Salam hormatly okyjylar. Bilişimiz ýaly tmcell-dan 6××××××× ýaly belgileri alsaňyz, häzirki günde ählisi hem ulanylan bolup çykýar. Bu köp kişä dert bolandyr. Meniň hem başymdan bir üýtgeşik ýagdaý bolup geçdi. Bir gün Altyn Asyra baryp adyma bir belgi açdyrdym. Ol wagtlar 71-lik belgi ýokdy. Deň gelişine serediň welin, meniň alan belgimiň öňki eýesi meniň bilen atdaş ekeni.
Men muny maňa ilkinji gelen jaňda bildim. Sim kartany telefonuma goýup, öýe bakan ýöräp barýardym. Birden bir belgiden jaň geldi. Menem aldym. Alanymdan bir erkek adam salamlaşyp, meniň adymy tutdy we ,,Şo sizmi?" diýdi. Menem ,,Hawa" diýdim. Men öz ýanymdan: ,,Belgini ýaňy aldym, hiç kime jaň etmedim, tanyşlarymyň hiç haýsysy meniň bu belgimi bilmeýär" diýip pikirlenýärkäm ol:,,Aý, goýun satjakmyşyňyz diýip eşitdim, nirä barmaly?" diýip sorady. Onsoň men oňa başga ýere jaň edendigini we meniňem adynyň şo adamyň soran ady bilen birmeňzeşdigini düşündirdim. Ondan soň ýene birnäçe gezek meňzeş hadysalar bolup geçdi.
Iň üýtgeşigi bolsa bir gün halaşýan gyzym bilen otyrkam bolup geçdi. Hawa, edil pikir edişiňiz ýaly sms geldi. Menem ýanymdakydan hiç zat gizlemändigim üçin sms-i açdym. Açanymdan ýüzümüň üýtgeýşini gören ýanymdaky Näme bolandygyny sorap, telefona seretdi. Sms-da başynda meniň adymy tutup: ,,Gowumy? Men Mahym. Seniň düýnki teklibiňi kabul edýändirin" diýip, soňundan ýürek we ogşap duran smile ugradypdyr. Elbetde ýanymdaky maňa gaharlandy. Çyk-da işiň içinden çykyp bilseň. Näme diýseň hem boş, onuň gözünde ýalançy ýaly göründüm. Soň zordan zora subut etmäne mümkinçilik berdi. Soň ýaňky sms gelen belgä jaň edip, telefony gaty sesde goýdum. Gürrüň şunuň ýaly boldy:
-Alo
-Alo salam, gowumy ýagdaýlaryňyz?
-Salam gowy özüň nähili?
-Gowy Hudaýa şükür. Bagyşlaň welin, siziň ýazan ýaňky sms-iňiz ýalňyş geldi öýdýän.
-O nähili?
-Men belginiň täze eýesi.
-Hä bagyşlaň!
-Siz nireli özüňiz?
-Mary - Sakarçäge. A siz?
-Menem Lebap, Türkmenabat. Ýöne belginiň öňki eýesi bilen atdaş ekenik. şonuň üçin soradym.
-Wiý bolýar. Olam şu gün Aşgabada giden bolmaly
-Bolýar. Bimaza edenim üçin bagyşlaň!
-Ýo, Siz bagyşlaň
-Sag boluň
-Sag boluň!
Bu gürrüňi eşiden halaşýanym biraz köşeşdi we iň soňunda ýaraşdyk. Gaýdyp beýle zat gaýtalanmaz ýaly ertesi gün gidip ýene başga belgi aldym özüme.
Okanyňyz üçin minnetdar. Sizde-de tanyş ýagdaý bolan bolsa, teswirlerde beýan etmegiňize çagyrýaryn.
Belginiñ öňki eýesi atdaşyň bolsa
Tehnologiýa,
Ereshev
tarapyndan
25-03-2024, 15:27