(Ýüzleý manysy)
«Fatyha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 7 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerimiň ilkinji
süresidigi üçin, oňa «bir ýeri ýa-da bir zady açan, açyjy» manysynda «Fatyha» diýlip at
berlipdir. Bu süräniň «Ummul-kitap» («Kitaplaryň enesi»), «Sebgul-mesäni» («Gaýtalanýan
ýedi aýat»), «Esas» («Düýp-özen»), «Şifä» («Şypa beriji»), «Käfiýe» («Ýeterlik»), «El-hamd»
(«Hamdy-sena»), «Salät» («Namaz»), «Dua» («Dileg-doga») we «Taglym» («Tälim») ýaly
atlary hem bar. Bu süre halkymyzyň arasynda «Elham» süresi diýlip meşhurlyk gazanypdyr.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Elhamy» okamaýanyň namazy ýokdur» diýipdir.
Şonuň üçin hem «Elham» süresi namazyň ähli rekagatlarynda okalýar. Kurany Kerim bütin
adamzada dogry ýoly görkezmek üçin inderilipdir. Bu mubärek we uz manyly süre Kurany
Kerimiň gysgaça manysyny özünde jemleýän we yslam dininiň düýp özeni hasaplanylýan
süredir. Onda taryp edilmäge diňe Allanyň mynasypdygy, Allanyň bendelerine bu dünýäde
Rahman (Mähriban), ahyretde Rahymdygy (Rehim-şepagatlydygy), diňe Alla ybadat
edilmelidigi, dogry ýoly tapmagyň we dogry ýoldan azaşmagyň hem Allanyň eradasy bilen
baglydygy beýan edilýär.
1. Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen (başlaýaryn).
Düşündiriş: Bu birinji aýata, gysgaça, «Bismillä» diýilýär. Ymam Agzamyň, şeýle-de bir topar başga
fykh (yslam hukugy) alymlarynyň pikirine görä, «Bismillä» aýaty «Elham» süresiniň bir aýaty däldir.
Diňe «Neml» süresiniň 30-njy aýatynda agzalýan «Bismillä» bir aýatdyr, galan ýerde bolsa
gaýtalamadyr, şol süreden bir aýat däldir. Kurany Kerimiň «Toba» süresinden galan 113 süresiniň
hemmesiniň başynda gelýän bu aýat bu süreleriň başynda diňe bereket üçin okalýar. Şonuň üçin hem
ol namazda içiňden aýdylýar. Emma käbir alymlar ony «Elhamyň» bir aýaty hasaplaýarlar.
Hadyslaryň birinde: «Bismillä bilen başlanmadyk işiň soňy ýokdur» diýilýär. Bu sebäpli, hem
haýsydyr bir işe başlanylanda «Bismillä» aýdylýar.
2. (Ähli) hamdy-senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr.
3. (Ol) Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
4. Din (kyýamat) gününiň Eýesidir.
5. (Eý, Allam!) Biz diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýa-rys!
6. (Eý, Allam!) Bizi dogry ýola (yslam dinine) gönükdir!
7. (Bizi) gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň (ýoluna) däl-de, Öz nygmat berenleriň
ýoluna (gönükdir)!
Düşündiriş: «Elham» süresi okalandan soň, «Ämin!» («Kabul et!») diýmek sünnet
hasaplanylýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Serdar3030 tarapyndan 5-03-2024, 07:05

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler