ŞÜKRULLAHY ŞIRWANYNYŇ ''RYÝAZUL KULUB'' ATLY ESERINDE AÝ HAKYNDA
Şükrullahy Şirwanynyň asly Şirwanly bolup ol Dagystanyň gündogaryndaky etraplarda önüp-ösüpdir. Onuň doglan senesi anyk belli däl ýöne 1506-njy ýylda dünýeden ötendigi habar berilýär. XV asyrda ýaşap geçen Şükrulla Şirwany Osmanly hekimleriniň biri bolupdyr. Ol soltan Baýezidiň ady bilen parsça ýazan Riýazul Kulub atly eserinde Aý hakynda şeýle maglumatlary berýär:
Aý goýy (reňkli) jisimleriň biridir. Gün bilen şol bir hereketde bolmak bilen aýdyňlanýar.
Aýna ýaly Günüň yşygyny serpikdirýär. Aý töwerekleýin şeklindedir. Hajymdan başlap Günden has kiçidir, ýerleşiş mertebesi boýunça has aşakdadyr. Onuň Güne görünýän ýarysy aýdyňlyk; beýleki ýarysy bolsa garaňkylykdyr.
Ijtima wagtynda aýdyňlygyň ýarysy ýokarda we garaňkylyk ýarysy, Aýa seredeňde dogry bolýar. Bu ýagdaýda Aý, yşyklar içinde gizlindir we muňa ''Muhak'' diýilýär. Aý ijtimadan on iki dereje meýl etse, takribi bolup aýdyňlyk ýarysyndan bir mukdar görüner. Ol şekil hilaldyr.
Aý Günden uzaklaşdygyça yşygy artar. Dolulyga dönende parlak ýarysy tamam görünýär we bu ýagdaýa ''Bedr'' diýilýär. Aý takmynan bir aýlawyny 27 günde tamamlaýar we bir burçy geçmek wagty iki günden köp, üç gündenem azdyr''...
http://duzdunyamiz.com/semadaki-gok-cisimleri-1-ay-kamer-osman-atif/
Terjime: Jeksparrodan
http://talyplar.com/posts/102450
Şükrüllahy Şirwanynyň ''Riýazul Kulub'' atly eserinde Aý hakynda
Bilim,
JackSparro
tarapyndan
23-02-2024, 21:40