Suratda imperator Jimmu
ÝAPONIÝANYŇ GYSGAÇA TARYHY
Biziň köpümize Günüň dogýan ýurdy tanyş bolsa gerek. Islendik adamdan günüň dogýan ýurdy nire diýip sorasaňyz, säginmän Ýaponiýa diýip jogap berer.
Ýaponiýanyň taryhy gaty giň taryhdyr. Onuň taryhy hakynda birnäçe kitaplar ýazylypdyr. Biz diňe Ýaponiýanyň bir bölek taryhyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi kabul gördük...
Orta asyryň syýahatçysy Marko Polo Ýaponiýa adyny Jipangu diýip ýazypdyr.
538-nji ýyllarda Budizm dini Koreýadan Ýaponiýa ýaýramagy sebäpli Ýaponiýanyň taryhy şu döwürlerden bellige alnan bolmaly. Ýaponlar özlerine Nihon, ýa-da Nippon diýýärler.
Nihon adynyň ilkinji çeşmeleri Tang dinastiýasy bolan Tangyň gadymy Hytaý taryhynda ýazuwa geçirilipdir.
Ýaponlar bilşimiz ýaly esasy uly dört sany Honsu, Hokkaýdo, Kýushu we Şikoku adalaryndan ybarat döwletdir. Indoneziýadan soňky 2-nji ýerdäki gür ilatly adadyr. Özem ýapon adalaryň köpüsi wulkan daglaryndan doly. Paýtagty hem Tokio şäheri.
Arheologik barlaglar Paleolit döwrüniň soňraklaryndan bäri ilkinji adamlaryň ýapon adalarynda mesgen tutunandyklaryny habar berýär.
Bellige alnan ýazuwly maglumatlarda ''Ýapon'' adyna ilkinji gezek I asyrlardan galan Hytaý ýazgylarynda görmek bolýar.
XIII asyrdan başlap 1868-nji ýyla çenli Ýaponiýany imperator bolup höküm süren feodal harby Şogunlar tarapyndan dolandyrylypdyr. Soňra 20 ýyllyk içki gapma-garşylyklar höküm sürýär we gozgalaňlar ýatyşan soň Imperiýa 1868-nji ýylda Koşu we Satsumadan gelen ildeşleriň kömegi bilen syýasy güýjüni gazanyp Ýaponiýa imperiýasy gurulýar. Ýaponiýa XIX asyryň soňlarynda we XX asyryň başlarynda ilkinji Çyn-ýapon söweşi, Rus-ýapon söweşi we birinji jahan urşundaky söweşlere girýär. 1937-nji ýyldaky ikinji Çyn-ýapon söweşi, 1941-1945-nji ýyllarda Ýaponiýa ikinji jahan urşuna girensoň 1947-nji ýylda urşdan ýeňilip çykýar. Bu sowuk urşa gatnaşmadyk ABŞ iki gezek Ýaponiýanyň üstüne atom bomba oklaýar.
Ýaponiýanyň döwrümizdäki bir imperatory Naruhito özüniň aslynyň ilkinji ýapon imperatory Jimmudan gelýändigini şejeresinde bellenilipdir.
Kojidäki rowaýatlara görä m.ö. 660-m.ö.585-nji ýyllarda ýaşap geçen imperator Jimmu Ýaponiýa imperiýasyny gurupdyr we özüni imperator diýip yglan edipdir. Jimmi, bu onuň öz ady däl-de lakamy bolmaly, sebäbi onuň gaýry dil manysy ''Ylahy Güýç'' diýmekligi aňladýar.
Şintoist ynanjyna görä Jimmu Gün Taňrysy Amaterasunyň neslinden bolupdyr. Ameratsunyň ogly Ameno Oshilomimino Mikotadan Ninigi-no-Mikoto atly agtygy boldy. Gün Taňrysy agtygyny Ýaponiýa adalaryna ugradypdyr. Ninigino Mikoto bu adalarda Konohana Sakuýa hime bilen durmuş gurýar. Üç ogullary bolýar we bularyň arasynda Hikohohodemi no Mikoto bilen durmuş gurýar. Bu gyz Amaterasunyň oglan jigsi bolan deňiz taňrysy Owatatsuminiň gyzydy. Olaryňam Hikonagisa Takeugaýa Fukiaezu no Mikoto atly bir ogly bolýar. Ýöne maşgalasy ony kowýar we ony daýzasy Tamaýorihime ulaldyp ýetişdirýär we ol ýigit çykansoň oňa durmuşa çykýar. Bulardan dört sany ogul bolýar. Şol dört ogluň iň kiçisi hem Jimmu, Ýaponiýanyň imperatory bolýar.
Taýýarlan: Serdar ATABAÝEW
Ýaponiýanyň gysgaça taryhy
Bilim,
Serdar3030
tarapyndan
21-02-2024, 21:28