Adyň dilden gaçyranym,
Ýüregime göçürenim
“Durnam” diýip uçuranym
Indi ol ýaz haçan geler?

Şemal geçdi bulut bilen,
Günüm geçdi “Unut” bilen
Köýdürdiler öwüt bilen
Indi ol ýaz haçan geler?

Pyşyrdym galdy sährada,
Sen bir peri, men bir adam
Diňe söýgä ýokdy kada
Indi ol ýaz haçan geler?

Meniň söýgim gözüm deşdi
Bagt ýokardan uçup geçdi,
Ýalňyz güller ýürekdeşdi
Indi ol ýaz haçan geler?

Her baharda düşýäň ýada,
Men-ä ýerde, sen asmanda
Ýüz ýaz bolaýsyn ykbalda
Ýöne şol ýaz haçan geler?

Bägül ATAÝEWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, MILALIKA tarapyndan 21-02-2024, 01:39

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 2 21 февраля 2024 20:56

    Baguluñ liriki gahrymany soygide birek-birekden dashlashmanyñ ahmyryny cekyar. Sowulan yazyñ gelmeginiñ arzuwy bilen jowlan uryar. Yaz hasiyetli yazyñ gaytadan gelmegini isleyar. Shonda hemme zadyñ oñki-oñkilik boljagyna ynam edyar. Bu yerdaki yaz sozi ruhy yazyñ manysyny beryar. 

    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 3 23 февраля 2024 23:26

    bäybä 

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler