Gepini köpeltmesinler. Ynsan, erkek adam bolsun, zenana bolsun özi özüni köseýä, öz gepini köpeltýä. Zorba-zor sadalykdan çykarýa özüni. Ynsan özi özüni horlaýa. Bu gadar sadalyk bilen oňuşsa boljak ýagdaýlar bar. Emma gepini köpeltýä. Bu gadar oňuşjak pahyr bar, ýa zenanasy gepini köpeltýä ýa äri ýa ene-atasy ýa asyl ynsan özüni şu zamanda özüni horlaýa halkyň gözünden üçin. Şeýdip özüni ýadyndan çykaryp barýar. Bir nesihat aýdaýyn! Ýadyňdan çykarma seniň gamyňda gezip ýören hiçkim ýokdur. Öz ýakyn garyndaşyňdan tä daşa barýança. Öz dünýäň, öz ruhuň, öz imanyň, öz gabryň, öz kyýamadyň özüň hasabyňy çek, seň gamyňy iýýän ýokdur. Namazda salli we bärik salawatdan soň ewwel näme okalýa? Allahummegfirli. Ene - ataňdan öwünçä özüňe doga edmeli. Allahummegfirli - Hudaýa meni bagyşla diýdigi. Ustadyňa doga edmäkäň özüňe doga edmeli. Allahummegfirli - Hudaýa meni bagyşla. Mähriban boljak musulmanlara doga edmäkäň owwalyn özüňe doga edmeli. Welijemigyl mu'minin diýmäkäň Allahummegfirli - Hudaýa meni bagyşla diýmeli. Sadalykdan çykyp, ýa mal ýa ogul-gyz ýa oturan kürsiň ýa wezipäň ýa işiň diýip-de özüňi ýadyňdan çykaryp kyýamat meýdanyna garşy geçip gidäýme. Sadalyk bir bereketdir. Bir wagt bir adam bende ahyr deminde aýryljak wagtlarymyş. Öte zordan ýatanmyşyk. Onsoň azajyk hala gelipdir. Gözüni açypdyr görse ogly, gyzy, doganlary, zenanasy hemmesi aglaşyp duran. Nämä aglaýaňyz diýipdir. Onsoň ogluna seredip:"Ogul nämä aglaýaň?" Ogly:"Kaka sen gitseň biz ýetim galarys". Keýwany sen nämä aglaýaň? diýipdir. Aýaly:"Sen gitseň maňa kim sereder". Şeýdip herkim özi üçin aglaýamyşdyk. Onsoň ýaňky adam özi aglapdyr. Sen nämä aglaýaň diýipdirler. Bulam:"men indi düşünýän herkim özi üçin aglap duranmyş" diýipdir. Oglum aglap dur özi üçin ýetim bolaryn diýip aglaýa. Zenanam aglap dur özi üçin men boş bolsam kim maňa sereder diýip aglaýa. Men hem özüme aglap otyrn kyýamadym näme bolar diýip aglaýan diýipdir. Öz gamyňy iýjek bolsaň sadalykda öz gamyňa kän ýetişip bolýar. Oglan-uşagyňa ýetişmeli dälmi diýip gürrüňi terse ýormaly däldir. Bulara ýetişjek diýip ýa dünýäni owadanlajak diýip öz ruhuň, öz gabryň, öz kyýamadyň ýadyňdan çykaraýma. Sadalyk bereketdir. Ulyga hormat goýmak, kiçige rehim etmek, günäden-haramdan daş gezmek, diliň bilen yza-ezýet bermesizlik, milletiň durmuşyna goşulmasyzlyk gerek. Niçe ýaş jübüt ýaşaşjaklar, emma ene-ataň goşulmagy bilen ýa halkyň gepi bilen gowy ýaşaşyp bilenoklar.
File engine/modules/thanks.php not found.Gepini köpeltmesinler
Täzelikler,
Hemedany
tarapyndan
3-03-2024, 20:21