Çykmadyk janymdan üzülen umydym,
(Isläňde gidilýän ýer däl bakylyk.)
Aklyksyz buşlugyn getirer ajal,
Ezraýylyň demi bolar çakylyk.
Maňlaýymda peýda bolýan çyzyklar,
Göýä ýazgydymy ýaşyrjak olar.
Ömrümiň keminden utanyp ýörün,
Ölmegi bir kemsiz başarjak borun.
Gömülip ýatyr gündeligmiň içinde,
Ölemden soň direlmeli sözlerim.
Syrym aýtdym bir bölejik kagyza,
Tapmadyk dostumdy meniň gözlegim.
Ýapyk galmaz dünýäň syrly sandygy,
Hakykat hem ýalan sazlaşanynda.
Has dogry ýollarda azaşýanlar bar,
Dogrymy taparyn ýol azaşanda.
Aýsapar EMELOWA
Pelle
Edebiýat,
ssaparay
tarapyndan
29-03-2024, 11:47