Amerikanyň adly Doktorlar guramasynyň 1994-de geçirilen San Diegoda geçirilen baýrak ýygnagynda guramanyň başlygy Dr.Don Harper Millsiň aýdan bir ölüm wakasy diňleýjileri geň galdyrdy. Ýazgydyň adalatyna degişli bir delilleri tutýan bu waka, belki sizi hem geň galdyrar.
"23-nji mart 1994-de Ronald Opusyň ölen jesedini barlaýan doktorlaryň, onuň kelle çanagyndan degen ok sebäpli ölendigini bellediler. Opus on gatly binadan özüni oklapdy.(UMYTSYZLYGYNY, YZYNDA GOÝAN BIR HATDA AÝTÝARDY). Ýöne, dokuzynjy gatyň deňinden geçýärkä, aýnadan gelen bir ok kellesine degipdir we ölümine sebäp bolupdyr. Binanyň sekizinji gatynda aýna ýuwýanlary goramak üçin goýulan tor bardy. Bu torun barlygyny ne oky atan, ne Opus bilýärdi. Gysgaçasy, ok bolmasady Opusyň özüni öldürmek pylany başa barmazdy. Opus ölmezdi dogrysy"-diýen Dr.Mills "Özni öldürmegi isleýän adam pylanlan pylany başa barmasada netijesini görer, ýagny jany çykar"-diýipdir.
Opusyň dokuz gat aşakdaky ýere gaçman dokuzynjy gatdan gaçyp gelýärkä kellesine degen okuň degmesi, onuň ölüm sebäbini özüni öldürmekden bir jenaýata öwümezdi. Emma Opusyň özüni öldürmäge urnyşynyň netijeli bolmagy, detektiwiň elinde bir jenaýata wakasy bardygyna itdi. Ýaragyň atylan dokuzynjy gatyndaky otagda bir garry erkek aýaly bilen ýaşaýardy. Uruşýardylar we erkek aýalyna ýaragy çeneýärdi. Şeýle gahary gelipdi welin ýaragyň mäşesini gysdy, ok aýalyna degmän aýnadan daşary çykdy we Opusa degdi. Bir adam A kişini öldürmäge synanyşsa, ýöne B kişini ödürse, o B kişini öldürendigi sebäpli jenaýatçy bolmalydy. Detektiwiň gelen netijesi şoldy. Şol sebäpli hem dokuzynjy gatdaky garry adam jenaýatçy diýip günäkärlendi.
Bu günäkärlemä erkegem aýalam geň galdylar. Sebäbi, mäşäni basan adam hem, aýal hem ýaragda ok ýokdygyny anyk bilýärdiler. Garry adam uzyn wagtdan bäri aýalyna boş ýaragy çenäp, gorkuzmany endik ýagdaýa getiripdi. Muny aýaly hem bilýärdi we äriniň ýarag çenemegine gorkup hem durmaýardy. Gysgaçasy adam aýalyny öldürmek niýeti ýokdy, ýaragyň oklydygynyda bilmeýärdi. Şeýlelikde, Opusyn öldürilmesi bir tötänlik boldy we ýarag tötänlikden oklanypdy.
Idegler dowam etdi we bu wakadan alty hepde töweregi öň garry är-aýalyň ogly ýaragy oklanyny görenler bardygy orta çykýar. Bilnişine görä, garry aýal oglundan mal kömegini kesipdir. Dädesiniň ejesine ýaragly edýän hereketlerinden habarly ogly, ejesini öldürmek maksady bilen ýaragy oklap goýýar. Netijede ejesi ölmeli, dädeside jenaýatçy bolmaly, ähli mallarda oglyna galmalydy. Indi wakalar geldi garry är-aýalyň öz ogullary Ronald Opus jenaýatdan öldürülýän ýerine. Emma bu geçen alty hepdäniň dowamynda är-aýallar ýarag çenemä barjak derejede uruşmandyrlar we şol sebäplide ejesi hem ölmändir. Şeýlelik-de ogullarynyň umytsyzlygy artypdyr. Bu-da, ony 23-nji martda on gatly binadan özüni oklamaga çenli getiripdir. Ýöne, ölüm planlaýşy ýaly bolmandyr, dokuzynjy gatdan geçýärkä dädesiniň boş öýdüp ýaragyň mäşesini gysmagy bilen ejesine degmän penjireden çykyp kellesine degen ok, Ronald Opusyň ölümine sebäp bolupdyr.(Türkmen aýtmyşlaýyn soňuna sogan dograpdyr).
Bul iş Ronald Opus özüni öldirdi diýip ýapyldy.
RONALD OPUSYŇ ÖLÜM WAKASY
Täzelikler,
NurmuhammetAtayew
tarapyndan
21-02-2024, 08:53