Gussañ gara şalyn egnine atyp,
Köplügiñ içine gaçan ýekelik.
Otyr ol, dünýäni bir pula satyp,
Arzuwlarnyñ hüwdüsine irkilip.
Ýagşy kysmatdan paý, ýetmändir oña,
Olam bary bilen oññut edip ýör.
Bagtly adamlara seredip siñe,
Ahmyr gözlerinden hallan atyp dur.
Olar, baýlyklarnyñ hiç parhynda däl,
Şeýle durmuş oglanjygyñ islegi.
Bir wagtlar, ýañlanypdy şu ýerde,
Deñ-duşlary bilen gülki sesleri.
Geñirgäp seredýär, deñinden geçen,
Utanyp özüni gizlejek bolýa,
Monjuk deý, lowurdan gözleri bilen,
Kalbyndan bir zatlar sözlejek bolýa.
Bokurdagny ýaryp haýkyrsam diýýä,
Gursagnyñ içinde gurçuklan sözler.
Derdinden, dowzaha dönsede dünýä,
Hasratyn gizleýä şat güler ýüzler.
Her garañky gijäñ, bir säheri bar,
Bir gün, aýaklary topraga ýeter.
Umytlaryn baýdak tutup garaşýar,
Oña, saglyk gerek, barzatdan beter.
© Süleýman TEKÄÝEW
Umyt
Edebiýat,
Hasratly ýürek
tarapyndan
31-03-2024, 13:16