Her ädimi ätlemäge taýýar bol, ynsan ätlemejek ädimleri bilen synalýar.
***
Sen şol biri bolmak isleýän bolsaň, sende-de şol biri bolsun.
***
Ynsanlar köp zadyň gadryny ýitirensoň bilýärmiş, ýalan!
Aslynda gadyrly zatlar ýitegen bolýar.
***
Bagt gizlenmegi gowy görýär. Şonuň üçin ony gözlemäň, diňeje garaşyň. Ol özi gelen halatynda siziňki bolýandyr.
***
Näme üçin biwepalary ýazgarýarsyňyz? Her gününe aşyk bolup ýaşap ýören dünýäňiziň lakamy "Loly" dälmi näme?!
***
Käbir awtorlar bardyr sözlerini unutdyrmaz. Käbir sözler bardyr awtoryny unutdyrmaz. Sözlerimiň meni unutdyrmazlygyny isleýärin.
***
Biziň gözýaşly gülkilerimiz bar.
***
Mekdebimiziň ýanyndaky agaçlaryň gaýyp düşýän ýapraklarynda hiç hili aýralygam, romantikada görüp bilemokdym, meň gözüme ol öňem ýetişiksiz meýdan süpüriji gelneje üçin artykmaç zähmetdi... (Massimus)
***
Adam maýmyndan gelip çykanmyş. Ynanýan. Entek gelip çykyp ýetişmediklerem bar... (Massimus)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, ssaparay tarapyndan 26-02-2024, 21:13

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 1 27 февраля 2024 00:02

    Aysaparyñ gunfelik shtrihleri gaty gowy. Yone, kabir jedelli, eselelerem bar. Shu wahta cenli adam maimyndan emele gelipdir diyilip wajyz edilyardi.. Emma, soñky dowurde  adam ozbashdak peyda bolupdyr diyilyan i formassiyanyñ akymy  guyclenip baryar. Munuñ hsysyna ynanjajyñy bileñak. 

    Jogap
  • Goklors Goklors off № 2 27 февраля 2024 00:04
    Gündelik žanryny hezil edip okaýan egerde ýatlamalar, başdangeçirmeler bolsa. Sebäbi hakykat ýa hakykata ýakyn bolýar. Atajan Taganyň, Allaýar Çürüýewiň, Tirkiş Jumageldiýewiň gündelik ýatlamalaryny gaýtalap - gaýtalap okadym. Sözleri, nakyllary goşsaňam bolar, özüň üçin ýitip gitmez ýaly arhiw höküminde.
    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 3 27 февраля 2024 00:05

    Onsoňam Aýsapar seröne gelen her pikiriň, kesgitlemaniň sene belgisini goýan bolanda tasirli bolaýjak eken. 

    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 4 27 февраля 2024 00:07

    Dogry abdýaň, Göklors, gündelik janry gaty gyzykly bolýar. 

    Jogap
  • setdars setdars off № 5 27 февраля 2024 00:33

    ssparay dos nahili keyp etsen sheyle sozler akylyna getirip bolya maslahat beraysen

    Jogap
  • GüllerGül GüllerGül off № 6 27 февраля 2024 02:01

    Soñky iki jümle örän tanyş....Nirde okadymkam?(

    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 7 27 февраля 2024 04:29

    Gowja jümleler...

    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 8 27 февраля 2024 07:02

    Massimus awtory. Şoň temalarynda okansyň. Yzynda-da ýazylgy dur-a.

    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 10 27 февраля 2024 12:17
    Adam maýmyndan gelip çykanmyş. Ynanýan. Entek gelip çykyp ýetişmediklerem bar... (Massimus)

    Şuny menem belläp aldym 👏))

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler