ZEMIN JÜMMÜŞINE SYÝAHAT
Üçünji bap
- Munuň run ýazuwydygy düşnükli - diýip, professor ýüzüni kürşertdi. - Ýöne men her edip-hesir edip onuň syryny açaryn, ýogsa-da...
Ol ýimrugyny stola gütledip urmak bilen pikirini jemledi.
- Stoluň başyna geç - diýip, ol sözüni dowam etdi. - Otur-da, ýazyp başla.
Göz açyp ýumasy salymda ýazmaga häzir boldum.
- Bu island belgilerine gabat gelýän elipbiýimiziň harplaryny aýdaryn, senem ýazarsyň. Hany göreli, mundan näme çykjagyny. Ýöne Gudraty Güýçliniň hatyrasyna, ýekeje ýalňyş goýbermän ýazgyn!
Ol harplary aýdyp başlady. Menem ýalňyşman ýazjak bolup, elimden gelenini etdim. Ol bir harpy aýdýardy, soň beýlekisini, şeýdip düşnüksiz sözlerden ybarat bolan jedwel emele geldi:
m. rnlls. esreuel. seecJde
sgtssmf. unteief. niedrke
kt, samn. atrateS. Saodrrn
emtnael. nuaect rrilSa
Atvaar. nscrc ieaabs
ccdrmi. eeutul frantu
dt, iac. oseibo. Kediil
Ýazyp bolan dessime, daýym kagyzy elimden garbap aldy-da, ony dykgat bilen öwrendi.
- Be-e, bu nämäni aňladýarka?-diýip, ol içki pikirini daşyna çykardy.
Dogrymy aýtsam, men onuň bu sowalyna näme jogap berjegimem bilemokdym. Ýöne ol muny menden soranokdy-da, öz-özi bilen gepleşýärdi.
- Bu biziň gizlin şertlibelgi diýip atlandyrýanymyz - diýip, ol daşyndan pikir ýöretmesini dowam etdi. - Ýazylan zatlaryň mazmuny tertipsiz goýlan harplary zerur bolan yzygiderlilikde goýup bolsady, onda olar düşnükli sözlemi emele getirerdi. Meniň pikiriçe, bu hatda haýsydyr bir beýik açyşyň düşündirişi bar ýa-da ol şeýle açyşy görkezýär.
Men bolsa öz ýanymdan, bu hatda düýbünden alga alarlyk zat ýok diýip pikir etdim, ýöne pikirimi daşyma çykarmaga çekindim. Onýança professor kitaby hem-de hamkagyzy eline alyp deňeşdirmäge başlady:
- Ýazgylary bir adam ýazmandyr. Gizlin şertli belgili hat kitaba görä has soň ýazylypdyr, munuň subutnamasy dessine gözüme ildi. Hakykatdanam, gizlin hatdaky ''ikileýin M'' Turlesonuň kitabynda gabat gelmeýär, çünki ol Island elipbiýine diňe on dördünji asyrda girizildi. Şeýlelikde, manuskript bilen hamkagyzda ýazylan resminamanyň arasynda iň bolmanda, iki ýüz ýyllyk tapawut bar.
Onuň pikir ýöredişi göwnüme jüňk boldy.
- Bu bolsa meni şeýle pikire iterýä - diýip, daýym sözüni dowam etdi. - Syrly hat bu kitabyň eýeleriniň biri tarapyndan ýazylan bolmaly. Ýöne, eýesiz galmyş diýsäni, kitabyň eýesi kimkä? Ol golýazmanyň haýsam bolsa bir sahypasyna adyny ýazmadymyka?
Daýym äýnegini galdyrdy-da, güýçli ulaldyjy lupany alyp, kitabyň ilkinji sahypalaryna dykgat bilen ser saldy. Ikinji sahypanyň arka tarapynda ol syýa tegmiline meňzeş gara meneginiň bardygyny gördi. Bu tegmile siňe seretseň, pozulaňkyrlan belgileriň birnäçesini saýgarmak bolýardy. Daýym kitabyň hut şu ýerinde has hem dykgatly seretmelidigini aňdy hem-de ony yhlas bilen hasam siňňitli synlamaga başlady. Ol köp çytraşansoň, ahyrsoňy lupanyň kömegi bilen aşakdaky run ýazuwyny gördi-de, ony hiç hili kynçylyksyz okady:
- Arne Saknussem! - diýip, ol dabara bilen gygyrdy. - Bu biriniň ady ahbeti, özem island ady. Ol on altynjy ýüzýyllygyň alymyna, meşhur alhimige (Alhimik - ylmy himiýadan öň bolup geçen mistiki taglymat bolan alhimiýa bilen meşgullanýan adam) degişli!
Men daýyma buýsanç bilen seretdim.
- Alhimikler Awisenna, Bekon, Lýul, Parasels dagy öz ýaşan eýýamlarynyň ýeke-täk, hakyky alymlary bolupdyrlar - diýip, ol sözüni dowam etdi. - Olar bizi häzirem haýran galdyrýan açyşlary edipdirler. Saknussemiň şu gizlin şertlibelginiň kömegi bilen haýsy hem bolsa bir beýik açyşy gizlemegi mümkin dälmi, eýse? Ol şeýle bolaýmaly! Asyl, ol şeýledirem!
Bu ylmy çaklama professoryň hyýal guşuny al-asmana uçurdy.
- Bolup biläýjek ýagdaý - diýip, men ýüregimi bire baglap, oňa jogap berdim. - Ýöne ol alyma özüniň şeýle täsin açyşyny gizlin saklamak nämä gerek bolduka?
- Nämä gerek diýýäňmi? Men nä bileýin, nämä gerekdigini! Galileý Saturny açanda şeýtmedimi, näme? Onsoňam nämäniň-nämedigini entek görübereris. Bu hatyň syryny eýdip-beýdip açaryn. Bu syry açýanam bolsa iýmän-içmän, ýatman-turman, ýöne hatyň manysyna göz ýetirerin.
''Ýeri bakaly, ýene näme!'' diýip, öz ýanymdan pikir etdim.
- Aksel, ikiňizem iýip-içmeris, ýöne syry açarys! - diýip, ol sözüni dowam etdi.
''Eýesiz galmyş! Iki adamlyk iýenim gowy bolaýypdyr!'' diýip içimi gepletdim.
- Ilki bilen, şertlibelginiň açaryny tapmaly - diýip, şaýym tekrarlady. - Muny tapsa bolar.
Onuň bu sözlerini eşidip, başymy galdyrdym. Şaýym öz-özi bilen gürleşmegini dowam edýärdi.
- Bu itiň aňsady! Hatda bir ýüz otuz iki harp bar. Olaryň ýetmiş dokuzy çekimsiz, elli üçüsi bolsa çekimli. Günorta dillerinde çekimli bilen çekimsiziň gatnaşygy, takmynan, şuňa kybapdaşrak gelýär. Şonuň bilen birlikde hem demirgazyk halkyýetleriniň dili çekimsizlere has baý. Şeýlelikde, biz günorta dilleriniň haýsy hem bolsa biri bilen iş salyşýarys.
Onuň çykarýan netijeleri gaty dogrudy.
- Ýöne bu haýsy dil? - diýip, daýym pikir ýöretmesini dowam etdi. - Saknussem alym adam bolupdyr. Şonuň üçin hem ol öz dilinde ýazanokmy, diýmek, ol on altynjy asyryň ylym-bilimden ýüki ýetik alymlarynyň arasynda umumy kabul edilen dilde, ýagny latyn dilinde ýazýar. Eger-de bu pikiriň ýalňyş bolaýsa, onda ispan, fransuz, grek, jöhit dillerini hem barlap görmeli bolar. Ýöne on altynjy asyryň alymlary, adatça, latynça ýazypdyrlar. Şeýlelikde, hat latynça ýazylypdyr diýip hasap etmeli hem-de latyn diline ýykgyn etmeli.
Men oturan ýerimden tarsa galdym. Latyn dilini öwrenýän alym hökmünde bu tagaşyksyz belgileriň Wergiliniň (Wergiliý MaRo Publiý b.e.öň 70-19-njy ýyllarda ýaşap geçen rim şahyry) goşgularyny ýazan şirin diline degişli bolmagynyň mümkindigi çetime degdi.
- Hawa, latynça - diýip, daýym sözüni dowam etdi. - Ýöne bulam-bujar edilen latynça.
''Hop, ýagşy!'' diýip, öz ýanymdan pikir etdim. ''Hormatly daýyjygym, sen şu çoşgardan baş alyp çykaýsa, onda seni duranja bir tokga zehin, akylyň öýjügi diýip hasaplaryn!''
- Hany, gowuja synlalyň - diýip, ol ýazan sahypamy eline aldy. - Ynha, bir ýüz otuz iki harpdan ybarat bolan hatlar, özi hem bulam-bujar edilip goýlupdyr. Käbir sözlerde diňe çekimsiz harplar bar, ynha, mysal üçin, birinji söz ''mrnlls'', beýleki sözlerde bolsa ýaňkyň tersine, çekimli harplar agdyklyk edýär, meselem, bäşinji söz ''unteief'' ýa-da iň soňkyň öň ýanyndaky söz ''oseibo''. Harplaryň şeýle toparlanmagy ýöne ýere däl bolsa gerek, ol matematika boýunça, bize näbelli bolan iki ululygyň özara gatnaşygy netijesinde düzülipdir, şol hem bu harplaryň yzygiderliligini kesgitläpdir. Ilkibaşda sözlem dogry ýazylan bolmaly, muňa hiç hili şek-şübhe ýok, ýöne soňra haýsydyr bir ýörelge boýunça sözlem özgerişlige sezewar edilipdir. Şol ýörelgäni tapmak gerek. Bu şertlibelgileriň açary şol ýörelgede. Şertlibelgileriň açaryna eýe bolan adam bu sözleri hiç hili emgençsiz okar. Ýöne ol açar nähili açar? Aksel, sen onuň nähili açardygyny bileňokmy?
Onuň bu sözüne jogap bermedim, onuňam özüne ýetik sebäbi bardy. Bazaryň diwardan asylgy duran owadan surata - Gretheniň suratyna gönügipdi. Daýymyň ulaldyp kemala getiren bu gözel gyzy häzir Alton şäherindäki garyndaşlarynyňkydady, men hem onuň ýoklugynyň zaryny çekýärdim. Ony göresim gelýärdi. Gowusy, men bir syry açaýyn - professoryň gyzlyga alnan naşyja gyzy bilen ýegeni arassa nemes salykatlylygyny saklap, ömürbaky wepalylyk bilen bir-biregi söýýärdi. Biz birek-birege ebedi wepaly boljakdygymyza kasam hem edipdik, daýymyň mundan habary ýokdy. Ol ylma on iki süňňi bilen berlensoň, beýle-beýle duýgulara düşünerden gaty daşdady. Grethen saryýagyzdan, mawy gözli owadan gyzdy, tutanýerli häsiýeti bardy, akyl-paýhasdan ýüki ýetikdi. Ýöne bu häsiýetleri üçin onuň maňa bolan söýgüsi asla egsilmeýärdi, çünki onda ulumsylykdan nam-nyşan ýokdy. Özüm barada aýdanymda bolsa, men ony juda söýýärdim, ýöne nätjek, kalbymdaky bu duýgyny aňladyp biljek söz gadymy german dilinde ýokmukan diýýän. Ýaşajyk firland gözelimiň keşbi, meni häzirki duran ýerimden arzuw - hyýalyň dünýäsine alyp gitdi.
Men agyr-ýeňil günümi deň paýlaşýan wepadarym hakda oýa batdym. Ol daýymyň gymmatbahaly daşlarynyň ýygyndysyny tertipleşdirmäge maňa her gün kömek berýärdi. Onuň bilen bilelikde minerallara ady, häsiýeti ýazylan kagyzjyklary ýelmärdik. Grethen mineralogiýadan gaty zehinlidi, alymlary dagy gürledenokdam. Ol ylmyň jümmüşine çuňňur aralaşmaga höwesekdi. Bile okap, öwrenip biz, gör, näçe bagtly sagatlary geçirendiris! Onuň enaýyja barmajyklarynyň degen sowuk daşlaryna men, gör, näçe sapar gözigidijilik bilen garapdym!
Minerallary tertibe salyşdyramyzsoň, iki bolup gür baglyga bürenip oturan Alseriň syýaly ýanýodajyklary bilen gadymy degirmene tarap giderdik. Kölüň aýagujyndaky ol ýer diýseň gözeldi. Ýolda el tutuşyp barşymyza, baý, ýaňrardyg-a, oňa her hili gülküli wakalary gürrüň bererdim, olam hezil edip gülerdi. Ýoda bizi Elbanyň kenaryna getirýärdi. Ol ýerde bolsa ak kueşinkalaryň (tegelek ýaprakly, ullakan ak gülli suw ösümligi) arasynda erkana ýüzüşip ýören guwlar bilen hoşlaşyp, gämä münerdik-de öýümize dolanardyk.
Hyýalym meni kenarýaka eltende, daýym ýumrugy bilen stoly gütledip, süýji arzuwlarymdan häzirki wagta sogrup aldy. Ol:
- Hany göreli! - diýip, pikir ýöretmesini dowam etdi. - Sözlemiň manysyny gizlemeli bolsa, ilki bilen, sözlemi setir boýunça ýazman, dikligine ýazmak kelläme gelerkä! Aksel, hany, şu depderiň sahypasyna haýsydyr bir sözlemi ýaz, ýöne harplary setir boýunça keseligine däl-de, olary şol yzygiderlilikde dikligine ýaz. Her sütünde hem bäş-alty sany harp bolsun.
Özüme buýrulan işe dessine düşündim-de, ýokardan aşaklygyna şeýle sözleri ýazdym.
MiünrhGn
etrsirr!
nüeönie
sýký,bir
esdýmah
nýeääne
- Hop, ýagşy! - diýip, professor ýazanlarymy okamazdan maňa ýene ýumuş buýurdy. - Indi dikligine ýazan harplaryňy setir boýunça yzygiderlilikde ýaz.
Men onuň diýşi ýaly edip ýazdym weli, aşakdaky düşnüksiz sözlem emele geldi:
MiünrhGn etrsirr! nüeönie sýký,bt esdýmah nýeääne!
- Gaty gowy! - diýip, daýym elimdäki ýazgyny çekip aldy. - Ynha bu biziň gadymy ýazgymyzdaky hata meňzeýär. Çekimlidir çekimsizler bulam-bujar bolup gelýär, hatda sözlem baş harp bilenem başlanok, otur bolsa sözüň ortasyna düşýär, edil Saknussemiň hamkagyzyndaky ýaly!
Onuň aýdýanlarynyň jany bardy, ylalaşmazlyk mümkin däldi.
- Indi bolsa ýazanyňy okajak bolaly - diýip, daýym gözüme dikanlap maňa ýüzlendi-de, sözüni dowam etdi. - Ýazan zadyň maňa düýbünden näbelli, ýöne ony okamak üçin her sözüň ilki bilen birinji harplaryny, soňra ikinji, soň üçünji harplaryny birikdirmek ýeterlik, soňky harplaram şeýle yzygiderlilikde goşmaly. Onsoňam daýym meni geň galdyryp, ýazanlarymy aňsatlyk bilen okady:
Men seni tüýs ýürekden söýýärin mähriban Grethen!
Okansoň ýazylan sözleme daýymyň özi hem geň galdy.
Ol:
- Oh-ho, görle muny! - diýip, başyny ýaýkady.
''Wah'' söýgüden aklyny ýitiren akmak oglanjyk'' diýip, öz ýanymdan özüme, baý, igendim-ä, ýöne giçdi. Asyl, oýlanmazdan öz syrymy özüm açyp goýbersem nätjek!
- Şeý diýseňem!.. Diýmek, sen Gretheni söýýäň-dä? - diýip, daýym hak hossaryň äheňi bilen sorady.
- Hawa... Ýok... Neme... - diýip sakawladym.
- Diýmek, sen Gretheni söýýäň-dä! - diýip, daýym biygtyýar gaýtalady. - Ýeri bolýa, indi bu usulymy gadymy hatymyzda hem ulanyp göreli.
Şeýle diýdi-de, daýym ýene-de özüniň küý-köçesini eýelän pikirine gümra boldy. Ol meniň oýlanmazdan açan gizlin syrymy hem unutdy. ''Oýlanmazdan'' diýip nygtamagym ýöne ýerden däl, çünki ol sözler üçin daýymdan mazalyja kötek iýmegimem ahmaldy. Sebäbi daýymyň munuň ýaly ýürekden çykýan duýgulara düşünjek gümany ýokdy. Bagtyma, gadymy hata bolan gyzyklanmasy, oňa başga zatlary unutdyrdy. Professor Lidenbrok özüniň aýgytly tejribesini geçirjek bolanda, onuň gözleri äýneginiň aňyrsyndan uçganaklap duran ýaly göründi. Ol sandyraýan barmaklary bilen gadymy hamkagyzy eline aldy. Onuň tolgunaýşyny diýsene, asyl, bu görlen däldi. Ahyrsoňy daýym gaty-gaty ardynjyrap, bokurdagyny mazaly arçady-da dabaraly ses bilen maňa her sözüň ilki birinji, soň ikinji, soň ondan yzda gelýän harplaryny heçjikläp aýdyp başlady, men hem olary şol tertipde ýazdym. Şonda, ine, şeýle sözler emele geldi:
mmessunkaSenrA. icefdoK. segnittamurtn ecertserrette, rotaivsadua, ednecsedsadn lacartnϊϊiluJsiratracSarbmutabiledmek meretarcsilucoisleffenSni
Boýnuna alaýyn, ýazyp otyrkam ýalňyşaryn öýdüp gaty tolgunýardym, yzly-yzyna aýdylýan bu harplardan hiç hili many çykaryp bilemokdym, diňe sabyrsyzlyk bilen daýymyň agzyndan gaçjak latyn dilindäki dabaraly sözlere garaşýardym.
Ýöne edil beýle boljagyna garaşan beri barmykan? Daýymyň ýumrugy stoly sarsdyrdy. Syýadandaky syýa syçrap gitdi, tisginip elimdäki syýagalamy gaçyrdym.
- Bolanok, asla bolanok! - diýip, şaýym gygyrdy. - Ýene-de manysyz warsaky emele geldi! Ol iş otagyndan ol ýaly atylyp çykdy-da, basgançakdan sil suwy ýaly aşaklygyna eňdi, Şalyk köçesine çykyp, aýagaldygyna ylgap gitdi.
Žýul WERN
Zemin Jümmüşine syýahat -3
Edebiýat,
JackSparro
tarapyndan
19-02-2024, 13:50