Añarsyñ gözde gussamy
Gel garşymda otur eje!
Undaýyn ömrüñ gyssanny,
Gujagyñda ýatyr eje!
Bilýän juda kejirdim men,
Sabryñ bilen geçirdiñ sen!
Ejizledim ejirlerden,
Dertlerimden gutar eje!
Biziñ üçin çeken görgiñ...
Adam etdi mähir, öwgiñ!
Özüñden başgadan söygi
Gözlänimem geçir eje!
Ömrüm yşga düşäp ýörün,
Tomsuñ güni üşäp ýörün,
Hyýallarda ýaşap ýörün,
Meni düýşden oýar eje!
Dost diyenim çykyp duşman,
Baý-baý edipdim-le puşman.
Arzuwlaryñ galsa paşman
Ölümdenem beter eje!
Bir gün galjagym demden
bilip, gowşaýan kem-kem.
Çünki dünýäñ özi menden
Boýny ýogyn, gedem eje!
Awtor:Nurekowa Gülnäz
EJE
Edebiýat,
GlnzNurekowa
tarapyndan
31-03-2024, 14:37