Myrry
masadyň
öýüniň
deňindäki
tuduň
aşagynda
çaganyň
aglaýandygy
üçinmi
ýa Käkiligiň
alnyp
gidileni
üçinmi,
titräp-
titräp
aglaýan
Zybagüle
Mälikgulynyň gözi
düşdi.
Onuň ýanyna
bardy.
Oňa näme
diýjegini
bilmän,
ýüzüne
duýgudaşlyk
bilen
seretdi.
Zybagül
Mälikgulyny sandyraýan
elleri
bilen
gujaklap,
sojap-
sojap
aglady.
– Doganym,
bu nähili
boldy-
a?! Käkilik
jany
alyp gitdiler-
ä. Ol o ýerde
çydap
bilmez.
Ol kösener-
ä, horlanar-
a. Oňa derek
meni
äkiden
bolsalar
gowy
bolardy.
Indi
çagajyklara
kim sereder?
Mälikguly hem gözýaşyny
saklap
bilmedi
bolanokdy.
Goçgar
aga bilen
Mody
başlyk
raýon
merkezine
gidipdi.
Olaryň
maksady
raýon
ýolbaşçylary
bilen
duşuşmakdy.
Olara
ýalbarmakdy
hem Allamyrat
pälwanyň
gyzy
Käkiligi
boşadyp,
özleri
bilen
alyp gaýtmakdy.
Obanyň
uludan-
kiçä
ählisi
oba
kethudalarynyň
Käkiligi
alyp gelerine
sabyrsyzlyk
bilen
garaşýardy.
Garaňky
gatlyşyberende
Berkeli
birgäd
obadan
habar
getirdi:
Mody
başlyk
bilen
Goçgar
aga
raýondan
boş geldiler.
Işleri
bitmändir.
Olar Käkiligi
görenmişler.
Käkilik
duzam
datmaýarmyş.
Soralýan
soraglara-
da jogap
bermeýärmiş.
Asyl ýeke
agyz gürlemeýärmiş.
Kellesini
diwara
urýarmyş.
Üsti-
başy
garaganmyş.
Berkeli
aganyň
birki
agyz sözde
aýdan
ahwalaty
depe
saçyňy
düýrükdirýärdi.
Döwlet guşy romany. Käkilik3.
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
29-02-2024, 09:07