ZIUSUDRA ENKIDEN KÖMEK SORAÝAR

''...Goý Ýer dünýesindäkiler açlykdan, hassalykdan ýok bolup ölsünler. Men şeýle ederin'' diýip onuň ýalbarmagyna seretmedi.
Bir şar boýunça Ýerdäkiler ekinlikdäki otlary iýdiler. Iki şar, üç şar boýunça Enlilden jepa çekdiler. Ýerlileriň köpelip ýaşran ýeri Şurubakda Ziusudranyň şäherinde ýagdaý çekip-çydar ýaly däldi. Ziusudra Ýerlileriň sözçüsi hökmünde Eriduwa tarap ýola çykdy.
Jenap Enkiniň öýüne tarap ýola düşdi-de, jenabynyň ady bilen çagyrdy.
Kömek et diýip ýalbardy ondan. Enliliň emri bilen Enkiniň eli-goly baglanypdy. Şol wagtlar Anunnakiler hem öz durmuşlaryndan närazydylar. Öz ýygnap goýan azyklary hem gutarypdy. Ýeriň üýtgeýän tebigatyndan olaram erbet täsirlenýärdiler.
Ýerde-de edil Lahmudaky ýaly möwsümler üýtgeýärdi. Bir şar boýunça, iki, şar boýunça planetalaryň hereketleri Nibirudan barlanýardy.


NIBIRU GÜN SISTEMASYNA ARALAŞÝAR, TUPAN GOLAÝDA


Planetalaryň kysmatyndaky ýowuzlyk Nibirudan syn edildi. Günüň ýüzünde gara nokat gördüler, ýüzünden alawlar atylýardy. Kişar (Ýupiter) hem erbetlik içindedi, goşuny (daşyndaky hemralary) ugruny ýitirdi, turlaryň ugry üýtgedi. Döwülen bilezigiň (asteroid guşaklygy) çekiş güýji kä özüne çekse kä wagtam itilýärdi. Gün maşgalasy düşünilmeýän sebäplere görä birahatdy. Gök barlyklarynyň ykbalyna nähoş kysmat aralaşypdy.
Nibiruda alymlar muny habar berdiler, adamlary meýdança topladylar. Asmanlar ilkinji günlere tarap aralaşýardylar. HEMME ZADYŇ ÝARADYJYSYNYŇ sesi gygyryşýan adamlaryň arasynda ýowuz ýaňlanýardy. Musybatlar Ýerde köpelipdi. Gorky we gytlyk aralaşypdy. Üç şarlap, dört şarlap Ak diýardaky (Antarktika) enjamlara gözegçilik edildi.

ANTARKTIKA EREMÄGE BAŞLAÝAR

Nergal we Ereşkigal Ak diýaryň garlaryndaky gorkunç güpürdini ýazga geçirdiler. Ak diýary örten gar, buz hereket edip başlady.
Bu habar Abzunyň ujundan gelipdi. Deňizleriň aňyrsyndaky diýarda Ninurtanyň öňüräkden habar berýän enjamlary gurulan ýagdaýdady. Ýeriň düýbündäki titremeleri enjamlar öňünden habar berýärdi.
Enlil ''Elhenç hadysa golaýlaşýar'' diýdi. Soňra muny Anua ýollap habar berdi.

NIBIRUDAKY ALYMLAR TUPANY HABAR BERÝÄRLER

Bäş şarlap, alty şarlap bu ýagdaý gitdigiçe güýçlendi. Nibiruda alymlar habardar bolmagy nygtadylar, golaýlan apata degişli hadysanyň patyşa älemine öňünden habar berdiler.
Nibiru bu gezekgi aýlawynda Günüň golaýyndaky Ýeri öz agyrlyk güýjüne çeker.

Lahmu öz aýlawyndan Günüň beýleki tarapynda ýer saýlap alar. Nibirunyň agyrlyk güýjüne garşy hiç hili gorag bolmaz.
Kişar we goşuny birahat bolarlar. Lahamu (Wenera) hem sarsylyp ýalpyldar. Ýeriň aşagyndaky Ak diýaryň gar buzunyň berkligi gowşar. Nibiru ondan soňky indiki geçişinde bolsa Ýerdäki Ak diýaryň gar buzy onuň üstünden gopar. Apy-tupan tutar. Suw TUPANY beýik tolkuna öwrüler.
Nibiruda beýik sargynlyk bolup geçýärdi. Nibirunyň öz täleýi hem belli däldi.

ÝERDEN WE LAHMUDAN ÇYKMAGA TAÝÝARLYK

Patyşa we alymlar, hem-de maslahata ýygnananlar Ýer we Lahmu hakda oýlanyp alada edýärdiler. Patyşa we onuň danyşmanlary belli bir karara geldiler: ''Ýerde we Lahmuda taýýarlyk görülsin, saýýarany boşatmaklyk (planetany taşlap gitmeklik) kararyna gelindi''.
Abzuda altyn maddalary ýapyldy, ol ýerdäki Anunnakiler Edine geldiler. Bad-Tibirada eredilýän işler saklanyldy. Hemme altyn Nibiruwa ugradyldy. Saýýaradan çykmaga taýynlyk görülsin diýip boş gök arabalar ugradyldy.

SAHNA GALZU (HYZYR) ÇYKÝAR

Nibiruda Asmandaky yşaratlara syn edilýärkä Ýerdäki titremeler bellige alynýardy. Edil şol wagtlaram gök ulaglaryň birinden ak sakgally anunnaki düşüp geldi. Ady GALZUDY. Beýik bilgir alym (Meň pikirimçe Hyzyr). Gadamly ädimler bilen Enliliň ýanyna baryp oňa, Anudan gelen möhürli haty berdi. Patyşanyň we mejlisiň başarjaň ilçisi Galzudyryn men diýdi Enlile. Onuň bu ýagdaýda gelşine Enlil ynanyp bilenokdy. Çünki Anudan Enlile bular ýaly habar, ses gelmändi. Enlil Anunyň möhürini barlady. Ygtybarly we ynandyryjydy. Möhür Nibrukide derňewe alyndy. Şifrlenişi ynamdardy. Galzu patyşa we mejlisiň adyndan söze başlady, onuň sözleri meniň buýruklarymdyr! diýip ýazylgydy Anudan gelen hatda...
Enki bilen Ninmahyň hem gelmegini sorady Galzu. Olar gelensoňlar Galzu Ninmaha ýylgyrdy.

GALZU NIBIRUWA DOLANYP BARANLARYŇ ÖWRENIŞIP BILMÄN ÖLJEKDIKLERINI AÝDÝAR

- Bir okuwdan, bir ýaşdaşdyrys seniň bilen diýdi Ninmaha. Ninmah ony ýadyna salyp bilmedi. (Belkäm HEMME ZADY ÝARADYJY Anunnakileriň we adamlaryň arasyna öz ilçisini, ýagny Galzuny ugradýar we olara aň asty hökümini ýöredýär. Sebäbi Galzu diýip birini patyşa Anu ugratmandy. - Terjimeçiniň belligi). Gelen ilçi onuň ogly ýaly ýaşajykdy, Ninmah bolsa onuň ýanynda garry ene ýalydy... GALZU ''Muň düşündirilşi örän aňsat. Biziň gyşlarymyzyň uklamagy bilen geçen zamanyň döwürleri sebäpli bu şeýle. Aslynda meniň wezipäm şular bilen baglanyşykly. Ýeri taşlap gitmekde bir syr bar. Dumuziniň Nibiruwda galan günlerinden soň Nibiruwa dönen Anunnakileri derňediler. Ýerde iň uzak wagtlap galanlar iň erbet täsire sezewar bolupdylar... Bedenleri indi Nibirunyň döwürlerine öwrenişikli däl. Arkaýyn uklap bilmeýärdiler, gözleriniň per röwşenligi söngündi. Nibirunyň çekiş güýji ýöreýişlerini agyrlaşdyrýardy. Akyllary hem erbetleşipdir. Nibiruwa gelenler ene-atalaryndanam garrydylar! Ýoldaşlarym, ýagdaý şeýle Nibiruwa dolanyp baranlary ajalşeýdip tutýar. Şulary size habar bermäge geldim...
Üstünde pikir alyşylmaly gaty köp zatlar bar, düşünişmezlikler bar diýdi. Nibiru hem bu zatlar hakda pikir edýär. Her kim öz pikirini orta atýar. Täleý-kysmat näme-de bolsa HEMME ZADY ÝARADANYŇ ÝAZGYDYNA görämi? Bolmasa Ýere gelmeklik hem HEMME ZADY ÝARADYJYNYŇ planymy, we bizem bu zatlary pikir etmedik ilçilermikäk?
Ýoldaşlary bu düşünişmezlik köp wagta çeker...'' - diýdi.
- Indi bolsa Nibirudan gelen gizlin emri aýdýaryn: ''Siz üçiňiz Ýerde galarsyňyz, Nibiruwa barsaňyz ölersiňiz! Asman ulagyna münüp Ýeriň daş-töwereginde aýlanyp Apy-tupanyň sowulmasyna garaşarsyňyz. Beýleki her bir Anunnakiler hem bu ýerden uzaklaşmaly ýa-da Apy-tupan ýatýança garaşmaly...



(dowamy bar)

Zakariýa SEJIN

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 19-02-2024, 14:33

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler