BIRINJI DÜNÝÄ
(fantastiki hekaýa)
SEVEN WORLD UNIVERSE
(Ýedi dünýä älemi)
Birinji dünýäniň unudylan gadymy topraklarynda, gizlinlik we syrly wakalaryň höküm sürýän ýerinde Kirandis ukudan oýandy. Ol her gije şol gorkunç düýşi görüp oýanýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Öňkülerine meňzeş, az kem üýtgeşik. Üýtgeşik tarapy düýşde özi hem gatnaşdy. Öňler diňe daşdan synlaýardy. Düýş şeýleräkdi, iki dünýä, Ýagtylyk we Garaňkylyk dünýäleri özara söweşýärdi. Ol känbir düýşlerine üns berenokdy, sebäbi ukudan oýanansoň düýşüniň käbir detallary ýadyndan çykýardy. Bu sapar hem hiç zat bolmadyk ýaly ýerinden turdy. Ýuwundy we ertirligini edindi.
Kirandisiň bir täsin ukyby bardy. Ölen bir adamyň ganyna elini degirse, gan onuň eliniň owujynda togalak şar şekiline gelýär we ölen kişiniň ölümine çenli geçen bir sagadyň ýatlamasyny, ölen kişiniň gözlerinden synlap bilýärdi. Bu ukyby sebäpli ol birnäçe gandarlary tapyp, olaryň mynasyp jeza çekmegine sebäp bolupdy. Şol sebäpden onuň ukybynyň yzyna düşen päliýaman adamlara hem duş geldi. Ýigdekçe ýörite mekdeplere gatnady we dürli ugurlardan bilim alyp, esasysy, jadygöýligiň birnäçe syrlaryndan habardar boldy. Ol özüniň ukyby sebäpli yzarlanýandygny bilýärdi şol sebäpli ol ekiz dogany Wolaren bilen Birinji dünýäniň uzak şäherleriniň birine göçüpdi. Wolaren Kirandese bir almanyň ikinji bölegi ýaly meňzese-de häsiýeti bütinleý başgady. Esasy bellemeli zat bolsa Wolarende hiç-hili ukyp ýokdy.
- Bu garagol Wolaren nirede-kä? Alty gün boldy, hiç ýerden tapamok?! - diýdi Kirandis, dosty Lirandele bakyp. Lirandel bolsa:
- Beter aladalanma, Wolaren öňem birnäçe sapar ýitirim bolup, soň peýda bolupdy, bu gezek hem birýerlerden çykar - diýdi.
- Bilemok, ol ogurlyk işine baş goşandan bäri ony alada edýärin. Ol maňa halkyň arasynda dillerde dessan bolan 'Garaňky ýagtylyk' adynda bir ogrular jemgyýetine agza bolmagy niýetländigini aýdypdy. Men oňa näçe sapar duýdursamda meni diňlemeýär... Indem gorkýaryn. Oňa birzat bolan bolaýmasyn diýip alada edýärin.
Lirandel dostuna ekiz inisi Wolareni gözlemäge söz berdi we şäher içinde ikä bölünip gözlege başladylar. Giç düşensoň olaryň ikisi-de Wolareni tapman dolandylar. Iki dost bir birine gamgyn seretdi. Ekizler Kirandis we Wolaren hem-de Kirandisiň ýakyn dosty Lirandel Şäher çetindäki kiçiräjik külbede ýaşaýardylar.
- Lirandel, ertir Wolareni tapmak üçin jadygöýlikden peýdalansak nähili bolar? Men gaty alada edýän.
- Sen näme diýseň şol dostum. Jadygöýlik etmedigmizede bir ýarym ýyl bolupdyr. Wolareni tapmak üçin elimden gelenini ederin.
Ertesi gün ertirlik edinip bolanlaryndan soň, ikisi jadygöýlik ritualyna girişdiler. Ýiten adamy tapmak üçin olar ýere pentagram çyzdylar. Her burçunda bir şem ýakdylar, Lirandel eline Birinji dünýäniň kartasyny alyp pentagramyň ortasyna geçdi. Kirandis bolsa Woloreniň eşikleriniň birini aldy. ikisi birlikde jadyly sözleri aýtdylar:"Eldria worn, eldria turn, Faerd med tiden Kalder pa WOOOOOLAAAAAAREEEEN". Gözlenýän adamyň adyny gygyryp aýtmalydy. Jady amala aşdy, Woloreniň nirededigi Lirandeliň elindäki kartada yşaratlandy. Ol tokaýlykdady. Kirandis we Lirandel kartany yzarlap Woloreniň ýatan ýaryna geldiler. Ýöne gynansak-da ol ýerde Woloreniň jesedi ýatyrdy. Kirandis ony görenden gatap durup galdy. Ol onuň Wolarendigne ynanasy gelenokdy. Gözlerinden ýaş akyp başlady. Ikisi hem ümsüm gözlerini ýaşlap seredip durdular. Jeset gatapdyr we erbet yslanyp başlapdyr mör-möjekler üstünde gezmelemäne başlapdyr. Kirandis ýuwaşlyk bilen "Wolaren" diýdi. Lirandel ony köşeşdirdi. Kirandis bu ýagdaýyň nähili bolup geçendigini bilmek üçin, Wolarene elini degirdi, onuň gany janlanyp eliniň aýasyna geldi. Kirandis elini owuçlanda Wolareniň gany togalak şar şekiline geldi. Kirandis ekiz doganynyň soňky bir sagadyny görmek üçin, ýuwaşja gözlerini ýumdy...
***
Kirandis Wolareniň ömrüniň soňky sagadyny görmäge başlady. Wolaren gizlin bir otagyň içindedi. Ol ýer "Garaňky ýagtylyk" gizlin ogrular jemgyýetiniň mejlis geçirýän syrly mesgenleriniň biridi. Wolaren gorky we gözi doly umyt bilen daş-töweregini synlaýardy. Jemgyýet bäş derejeden ybaratdy. Täze agzalar bäşinji derejä girýärler. Olar ýönekeýje ogrulardy, özlerini görkezip tapawutlanan ogrular kem kemden ýokary derejelere çykýardy. Ýokarky derejelerde ogurlyk etmekde ulanyp boljak jadyly artefaktlara eýe bolýardylar, meselem günde bir gezekli ulanyp bolýan, iki sagatlyk görünmez edýän ýapynja we ş.m. Birinji derejede hemişe alty agza bolmalydy, olaryň biri baştutan bolýar. Her üç ýylda bir Birinji derejäň agzalarynyň arasyndan ähli derejedäki agzalaryň gatnaşmagynda Baştutan saýlawy geçirilýärdi. Görşümiz ýaly "Garaňky ýagtylyk" ogrular jemgyýeti demokratikdi. Jemgyýetde berk tertip-düzgün bardy, her bir agza bir-biriniň dogany hasaplanylyp bir-birine hormat goýmalydyrlar. Jemgyýetiň anyk maksatlary we bellenen prinsipleri ýokdy. Esasy kada kanun, gizlinlik we ogurlyk etmek. Olar käwagt gowulygyň tarapynda çykyş etseler, käwagt öz şahsy bähbitlerini oýlap halkyň nazarynda erbet ýagdaýa hem düşýärdiler. Bu bolsa olaryň "Garaňky ýagtylyk" adyna gowy mas düşýärdi. Jemgyýetiň agzalary, mekanlary, ogurlyk tilsimleri gizlindi. Olar ogurlyk edenlerinden soňra özleriniň "Garaňky ýagtylyk" adyny ýazyp gidýärdiler.
Birdenem otaga bäş sany üsti gara ýapynjaly adamlar geldi, olar Wolareni baştutanyň ýanyna getirdiler. Jemgyýetiň Lideriniň üsti bir tarapy ak, bir tarapy gara ýapynja bilen örtülendi. Baştutan gürledi:
- Aýt Wolaren, sen näme maksatdan biziň jemgyýetimize goşulmak isleýäň?
- Meniň maksadym, ekiz doganym Kirandise nämeleri başaryp bilýändigimi subut etmek. (Kirandis doganynyň bu sözlerini duýanda biraz gamlandy)
- Düşnükli. Biziň jemgyýetimiz garaňkylyk we ýagtylygyň arasyndaky inçe çyzykdyr. Bizde baş maksat "Ogurlyk et we jemgyýetiň gizlinligini gora!". Şeýle hem jemgyýetimizde berk tertip-düzgün we hormat-sylag bar. Şeýlelikde men "Garaňky ýagtylyk" gizlin ogrular jemgyýetiniň baştutany Mirawolen Darkfaýr, sen Wolandere "Tiranel Naýtfall" adyny berip, jemgyýetimiziň 5-nji derejesine kabul edýärin.
- Bar bolanymy?
- Elbetde, näme sen ýönekeýje bir ogry üçin aýratyn ritual gurnarys diýip düşündiňmi, hiçhaçan?!
- Düşündim.
- Jemgyýetimize hoş geldiň Tiranel Naýtfall, hany özüňi görkez, eliňden nämeler gelýär?!
Wolaren jemgyýete kabul edilendigini eşidip, rahat dem aldy. Ýöne bu rahatlyk gysga boldy. Başlangyç dessurynyň bir bölegi hökmünde, bir tabşyrygy ýerine ýetirmesi gerekdi. Bu tabşyryk, jemgyýetiň duşmanlaryndan birine degişli möhüm artefakty ogurlamakdy. Missiýanyň kynlygyna garamazdan, Wolaren özüni ýitirmedi. Şol bada kesgitlenen maksada tarap ugrady. Emma meýilleşdirilişi ýaly bolmady. Aslynda hiç zat meýilleşdirmändi. Ol bu wezipä ruhy taýýar bolsa-da öňünden bir plan kesgitlemedigi üçin başyna bela geldi. Artefakty ogurlamaga synanyşanda, ol duzaga düşdi. Duşmanlar oňa garaşýardylar. Garaňky otagda ýeke we ýaragsyzdy. Duşman ýylgyryp: "Diýmek sen, 'Garaňky ýagtylyk' toparynyň täze agzasy bolýaňmy? - diýdi. Wolaren duşman bilen söweşmäge synanyşdy, ýöne synanşygy şowsuz boldy. Duşman oňa pyçak bilen bedeniniň birnäçe ýerine agyr ten şikeslerini berdi, Wolaren gaty gysga wagtda gözlerini ýumdy. Doganynyň soňky pursadyny synlan Kirandis ýene bir gezek ýürekden aglady. Wolaren diňeje dogany Kirandise güýjüni we başarnygyny subut etmek isläpdi, ýöne bu isleg ony ölüme eltdi. Wolareniň batyrlygy we doganyna bolan hormaty Kirandisiň ýüreginde gaýgyly yz galdyrdy.
Kirandis gözlerini açanda Lirandel sorady:
- Kirandis oňatmyň? Näme gördüň?
- Ählisini öýe baranymyzdan soň gürrüň bererin, indi bolsa Wolareni jaýlaly.
Kirandis we Lirandel, Wolareniň jesedini ýuwup arassalap, hormat bilen jaýladylar. Soňra olar öýlerine dolandylar. Öýlerine gelenlerinde Kirandis Lirandele Wolareniň soňky pursatlaryny gürrüň berdi.
- Indi näme etmekçi bolýaň? - diýip, Lirandel sorady.
- Men Wolareniň ekizi, biz meňzeş. Ilki bilen, Wolareniň ogurlamaga synanyşan artefaktyny ogurlaryn. Soňra Wolarene meňzeşligimden peýdalanyp jemgyýetiň içine syzaryn.
- Ajaýyp meýilnama Kirandis.
Kirandis Wolareniň ýalňyşyny gaýtalamazlyk üçin bir hepde taýýarlyk gördi... Ol artefakty ogurlady. Wolareniň ýalňyşyny gaýtalamady. Artefakty alyp, "Garaňky ýagtylyk" jemgyýetiniň gizlin mesgenine gelipdi. Ol gizlin ýeri Wolareniň ýatlamalaryndan öwrenipdi. Ony Mirawolen Darkfaýr garşy aldy:
- Sen... Tiranel Naýtfall, ýagny Wolaren däl. Sen Wolarene meňzäňok. Sakçylar ony tutuň! - Mirawolen onuň Wolaren däldigni içki bir güýji arkaly duýupdy.
- Saklanyň! Hawa men Wolaren däl. Men onuň ekiz dogany Kirandis. Wolaren öldi...
Kirandis Mirawolene ähli başdan geçirenlerini aýtdy. Mirawolen bolsa oňa jemgyýetden gorkmazlygyny, doganynyň ölümi üçin eden hereketlerine ýokary baha berýändigini aýtdy. Soňra Mirawolen Kirandisiň ogurlap gelen artefakty we oňa eýeçilik eden adam hakda gürrüň bermäge başlady.
- Seniň eliňdäki artefaktyň nämedigini we onuň kimlere degişlidigi bilýärmiň?
- Ýok bilemok.
- Bu artefakt - Mirawolen uludan dem aldy, soňra sözüni dowam etdi. - Bu artefakt düýşler bilen baglanyşykly, aýratyn bir tumar. Oňa eýeçilik eden kişi käbir jadylary okap ýatanda, eýesine gözegçilikli düýş görmägine, biriniň düýşüne girip bilmegine, düýş gündeligini tutmazdan gören düýşlerini açyk ýatda saklamagyna, düýşleriň kömegi bilen islendik wagt we giňişlikde bolup bilmesine (emma bu düýşde bolýany üçin bir wizýondyr, hiç zada täsir edip bilmez) we iň soňky mümkinçilik gorkunç düýş görmezligine mümkinçilik berýärdi. Bu artefaktyň eýesi Birinji dünýäde düýşleriň güýjüni açan jadygöýdi. Bu güýji bilen adamlaryň aň-düşünjesine syýahat edip, gorkularyny we isleglerini öwrenip, bu maglumatlary adamzadyň peýdasyna ulanýardy. Emma güýçli duşmana duşanda, bu artefakty geljek nesillere geçirmek üçin gizlemeli boldy. Soňra ol ogurlandy, erbet ellere düşdi. Doganyň Wolaren olaryň elinde jan berdi...
Kirandise Artefaktyň daşky görnüşi gaty täsir galdyrdy. Bu altyn zynjyrly boýna dakylýan, kristal ýyldyz şekilli bir tumardy. Kristal ýyldyzyň içinde ýalpyldawuk, jadyly gök suwuklyk bardy we kiçijik uçgunlar bu suwuklykda yzygiderli hereket edýärdi. Bu uçgunlar "düýş ýyldyzlary" diýlip atlandyrylýan düýşleriň güýjüni alamatlandyrýardy. Bu tumar diňe düýşleriň güýjüne düşünjek we şol güýji ak ýürekden ulanjak adamlar tarapyndan işjeňleşdirilip bilinýän artefaktdy. Mirawolen Darkfaýr Kirandise bu artefakt we geçmişi barada aýdanda, diňe sagdyn, akylly-başly ellerde bolmasy gerekdigini, tumarda uly güýçleriň bardygyny we nädogry ulanylanda garaşylmadyk betbagtçylyklara sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Şonuň üçin Kirandise artefaktyň dogry saklanmalydygyny we dogry ulanylmalydygyny ýatlatdy.
Aradan birnäçe gün geçdi. Kirandis Tumaryň güýjüni barlamak maksady bilen, ony boýnuna dakyp jadyly sözleri okap uka gidipdi. Kirandis bu gezek hem şol düýşi görýärdi. Ýagtylyk we Garaňkylyk dünýäleriniň arasyndaky söweş. Kirandis Ýagtylyk dünýäsiniň düzüminde uruşýardy. Ol munuň düýşdigni bilýärdi emma näme üçindir, tumaryň güýji azlyk edýärmi, ol bu düýşi kontrol etmekde kynçylyk çekýärdi. Birdenem daş töwerek boşady. Boş, takyrlyk meýdan. Birdenem bir adam peýda boldy. Ol Kirandise salam berip gürlemäge başlady.
- Salam, meniň adym Naýtngel. Men ikinji dünýäden. Ýagny Eklipsiýa planetasyndan.
- Salam, men Kirandis. Sen meniň düýşümde näme işleýärsiň?
- Men aslynda bir ruh. Meni öldürdiler. Men siziň düýşüňize, siziň planetaňyzyň ýagny Birinji dünýäniň howp astyndadygny aýtmak üçin girdim...
SOŇY
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
24.03.2024
UFA
Birinji dünýä (fantastiki heýaýa)
Edebiýat,
Khanture
tarapyndan
24-03-2024, 17:12