ATA SALYH

Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda eneden bolýar.
Kiçijik Ata üç ýaşynyň içinde mama keseli zerarly görmekden galýar. Ol ýaşlykdan şorta sözleri, rowaýatlary, ertekileri, dessanlary diňlemegi gowy görüpdir. Bu bolsa Atada edebiýata bolan höwesi oýarypdyr.
Ata Salyh goşgulary, basnýalary miras goýan şahyrdyr. Onuň ''Ýolbars we Tilki'', ''Şagal bilen Horaz'' basnýalary, ''Türkmenistan'', ''Bizde bar'', ''Üstünlikden-üstünlige'' ýaly goşgulary Watan, zähmet hakyndaky kämil eserlerdir. Şahyr 40 ýyldan-da gowrak edebiýata hyzmat edip, öz edebi mirasyny ýadygär galdyrdy.

ÝOLBARS WE TILKI
(Basnýa)

Gadym eýýamda bir Tilki bar eken,
Gapyrgasy sanaýmaly hor eken.

Tokaýda bir Ýolbars durupdyr oňa,
Diýipdir: ''Ýeri, dost, näme bolýar saňa?''

Tilki hem Ýolbarsyň golaýna baryp,
Guýrugyny bulap, boýnuny burup,

Diýipdir: ''Gulak sak, ynha men şeýle
Agyr hala düşdüm, bir kömek eýle!

Näme işlejegim bilip bilemok,
Lagar düşdüm, awum alyp bilemok''

Diýende, Ýolbarsyň rehimi geldi,
Wadalaşdy, kömek etmekçi boldy.

Bular bir güzere baryp ýetdiler,
Gizliginje ýerde bukup ýatdylar.

Suw içmäge geldi bir süri gulan,
Ýolbars Tilkä diýdi ýuwaşlyk bilen:

''Gözüm gyzardymy, hany, bir seret!''
''Hawa!'' diýip, Tilki etdi yşarat.

Ýolbars gazaplanyp, ýapyrlyp eňdi,
Baryp bir gulanyň üstüne zyňdy...

Sergi bolup ýatyr gulanyň eti,
Tilki bu boluşa şatlandy gaty.

Jany sag, wagty hoş, keýpi kök Tilki,
Gulanyň etinden garny dok Tilki

Birnäçe gün iýdi-içdi, semredi,
Öz ýanyndan ony-muny samrady.

Diýdi: ''Men güýçlenip, ýolbars dek boldum,
Gulan awlamagyň tärini bildim.

Ýoldaşlarmyň arasyna baraýyn,
Olar bilen gürrüňleşip göreýin''

Diýip, gür tokaýa sümdi-de gitdi,
Tilkileriň bolýan ýerine ýetdi.

Hor Tilkiniň semränini gördüler,
Daşyna ýygnanşyp, sowal berdiler:

''Biz seni ýitirdik, nirede bolduň,
Haýsy çölden, haýsy tokaýdan geldiň?''

Ýaňky Tilki derrew başlady söze,
Diýdi: ''Gulak salyň, aýdaýyn size.

Dostlar, men bu günler gulan tutýaryn,
Gaçanyn gutarman, kowup ýetýärin.

Ynam etmeseňiz sözüme meniň,
Görkezeýin, düşüň, yzyma meniň!''

Diýip tilkileriň düşdi öňüne,
Okyjylam gulak salyň soňuna.

Tirkeşip bardylar hälki güzere,
Derrew bukuldylar, ýapyrlyp ýere.

Topar-topar bolup geldi gulanlar.
Suw başynda peýda boldy gulanlar.

''Batyr'' Tilki uzak ýatyp bilmedi,
Işiň soňun asla ýada salmady.

Hasyrdap ýerinden turdy dessine,
Baryp zyňdy bir gulanyň üstüne.

Gulan toýnak saldy, maňlaýna degdi,
''Waý, öldüm!'' diýdi-de, başyny egdi.

Üsti başy boýaldy öz ganyndan,
''Batyr tilki umyt üzdi janyndan.

Aýagyny kakyp, ýatyr titiräp,
Ýoldaşlarnyň bary gitdi pytyrap.

***

Her kim öz hetdinden daşary gitse,
Ýüzün göge tutup, men-menlik etse,

Abraýdan düşer, masgara bolar,
Ýaňky Tilkiň güni başyna geler.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 14-02-2024, 08:27

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler