Hoşlaşyk haty

(gysgaldylan)

Bilmedim näçe wagt ýazmadym goşgy,
Her zada sebäp bor adamzat yşky.

Gözümde saýlandyň milýard adamdan,
Seni gören günüm çykmaz ýadymdan.

Arzuwdyr niýetim ulydy örän,
Belki-de söýgüdi ýürekde dörän.

Emma sende döremandir o zatlar,
Başgasy bar eken sende o wagtlar.

Käşgä bilmän ötsedim bu ömrüme,
Belki baş urmazdym beýle öwrüme.

Özgäni saýladym, geldi ornuňa,
Indi aglasaň-da salyp burnuňa.

Ýöne sen gynanma günäkär dälsiň,
Menden-de gowsuna mynasyp ýarsyň.

Umydyň ölmesin ýaşasyn baky,
Geler ahyr bir gün arzuwyňdaky.

03:03
07.03.2024ý
Aýgül Ýazweliýewa

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Aýgül Ýazweliýewa tarapyndan 7-03-2024, 12:09

  • JackSparro JackSparro off № 1 14 апреля 2024 15:30
    Goşgularyň bar eken-ow 😱😱😱😱
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler