NOBEL - ENE DILIME GOÝLAN HORMAT


Edebiýat boýunça Nobel baýragy: 1963



Grek şahyry Ýorgos Seferis (hakyky ady: Georgos Stilanu Seferiadis) 1900-nji ýylyň 29-njy fewralynda Smirna şäherinde (häzirki Izmir, Türkiýe) dünýä inýär. Birinji jahan urşunyň başynda maşgalasynyň Gresiýa göçmegi bilen ol Afinyda gimnaziýada okaýar, gadymy grek dilini we taryhyny çuňňur öwrenýär. 1918-nji ýylda Seferis kakasy bilen Pariže gidip, Sorbon uniwersitetiniň hukugy öwreniş fakultetine okuwa girýär. 1921-nji ýylda bolsa metbugatda ilkinji şygyrlary peýda bolup ugraýar. Seferis okuwy tamamlanyndan soň, dissertasiýasynyň üstünde işleýär.
1922-nji ýylda Smirnanyň saýrylar tarapyndan weýran edilmegi Seferisi erbet sarsdyrýar. Watanyny ýitiren, dogduk mekanyna dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolan adamyň ykbaly onuň döredijiliginde uzak wagtlap esasy tema bolmagynda galýar. Ylmy işini tamamlap, Afinyda dolanan Ý. Seferis döwlet gullugyna geçmek üçin synag tabşyrýar. 1931-nji ýylda ''Goşgy bentleri'' ady bilen ilkinji şygyrlar ýygyndysy çapdan çykýar, bu-da edebi tankydyň nukdaýnazaryndan ''grek şygyrýetinde täze ugur'' diýip bellenýär. Hakykatdanam, ýygyndy üç sany esasy hil aýratynlygy: ''kompözision gurluşy, leksiki köpöwüşginliligi, şygyr sazlaşygy'' boýunça täzelikdi.
Diplomat Seferiadis bolsa eýýäm Londona wekil bolup otyrdy. Şol ýerde ol ''Howdan''(1932) şygyrlar kitabyny okyjylara hödürleýär. Onda antik mirasa medeniýetiň geljekki ösüşine söýget hem badalga hökmünde garalýandygy, başdaky ''Özgeriş'' (1931) ýygyndysyna garanda-da has ýiti duýulýar. Hut şundan soň Seferis öz döredijiligine täsirini ýetiren T. S. Eliotyň eserlerini terjime etmäge girişýär. Näçe wagtlap ser-sepil bolan Odisseý öz Itakasyny tapyp bilermikä? Ynha, Seferisiň goşgularynda ony öz erkine goýmaýan esasy mesele şu bolsa gerek. Goý, şol Odisseýem iş gözleginde Elladadan Ýewropa ýa-da gulluk bilen bagly haýsydyr bir gyrak-bujagyna tarap ýola düşenmiş diýeli - ony Gresiýa bilen baglaýan örki näderejede pugtaka, watanynyň çagyryşyna galkynyp, seslenip bilermikä? ''Hyýaly waka-da'' (1936) Seferis barlygyň üç müň ýyllyk geljegini bitewilikde seljerýär. Ynha, şunda-da ''dünýä sazlaşygyny'' gözlemegiň esaslarynyň üstünden barylýar, döwrümiziň gahrymanlaram deňiz heläkçiliginde ejir çekýärler. ''Adaty däp bolan ýordum derejesi - deňiz heläkçiligi, simwolik dereje - durmuş ýolunyň göçme manysy, üçünji pelsepewi dereje - ruhy gowuzlygy, döredijiligiň azaply ýoluny, ''dünýä akyl ýetirmegiň tärlerini'' adamzadyň sergezdançylygy diýip hasaplamaly. Hakykatdanam, poemanyň 24 bölüminde öňümizde adamzada düşünmek prosesi we adamyň dünýä gelmeginiň bas maksady aýdyňlygy bilen açylýar. Şonuň bilen birlikde, Seferis iňňän milli şahyr, ol bu barada mydama şeýle diýer eken: ''Men özümi tüýs grek saýdygymsaýy, başgalara has gowy düşünýän''.
Ikinji jahan urşy döwründe Ý. Seferis Kritde, Afrikada, Italiýada bolýar. Ol Müsürde ''Gämi žurnaly II''-ni (1944, şondan öň eýýäm birinjisi çykypdy -1940) çap etdi. 1955-nji ýylda üçünji tomy çykan bu kitapda Seferis, göýä, gadymy döwürlere syýahat edýän ýalydy. Ý. Seferisiň ýeke-täk gutarnykly ýazylan kyssa eseri bolan ''Akropolda alty gije'' romany, awtoryň öz sözüne görä, Ýewropanyň we ýewropa medeniýetiniň XX asyrdaky ykbaly hakyndaky şahyrana-pelsepewi hekaýat bolmaly. Bu, awtoryň bellemegine görä, ündew häsiýetli fantasmagoriýa (Hakykatdan üzňe hyýalbentlik) ýa-da fantasmagorik ündew. Romanyň üns merkezinde XX asyryň 20-nji ýyllaryndaky Afiny, Epiki eseriň üstünde 30 ýyla golaý işlenipdir (1926-1954). Eser Seferis aýatda dirikä çap bolmaýar, diňe ýogalandan soň, ýagny 1974-nji ýylda neşir edilýär.
Seferis - amerikan ýazyjysy Henri Milleriň 1941-nji ýylda ýazan ''Beýik Marussiýski'' atly terjimehal häsiýetli romanynyň gahrymanlarynyň biri. Awtor Gresiýa syýahat edýän mahaly Georgos Seferiadis bilen tanyşýar. Olar ýurdy bile aýlanyp, edebiýatdyr durmuş barada kän söhbet edýärler. Millet bu şahyr barada ýakymly sözleri aýdyp, onuň şygyrlaryndaky özboluşlylygy, ata watana bolan söýgini, taryh bilen baglanyşyga inçeden düşünýän adamdygyny belleýär.
Döredijiligiň özi dogrusynda Seferis şeýle ýazýar: ''Takyk beýan etmek gözellik hasaplanýar, ony açmak bolsa - nesillerimiziň borjy'', çünki degre-daşyň heläkçilik bolup durka ''sada gepläp'', ''söze tygşytly bolmaly'', ''Gämi žurnaly III''-e düşündiriş berýärkä Seferis ''başgalaryň'' ykbalyna - ene Ýere, ''güýçli harasadyň'' (urşuň we basybalyjylygyň) synagyna merdanalyk bilen döş geren külli greklere öz şygyrýetiniň ganybir ýakynlygyny nygtaýar, ol hereketleriň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde gäminiň palubasyny, ýagny ''göçme meýdançany'' ýöne ýere saýlamaýar. Ý. Seferis kitabynyň soňky şygrynda ''wepat bolan ýoldaşlarynyň edermenligine haýran galyp, olaryň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýär''.
Uruşdan soň ol Afina dolanyp barýar, raýatlyk urşy ýyllarynda watanynda ýaşaýar. Türkiýede diplomat wagty mähriban şäheri Smirna sapara baranynda uly tolgunmany başdan geçirýär. Hut şo döwürler onuň terjime edilen şygryýeti dünýäni özüne bendi etmäge başlaýar. Seferisiň baran ýerinde - Liwanda, Siriýada, Iordaniýada, Yrakda, Londonda (ilçi derejesinde) - onuň şahyr ady özi bilen deň arşa galýar.
1963-nji ýylda Seferis ''gadymy grek medeniýetiniň dünýägaraýşyny çuňňur duýup ýazan görnükli şahyrana eserleri üçin'' Nobel baýragyna mynasyp görülýär. Ý. Seferis baýragyň goeşurylyş dabarasynda sözlän sözünde şol wagt bolup geçýän gyzykly ýagdaýa - grek medeniýetiniň ellinizmiň (Aleksandr Makedonlynyň gündogardaky basybalyşlaryndan soň gündogar-grek medeniýetine aralaşan gülläp ösüşleriň eýýamy) däplerine daýanyp, galkynýanlygyna ünsi çekýär.
Ý. Seferis diýdimzorluga garşy durýar, dünýäniň dürli ýurtlarynda köp gezekler çykyş edýär. Hemmetaraplaýyn taýýarlykly okyjynyň öňünde onuň şygryýetine saldamly ruhy güýjiň ýetmeýänligine garamazdan, her näme diýseňem, ol ýönekeý halka golaý durýar. Muňa ýürekden ynanýaň, sebäbi onuň kompozitor Mikis Teodorakis tarapyndan saza alnan eserleri Gresiýanyň dürli durmuş gatlagyndaky adamlarynyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi.
Ý. Seferis 1971-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Afinyda aradan çykýar. Jaýlanyş dessuryna ýaşlaryň müňlerçesi gatnaşyp, onda şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýerine ýetirilipdir.

ÝORGOS SEFERINIŇ ESASY KITAPLARY:

- Özgeriş (1931);
- Howdan (1932);
- Hyýaly (1935);
- Mysallar depderi (1940);
- Gämi žurnaly (1940);
-Gämi žurnaly II (1944);
- Kihli (1947);
- Gämi žurnaly III (1955)
- Üç sany syrly poema (1966);
- Akropolda alty gije'' (1974);


ÝORGOS SEFERISIŇ NOBEL BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASYNDA EDEN ÇYKYŞY (1963-nji ýylyň 10-njy dekabry, Stokgolm)



Men şu wagt özümi janly gapma-garşylyk ýaly duýýaryn. Şwed Akademiýasy asyrlar boýy mälim bolsa-da, häzirki görnüşinde giň ýaramadyk dile siňdirýän yhlasymy şu belent tapawutlandyryş baýragyna mynasyp hasaplapdyr. Bu meniň ene dilime goýlan hormatdyr we jogap hökmünde menem öz minňetdarlygymy daşary ýurt dilinde beýan edýärin. Özüm üçin getirilen delilimi kabul kabul etjegiňize umyt baglaýaryn.
Men çaklaňja ýurduň wekili. Ol - Ortaýer deňziniň içine süsňäp giren daşly guryýer bölegi, adamlarynyň janypkeşliginden, deňzinden we nurly güneşinden özge bu ülkäni parhlandyrjak zat ýok. Kiçeňräk ýurt, ýöne onuň däp- dessury welin, ägirt we asyrlardan asyra üznüksiz geçip gelýär. Grek diliniň sözlemesini bes eden wagty ýokdur. Ol, ähli janly zatlara mahsus bolşy ýaly, çynlakaý üýtgeşmelere sezewar bolanam bolsa, onuň jorta üzülen ýa-da böwşeňlige ýan beren ýeri bolmady. Bu däp ynsan söýgüsi bilen häsiýetlendirilýär. Nusgawy däp-dessuryň berk berjaý edilýän ýerinde çenden çykan adama eriniýalar (Gadymy grek mifologiýasynda ar almanyň we jezanyň aýal hudaýlary) tarapyndan jeza berilýär. Adalatyň şu kadasy hatda tebigatda hem saklanýar.
''Gelios çakyny bilýär - diýip, Geraklitem belläpdir - ýogsam eriniýalar, ýuatisiýa ministrleri ony tanajaklar''. Ioniýaly filosofyň bu çuň manyly pikiriniň üstünde oýlanan häzirki zaman alymy onuň peýdaly tarapyny almagy başarardy. Adalatlylyk duýgusy grekleriň aňyna şeýlebir siňipdir welin, men oňa akyl ýetiremde tolgunman durup bilmedim. Geçen asyryň başynda halypalarymyň biri: ''Biz gözden düşdük, sebäbi adalatsyzlyga gol ýapdyk'' diýip gygyryberdi. Ol sowatdan binesip adamdy, otuz bäş ýaşyna çenli ýazyp-pozmany başarmandyr. Ýöne häzirki döwürde Gresiýada dilden - dile geçýän halk döredijiligi ýazuwly edebiýata, şol sanda poeziýada gaýra dur diýýär. Şwesiýa diňe bir bu şygryýete däl, eýsem, gözbaşyny kiçijik adamlardan alyp gaýdýan her bir şygryýete-de tutuşlygyna gadyr goýýar diýip hasaplaýaryn. Howatyrlanma we ynjalyksyzlyk bilen dem alýan häzirki zaman dünýäsine şygryýet zerurmyka diýýän. Şygryýet adamzadyň deminden dömüp gaýdýandyr - demimiz tutulaýsa, biz niçik hala düşeris? Şygryýet bu - ynanyşmak hadysasy, ynanysmanyň ýoklugy üçin ynjalykdan gaçýan bolsak bildiňmi?
Geçen ýyl şu stoluň başynda häzirki zaman ylmynyň we edebiýatynyň açyşlarynyň arasynda uly aratapawudyň bardygynyň, emma häzirki zaman dramasy bilen grek dramasynyň parhynyň az-azdygynyň gürrüňi edilipdi. Hakykatdanam, adamlaryň özüni alyp barşy üýtgemedik bolara çemeli. Bu gün biziň ynsanyň şygyr bolup çykýan sesine diň salmagymyz gerek, bu ses hemişe ýitip ýok bolmaň bäri ýanyna barýar, ýöne ýene gaýtadan ör boýuna galýar. Üstüne howp abananda, ol mydama özüne gaçybatalga tapynýardy, garşylyk görkezýärdi, mydama oslanmadyk ýerlerde gaýtadan kök urýardy. O taýy kiçi dünýämi ýa uly - seljerip duranok, onuň orny ýer ýüzüniň adamlarynyň ýüreginde. Onuň bolgusyz däpleriň halklaryndan çykyşynyň öz owsuny bar. Şwed Akademiýasynyň şu hakykatdan habarlydygy üçin minnetdardyryn, dar örüde hereket edýän diller ynsan ýüreginiň uegusyny basýan böwede öwrülmeli däldir.
Biziň kem-kem daralyp barýan dünýämizde hemmämiziň birek-birege zerurdygymyz, duýulýar. Başardygymyzdan ähli ýerden Adamy gözlemeli. Fiwä barýan Edip ýolda Sfinkse duşanda, özüne berlen tapma: ''Adam'' diýip jogap beripdir. Şu sadaja sözem eýmenç wagşyny kül-peýekun edipdir. Biz kän wagşynyň ýoguna ýanmaly. Geliň, Edipiň jogabynyň üstünde kelle döweliň.


Taýýarlan: Orazgül GURBANOWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, JackSparro tarapyndan 19-02-2024, 16:35

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler