Çagalar bakja-bagynda alyp barýan her bir okuw-terbiýeçilik işimiñ doly we dogry guralmagyny üpjün etmäge çalyşýaryn. Bu ugurda aýlyk iş meýilnamamda we gün tertibimde görkezilen sapaklarymy dürli usullaryñ, öwrediji oýunlaryñ üsti bilen guramaga ýykgyn edýärin. Körpeleriñ ýönekeý matematika düşünjelerini ösdürmek sapagyna hem edil beýleki sapaklaryma bolşy ýaly yhlas bilen çemeleşýärin. Körpelere sanamagy öwretmek boýunça birnäçe usullardan peýdalansa bolar. Meselem, bir sapagymda almajyklaryñ şeklini sanatsam, beýleki sapagymda towşanjyklaryñ şeklini sanadýaryn. Indiki sapagymda balyjaklaryñ şeklini sanamagy tabşyrýaryn. Şeýtmek arkaly çagalaryñ şol bir usuldan, şol bir şekilden irmezliklerini gazanýaryn. Bu usuly indiki sapaklarda geometriki şekilleri sanamak arkaly dowam etdirse bolar. Sanamak işini diñe bir şekilleriñ üsti bilen däl-de, janly görkezme esbaplaryñ üsti bilen hem dowam etdirmeli. Meselem, çagalaryñ hersine birnäçe galam berip, " Sende näçe sany galam bar? " diýen sowaly bermeli. Çagalara birnäçe suratlar görkezip, olardaky predmetleri sanamagy-da tabşyrsa bolar. Sanamak we sanlary tanamagy öwrediji oýunlar bilen berkitmek mümkin. Bu babatda birnäçe oýunlaryñ toplumyny hödürleýärin.
1. "Tap we ýerleşdir!" öwrediji oýny. Bu oýun paýlama esbaplar arkaly guralýar. Terbiýeçi çagalaryñ hersine 10-a çenli sanlary we 10 sany jüýjäni berýär. Soñra haýsy hem bolsa 10-a çenli bolan bir sany aýdýar. Çagalar şol sany tapýarlar we ol san näçe bolsa, şonça jüýjäni sanyñ gapdalyna ýerleşdirýärler.
2. "Jadyly haltajyk" öwrediji oýny. Terbiýeçi haltanyñ içine 10-a çenli sanlary ýerleşdirýär. Soñ çagalardan birini ýanyna çagyrýar. Haltajygyñ içine seretmän, bir sany çykarmagyny tabşyrýar. Çaga bir sany çykarmaly we şol sany tanamaly.
3. "Geliñ, alma alalyñ" öwrediji oýny. Bu oýun ýaryş hökmünde geçirilse gyzykly bolar. Terbiýeçi synp tagtasynda iki sany sebet ýerleşdirýär. Sebetde 10 sany alma bar. Iki sany çagany ýanyna çagyrýar. 10 sekunt wagt belleýär. 10 sekundyñ dowamynda çagalara sebediñ içinden alyp ýetişdikleriçe almany almagy tabşyrýar. Bellenen wagtdan soñ her çaganyñ alan almasy sanalýar. Kimiñki köp bolsa, şol ýeñiji hasap edilýär.
4. "Goñşusyny tap!" öwrediji oýny. Bu oýun dilden oýnadylýan oýunlara girýär. Terbiýeçi haýsy hem bolsa bir sany aýdýar. Meselem, 3. Çagalar bolsa şol sanyñ goñşy sanlaryny aýtmaly. 2 we 4.
5. "Näçe ýok?" öwrediji oýny. Terbiýeçi synp tagtasynda 10-a çenli sanlary yzygiderliligi boýunça ýerleşdirýär. Soñ çagalara gözlerini ýummaklygy tabşyryp, haýsy hem bolsa bir sany tagtadan aýryp, gizleýär. Soñam: "Näçe ýok?" diýip, sorag berýär. Çagalar haýsy sanyñ ýokdugyny aýdýarlar.
6. "Näçe gezek?" öwrediji oýny. Bu oýun duýma synalarynyñ üsti bilen oýnalýan oýundyr. Terbiýeçi partanyñ üstüne ýumrugyny düwüp kakýar. Çagalar partanyñ üstüne näçe gezek kakylandygyny aýtmaly. Umuman, öwrediji oýunlary tapmak we guramak terbiýeçiniñ döredijilik hemem pedagogik ussatlygyna baglydyr.
Sanamagy öwredişim
Bilim,
Mümkin
tarapyndan
19-02-2024, 18:40