Hemmeleň kalbynda üýtgeşik duýgy...
Asmanam gysylman, nuruny dökýär.
Men bolsa, kül bolan umytlam bilen,
Bilseň, ýene seniň ýoluňa bakýan.

Öňler umytlarym kül däl, alawdy,
Menem garaşýardym “täze ýyl” güne.
“Akjam” diýip söýýän ýaňaklaň indi
Aglamakdan ýaňa boldy gülgüne.

Näm üçindir, öz sözümde duramok,
Her “täze ýyl” geçýär ýoluňa baka.
“Gelmez!” diýip, aklym alsa-da erki,
Ýürekden ynanyp garaşýan, kaka.

Sebäp, soňky ýoluň görmändim ahyr,
Bilmändim ömürlik gidenňi “baka“.
Kalpdaky sönmezek umydym bilen
Ýene geleriňe garaşýan, kaka!


✏Laçyn BAZAROWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Pegas tarapyndan 28-02-2024, 06:23

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 1 28 февраля 2024 11:22

    Kakaa bolan simpatiyany shygriñ bashyndan calarak syzdyryp ugramaly eken. Goshgynyñ ceperciligi welin, gowy. Akgynly okalyar. Owazy bar. 

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 2 28 февраля 2024 14:35

    @Pegas, köne wersiýasyna girip yzyna täze görnüşe geçjek bolýan welin girip bolanok. Temada açyp bolanok? Nämedenkä?

    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 28 февраля 2024 15:17

    bilmedim-dä, admin biläýmese.

    Jogap
  • Byzmyk Byzmyk off № 4 28 февраля 2024 15:32

    garaşylmadyk "sowgatjyklar"mydama süýji;).

    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 6 28 февраля 2024 22:04

    Çykyp täzeden başga parol bilen giräýmesem, blä, blä, blä, 

    Jogap
  • setdars setdars off № 7 29 февраля 2024 01:31

    browzerni ociska et arrasalap tazeden gir

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler