Bir garyp adamyň aýaly ýagy taýýarlaýardy, soň bolsa ony ýerli dükana satýardy. Aýal ýagy 1 kilograma tegelek görnüşde taýýarlap bererdi. Alnan girdeji maşgala üçin gowy kömek bolýardy.
Emma bir gün bakjaçy oňa ýag satýan garyp adamyň dogruçyllygyna şübhelenip başlady we satyn alan tegeleklerini ölçemek kararyna geldi. Görnüşi ýaly, olaryň hersiniň agramy bir kilogram däl-de, 900 gram. Ol bu ýagdaýa gaty gaharlandy. Ertesi gün irden şol bir garyp adam ýene dükana geleninde, dükançy gaharly aýtdy:
- Maňa ýagyňy getirme! Men mundan beýläk senden hiç zat satyn almaryn, ýalançy! Tegelekleriň agramy bir kilogram diýdiñiz, aslynda 900 gram bar. Özümi aldatmaga ýol bermerin!
Ol adam aşak seredip:
- Ussat, terezimiz ýok. Ölçegim, elmydama sizden satyn alan şeker kilogramymdy. Aýalym ikimiz ýag ýasamak üçin ulanýardyk.
Terjime eden:Güller
Durmuş
Täzelikler,
GüllerGül
tarapyndan
23-02-2024, 16:22