Gama baglap goşgymy,
Aglara mejalym ýok.
Yşksyz galan hoş düýni
Dagla:ra mejalym ýok.

Kemlik düýpli üýtgeder,
Manym döner düýpgöter.
Dogryma öýtme heder,
Dänmäge mejalym ýok.

Pelek aýla:r çarhyny,
Bilmen wagt parhyny,
Aýtmaň onuň nyrhyny,
Äwmäge mejalym ýok.

Guşlar egiser heňin.
Sensiz parhly däl ömür.
Ah-h...
Söýgime mesgen gabyr,
Zarla:ra mejalym ýok.
Aglara mejalym ýok...


✏Laçyn BAZAROWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Byzmyk tarapyndan 24-02-2024, 01:57

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 2 24 февраля 2024 09:29

    Ýöne, soňky,, Ah" sözi ( soňky bentde)  mazmuna däl, çeperçilige oňaýsyz täsir edýar. Höwri köp bolsun! 

    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 3 24 февраля 2024 09:31

    Sheyle goshgylar ssytda koprak goyulsa gowy bolardy. Yogsa, bimany mowzuklar kopelip baryar. 

    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 4 24 февраля 2024 09:35

    Hala ýokardaky ýaly klassik formada bolsun, hala hasirkizaman shekilimdaki goşgylar bolsun garaz tasirli joşgylar, gyzykly hekayalar, ýiti mazmunly makalalar goýulup dursa saýtyň hümmeti has artjak. 

    Jogap
  • Byzmyk Byzmyk off № 6 27 августа 2024 15:16
    ) minnetdar Hasratly ýürek,
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler