Durmuş-nowelladyr.

* * *

Bäýbä. Bu ykbalyň oýunlaryny görsene. Munda kitaplarda ýazylmadyk, düýşleriňe girmedik, asla hyýalyňa gelmejek wakalar bolup geçýär. Sanasaň sanabermeli. Okuwçykam ençeme gyz klasdaşlarymda gözüm eglenerdi. Esasanam olaryň birine göwün beripdim. Ol meni göwnemesede şol depen ýerime depip durup, onuň daşyndan guwanyp, şanyna şygyrlar dörederdim.
Indi... Indi bütünleý tersine. Aşa söýgi aşa ýigrenje öwrüljek eken.

Umyt besläp, arzuw edýärdim öňler,
"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.
Ýüregimden dileg edýärin indem,
"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.

* * *

Bu durmuşda diliňi däl , eliňi işletmegi öwren.

* * *

Durmuş biri-birine sepleşip dowam edip gidip otyr. Günler bize dürli-dürli sapaklar berip ynsan ömri kertilip dur. Şonsuzam ömür gysgajyk. Onuňam üçden biri ukyda geçýär.Şujagaz gysgajyk ömürde gör nämeler jemlenen. Söýgi, ýigrenç , şatlyk , gaýgy... sanap gutar ýaly däl. Adam hökman durmuşda gowydan-gowy arzuwlar bilen ýaşamaly. Arzuwsyz ýaşaýyş manysyz. "Adam" bu nähili güýçli barlyk. Daşyndan göräýmäge adamzat kijijek, ejizje ýaly. Elbetde Alla bize kömek edýär. Ýogsa biziň elimizden gelýän zat barmy ?

* * *

Eneň-ataň saňa ýagşylyk eder,
Olaň ýamanlygam ýagşylygadyr.

* * *

Näme üçin mydama ulylaryň sözi dogry bolup çykýar?!
Bu gün men adatdakylar ýaly tor arassalap durdym. Şol wagt Tirkiş agamyň ýany bilen işdeşleri bize balyk almaga geldiler. Salamdan soň olaryň biri maňa ýüzlenip:
-Jigim tory sag tarapyndan başlasaň gowy açylar- diýdi. Men onuň sebäbini soramdymam. Sorasymam gelmedi. Sebäbi tor arassalamagy ondan öňem bilýärdim . Onuň bolsa "tor" diýilýän zady kän görmedige meňzeýär. Men oňa:
-Bolýar -diýdimde içimden "Şular gidýänçä diýenini eden bolaýyn , gideninden soň arkaýyn işlärindä" diýip öz ýanymdan pikir ýöretdim. Agamyň işdeşleri aljak balyklarny aldylarda ,eglenmän ugramak bilen boldylar. Soň-soň seredip otyrsam ýaňky adamyň aýdanlary dogry bolup çykdy. Oňa siz ynanmarsyňyz , sebäbi meniň özümem oňa örän kynlyk bilen ynandym.
Näme üçin ulylaryň sözleri mydama dogry bolup çykýarka?

* * *

Munda hemme gyzlar öwdürmek islär,
Iň gowy goşgylar ýazdyrmak islär,
Ýöne.
Goşga mynasyp däl olaryň bary,
Senem şolaryň biri.

* * *

Durmuş synagy ýetik, synamak nämä gerek ?
Söýýänimi bilýäňä , gynamak nämä gerek ?
Geçen düýş, geljek hyýal, şu gün bilen ýaşaly,
Ýollaryz aýryldy aglamak nämä gerek ?!

* * *

Keýpine ýaşa. Munda ruhlanyp ýaşamak üçin bahanalar gytmy? Muňa mysallar kagyza ýazardan örän kän. Sen nämeden lezzet alýaň ?! Derrew eliňe galam alda nämelerden lezzet alýan bolsaň kagyzyň ýüzüne geçirip başla. Bu eýýäm seniň bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin resminama gol çekdigiň bolar. Hemem durmuşdan lezzet alyp ýaşamak üçin diňe pul gerekmikä?

Lezzet alyp bilseň adaty zatdan,
Şatlan.

* * *

Adamyň puly bolmasa , adamyň guly bolar.

* * *

Guşlar kimin erkin bolsam,
Şygyrlarym şertim bilseň.
Adalatsyz bu dünýäde,
Üýtgeşik däl "Her kim" bolsam.

Bilmeýän bolsam bolardy,
Höwes ýok bilenimden soň.
Eserlermiň gadry bilner,
Ýatlarlar ölenimden soň.


© Gerçeknazar Amannazarow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 5-03-2024, 07:04

  • Azymova Azymova № 1 5 марта 2024 20:15

    Gaty tasirli, gyzykly we oylandyryjy edilip yazylypdyr.

    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 2 16 марта 2024 17:50
    Azymova, ýakymly sözleriňiz üçin sag boluň . Araňyzda şu ýazgylarymy öň okap göreniňiz barmy? Şu blog öňelem paýlaşyldy diýip bäsleşige kabul etmediler. Elbetde ady gabat gelmegi mümkin ýöne käbir zehinsizler ady gabat gelýär diýip içindäki sözlerine üns bermediler.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 3 16 марта 2024 17:50
    Azymova, ýakymly sözleriňiz üçin sag boluň . Araňyzda şu ýazgylarymy öň okap göreniňiz barmy? Şu blog öňelem paýlaşyldy diýip bäsleşige kabul etmediler. Elbetde ady gabat gelmegi mümkin ýöne käbir zehinsizler ady gabat gelýär diýip içindäki sözlerine üns bermediler.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 4 16 марта 2024 17:51
    Azymova, ýakymly sözleriňiz üçin sag boluň . Araňyzda şu ýazgylarymy öň okap göreniňiz barmy? Şu blog öňelem paýlaşyldy diýip bäsleşige kabul etmediler. Elbetde ady gabat gelmegi mümkin ýöne käbir zehinsizler ady gabat gelýär diýip içindäki sözlerine üns bermediler.
    Jogap
  • Гость Parahat Гость Parahat № 5 16 апреля 2024 06:19
    Salawmaleýkim agam men sizi gözläp ýördüm gaýrat ediň maňa jaň edäýiňdä
    63013049
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler