Garalyp görünýän daglaň depesin
Synlap onuň mawy umman deý gerşin
Ýadatdy meňzetmek uklan şazada
Özümi öňküden duýamsoň erkin

Men indi durmuşy öwrenýän adam
Ulyny öwrenmek islär kiçiler
Ejem aýnatmandy, durmuşda hasam
Aýnatmady irden geçen köçelem

Öňler bu köçeleň sazy başgady,
Ulalanlar ol köçäni taşlady,
Daglaryň aňýetmez paýhasyn isläp,
Göwnüm onuň gyşy bilen gyşlady.

El çekmedim şol köneje kadadan
A beýlekiler meni sygdyrmadylar,
Adatdaky zatlar boldy ýadadan,
Onuň adamlaram yňdyrmadylar.

Ýyllar geçdi
Özgeren zat bolsa-da,
Daglar-a henizem adam sypatly
Köçelerem endik etdi durmuşa...
Arzuwlaram kök atdy-da kökertdi,
Yňdyrmalaň erki bilen ornaşa.

Bägül ATAÝEWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, MILALIKA tarapyndan 12-03-2024, 01:40

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 1 12 марта 2024 02:00
    Bägül gowy ÿazÿar goşgyny
    Jogap
  • Azymova Azymova off № 2 12 марта 2024 13:35
    Gowy ýazylypdyr
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler