neşir edilip, halkymyza ýetirilýär. Ýazyjy romany döretmekde taryhy maglumatlara we rowaýatlara daýanypdyr. Ol Keýmir kör hakynda dogruçyl, türkmen halkynyň taryhyna laýyk gelýän çeper eser diýlip kabul edildi.
A. Durdyýewiň döreden we halkymyza miras goýan kyssa eserleri türkmen edebiýatynyň taryhynda mynasyp orna eýedir. Olar okyjylaryň watançylyk duýgularyny ösdürmekde, milli taryhymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir.








Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 14-02-2024, 08:25

  • Medetli Medetli off № 1 19 февраля 2024 22:47
    Gowy maglumat
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 2 19 февраля 2024 23:07

    rast aýdýaň!

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler