Bagyşla ejejan, edäýdimmi bimaza,
Mazaryňa gelmän gitsem bolmaza.
Her gün säher ýer başyňa gelýänme,
Gelýär diýip hiç kes azar bermezä.
**********************************
Howwa menem oňat, penalap ýörňä,
Ýürek gysýar, beýdip gysmazdy oňa.
Senem ýanymda ýok, diňe ýanymda,
Derdim bar şoň bilen geçýär her günim.
************************************
Sen barkaň Ejejan görenim şatlyk,
Sen gitdiň öýüň içem gum-gukluk.
Indi meni oýarmaýar seň sesiň,
Gideniňe ynanamokda men asyl.
************************************
Ejejan, jan ejem her säher geljek,
Pata berseň menem ýanyňa barjak.
Arkaýyn ýatyrmyň Jennet jaýynda,
Göyberseler baryp mähriňi görjek.
*************************************
Bor eje, aglamaýyň diýmerin gaýdyp,
Diýaýdima ruhuňyz galkynar öydip.
Aýdaýyňda baka ýakyna beýge,
Kösemesindä ol bendesin beýdip.
*************************************
Şükür edýän eje razy Alladan,
Özüň aýtdyň, Allaň guludyr adam.
Kaýyl edenine boýun bar zada,
Ejizlemen eje, etmerin jyda.
*************************************
Oglum diýip bakýar maňa müň eje,
Sen mähriňçe ýokda olar jan eje.
Seň mähriňde özge mähre garaşman,
Bir ýylgyrşyň müň ömüre çalyşman.
*************************************
Ýogsada eje,
toý bar şu gün eziz obaňda,
Şol toýa baraýsa ýalňyz balaňda.
Şatlanjak, şatlanmagyňa garaşjak,
Agladyňa geçen sapar aglamda.
*************************************
Bor onda ugraýyn hoş gal jan eje,
Şatlanamda, şatlanmagňa garaşjak.
Dostlarym ejeleri bilen bile tans etse,
Seni görjek şol wagt göge seretjek.
*************************************
Gel eje, gel eje hökman gelginiň,
Bärde ýalňyzlygym sen bir bilginiň.
Hemme adam maňa gussaly garap,
Diýmesinlerdä ýetim barmagyn uzap.
**************************************
Öňem şol sözi maňa diýýän kän,
Emma ýürek diýýär, sen ýetim däl.
Elmydam ýanymda senem bar ýaly,
Ýatlaýan Siz bilen Beýik Hudaýy.
**************************************
Ejejan,
Gitmänkäm öpäýin bir mazaryňdan,
Ganan dek bolýan-da o didaryňdan.
Sag bol, hoş gal eje gelerin ýene,
Derdimiň dermany iň mährem ýere.
Hoş gal jan Ejem, hoş gal Käbäm

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Meriş_A tarapyndan 23-02-2024, 21:31

  • Meriş_A Meriş_A off № 1 23 февраля 2024 21:34

    Okan yaltanman. Gowy goşgy. ❤️😢

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 2 23 февраля 2024 21:45

    özüň düzdüňmi, ýa başga biriniň goşgusymy?

    Jogap
  • Meriş_A Meriş_A off № 3 23 февраля 2024 22:00

    Yok başka birinin goşgusy...

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 4 23 февраля 2024 22:05

    ady familýasyny goýmalyda...

    Jogap
  • Meriş_A Meriş_A off № 5 23 февраля 2024 22:13

    Yalan sözlemayin özümem bilemoğa alan yerimde-de aadaam familyasam yokdy...

    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 6 24 февраля 2024 16:02

    Ýagşy Goşunow bolmaly awtor.

    Jogap
  • Meriş_A Meriş_A off № 7 24 февраля 2024 16:11

    Bizin Yagşymy?

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler