Gowy bolardy özüm üçinem, özgeler üçinem bu ýere ýazanlarymy müňlerçe , millionlarça adamlar okasa,okanlaryň hemmesi diýen ýaly gowy ýazypsyň, dogry sözi aýdypsyň, tüweleme ýene ýaz şular ýaly eserleri diýseler menem dowam etsem ýazmany halk üçin, watan üçin. Ýöne ynha,dogrymy aýydaýyn bu bir arzuw, hyýal bolsa gerek. Ýöne şu ýazanlarymy birje adam okasa halys ýürekden we halys ýürekden goldasa dogry ýazypsyň diýse menem öz gezegimde bu birje adamy müňe köpeltsem bolar. Şeýle edäýmek galdy öýüdýän. Saýta gatnaşýan adamlar azaldy. Entek häli bir aý mundan ozal hem okaýanlaryň sanyn ýüze golaýlaýan ýalydy, indi ýigrimä ýetenok. Şu sözler meni häzir okaýanlary öýkletmesin. Sag boluň. Şujagaz sanyňyza. Bu bir wagtlaýyn kynçylykdyr. Geçer gider. Siziň üçin ýazjak zadym köp. Bu köp zady ýazmak üçin ýörite taýynlandym. Okap haýran galarsyňyz. Munyň ýaly ýagdaýlar hem bolubiljek ekeni diýip aýdarsyňyz. Hemme zada taýyn boluň. Gynançly zatlary ýazmagym hem mümkin. Begendiriji zatlary zatlar az bolar öýüdýän. At dakýar ýada göwniýetmezçilik edýär diýip oýlamaň. Bu aýydan ýaramaz häsiýet ýok mende. Men diňe dogry zady aýytmana ymtylýaryn. Dogry sözler nähili bolsada adama ýokmaýar. Iň bolmanda birbada. Belki bu aýydanlarymy ýazmazlgym hem mümkin. Bu halatda özüňiz oýlap aňyrysyna çykyp bilersiňiz. Nämeleri ýazmak barada hyýal edenligimi. Meniň üçin iki hili ýazyş bar. Birinjisi öz pikiriňi ýazmak, ikinjisi özgeleriň pikirini wajyp hasaplap size göçürmek arkaly ýetirmek. Eger göçürip ýazan bolsam bu entek aňlatmaýar bu ýazanlarymyň özüm üçin dogry hasaplaýanym. Ýok. Men diňe öz pikirimi özüm üçin dogry hasaplaýaryn. Özgeleriň ýazanyny men diňe gyzykly hasaplaýaryn emma dogry hasaplamaýaryn hatda olar dogry aýdylana meňzeş bolsada. Soňky döwür men şeýle diýýärin. Hiç kim dogry sözi ýazyp bilmeýär. Onuň ýaly adamyň özi ýok. Olar ýalan hem sözlemeýärler. Çünki olar öz sözlerini dogry aýydýandyryn diýip hasaplaýarlar. Eger men ýalňyşýan bolsam siz özüňizde tejribe geçirip görüň. Gözüň bilen görüp hem surata düşürip, hem wideo alyp adamlara teklip edip görüň. Köp adam siziň dogry diýip hasaplan zadyňyza ýüzüni turşardar ýada biderek zatlara wagtyňy sarp edýärsiň diýer. Dogry söz seniň özüňe gerek ondada şu wagt dogry söze zerurlygyň çykyp duran bolsa ýogsa sen hem öz gezegiňde müňlerçe gezek dogry sözden gaçansyň. Aslynda dogry zady ýazmagyň özi näme gerek diýen sorga gelip çykýar. Ondada bir wagtky bolup geçen wakalary yzarlap olar barada dogry sözi ýazmak näme gerek. Ýa gerekmi? Soňky döwür men gerek diýip başladym taryhy yzarlap taryhda bolan wakalardan dogry many çykarmak. Aýytsam haýran galarsyňyz emma bu wagt aýytmak maksadym ýok. Sebäbi taryhda bolan bu wakany häli dolylygyna tapmadym emma taparyn diýip umyt edýärin. Umuman aýdanda birje dogry söz jaýdar we wagtynda aýdylan bolsa köp zatlary üýütgetmäne ukyply. Uruşlary togtatmana ukyply. Adamlary çörekli, bagtly etmäne ukyply. Emma biz adamlar dogry sözleri aýytmaly bolanda derrew ukymyz gelýär, ýaltalyk basýar, biparhlyk edýäris. Iň soňunda bu häsiýetimizden ejir çekýäris. Galanyny özüňiz biliň. Sizi zorlaýan ýok. Şol sanda size dogry sözi aýdaryňyza mätäç adam hem ýok.
Dogry söze mätäç däl
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
28-03-2024, 15:43