Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar).
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy — hoştap damjalar.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Halyl Kulyýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 29-02-2024, 01:48

  • Serdar3030 Serdar3030 off № 1 29 февраля 2024 07:58

    Klassik ýazyjy hem şahyr...

    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 2 29 февраля 2024 17:34

    Halyl Kulynyñ mahmal deyin yumshak mazmunly shygyryet dunyasi bar. 

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler