Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdüň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine, doňup durun yzyňdan garap
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.
Gidip barýaň,
çaşyp barýar akylym
(Bu nähili ýowuz duýgy, Hudaýym?!),
Erteki deý söýgiň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.
Gidip barýaň,
umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin.
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.
Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn: “Kysmatdyr maňlaýa gelen.”
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.
Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda
Köp garaşdym, köp garaşdym... gelmediň.
“Günäm ýok” diýjekdim,
“Gitme” diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.
✏Seýitmyrat GELDIÝEW
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim...
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
16-02-2024, 09:29