Dünýä döwletlerinde raýatlaryň berjaý etmeli kanunlary, esasan hem, ýurdy belli bir tertip düzgüne salmak maksady bilen girizilýär. Emma käbir ýurtlarda şeýlebir kanunlar bar, adam 1-2 minut geň galar durar. Geliň ol kanunlary we haýsy ýurtdadygyny göreliň:
1) Singapur - Sakgyç Çeýnemek Gadagan
1922-nji ýylda girizilen bu kanun häzir hem öz güýjini dowam etdirip gelýär. Sakgyjy çeýnemek we köçe ýa-da başga ýerlerde tüýkürmek gadagan. Eger düzgün bozulsa ol raýada agyr pul jerimesi ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýaly jezalar berilýär. Bu kanunyň ýurdy arassa saklamak maksady bilen girizilendigi mesemälim
2) Beýik Britaniýa - Dellekhanada Köp Wagt Sarp Etmek Gadagan
Saçyňyzy bejertmek üçin gitdiňiz, bejertdiňiz, şekil berdiňiz. Emma gereginden artyk oturmagyň gadaganlygy sebäpli dellegiň "indi wagt boldy" diýen bakyşyndan özüňiz düşünip, turup gaýtmaly. Bu kanunyň näme sebäp bilen girizilendigi belli bolmasada, ol häzir hem yöredilýär
3) Kanada - Biriniň Göwnüne Degip Degişmek Gadagan
Köçede, kafede we başga ýerlerde tanyş ýa-da nätanyş adamlaryň göwnüne degişmek gadagandyr. Bu kanun "Degişmeli, ýöne göwne degişmeli däl" diýleni ýaly
4) Italiýa - Kiçi Oba Ýerlerinde Köçede Ölmek Gadagan
Iň täsin kanunlaryň biri bolsa gerek. Bu kanun Orta asyrlardan galan kanun we häzir hem kiçi oba ýerlerinde köçede ölmek bolmaýar. Munuň sebäbi howply keselleriň öňüni almak üçindir
5) Awstraliýa - Kapasasyz Totyguşy Ýanyňda Welosipet Sürüp Äkitmek Gadagan
Iň geň kanun. Sebäbi bolsa şeýle, kapasasyz guşuň welosipet sürýän eýesinden gaçyp başga adamlary bimaza etmegi mümkin. "Kimiň kellesine gelip ýör" diýdirýär bu kanun
Iň täsin kanunlaryň käbirleri şular. Göwnüňize ýarandyr diýip umyt edýän. Bu täsin kanunlar barada öz pikirleriňizi ýa-da üstüne goşmak isleýäniňizi teswirlerde ýazyň
"Bu Näme Boldugy" Diýdirýän Iň Täsin Kanunlar
Bilim,
Miss_minnosh
tarapyndan
3-04-2024, 20:40