Diýdi ýar, bu jemalyňdan ýüregim ýanýar,
Görmesem günde halym teň bolýar,
Şu gün agşam gel, sözleşeli,
Birmahal otyryp söýüşeli

Diýdim ýara, agşam ukym gelýär,
Onsoňam enem gapyda durýar,
Gidenimi bilse agam tutyp urýar,
Enemden eşitjegim yňňyrdy bolýar.

Diýdi ýar, onda maňa näme bolar,
Bu kalbym söýgüden doly bolar,
Sabyr käsäm dolyp ýüregim sowar
Sen bolmasaň başga bir gyza gitmeli bolar.

Diýdim ýara, hanha ýol ugraberersiň,
Ýoluňda köp gyzlara dogry gelersiň,
Emma men deý gözel saňa duş gelermikä?,
Ol gyz meniň dyrnagyma deň bolarmyka?.

Diýdi ýar, bilýänle degişip aýytdym,
Bahana etsem gelermikäň öýütdim,
Men saňa ýene biraz garaşjak.
Onsoň sähetli gün sawçy göýberjek.

Diýdim ýara, bu nä gyssag,
Sen öz kalbyňa tussag,
Biz giň göwünli bolmaly,
Durmuşdaky kynçylyga dözmeli.

Diýdi ýar, ençe ýyl boldy duşanymyza,
Söýgi sözün aýydanmyza,
Men seniň boluşyňdan gorkýan,
Maňa nesip ätmen gidersiň öýüdýän.

Diýdim ýara, bu sözleriň seni kime meňzedýär,
Men gitsem uzak däl, hol ýere gidýän,
Göre gitsemem gaýdyp gelerin,
Iru-giç seniň ýanyňda bolaryn.

Diýdi ýar, gör sözleriň maňa ýokmaýar,
Bu sözüňden gorkunç zatlar görünýär,
Döwrümizde bu sözlere orun ýok,
Söýüşýänler öz ýaryna gowuşýar.

Bu goşgyny okap yzyn gözlärsiň,
Soňy nähilikä diýip böwüriň diňlärsiň,
Gynandyrsamda yzyn ýazmaýan,
Öz durmuşyma sizi şaýat etmeýän

Ýogsa yzy hasda gyzykly,
Ondaky wakalar size gerekli.
Belki wagt geçip bu zatlary ýazaryn.
Belkide olary hiç wagt ýazmaryn

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 3-04-2024, 11:15

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler