Başladyk ýigitler. Gyzlar siz hem yzda galmaň. Hemmämiz bilelkide öňe. Ýurt üçin, ar-namys üçin, abadançylyk üçin, hakykat üçin. Biziň üçin zerur bolan ähli zatlar üçin. Bilemak näme üçindir soňky döwür örän gyzykly zatlaryň üstünden barýan. Ýa özüm yzarlaýan bu gyzykly zatlary ýada bu gyzykly zatlar diýýänlerimiň özleri men tarapa howlugýarlar meni ýazda meni ýaz diýip. Bir çetinden ýazybersem dogry däl diýip oýlaýan çünki saýtymyzda dürli häsiýetli agzalar bar. Olaryň käbirine ýokmaz açykdan-açyk eşiden we okan zatlary. Şu ýagdaýy nazarda tutyp köp zatlary ýüzleý ýazmakçy. Emma siziň içiňizde anyk delilleri isleýänler hem bardyr. Gynandyrsamda hemme tarapy deň tutmak üçin üstünden düşen adam we ýurt atlaryny, wakalaryň bolup geçen ýerleriň adyny tutmazdan ýazaryn. Oňuşarsyňyz. Bu halatda hem siz sorag beresiňiz geler. Näme üçin diýip. Bu soraga şeýle jogap. – Birnäçe zat üçin. Ýöne iň wajyby meniň üçin siziň bilmegiňizi isleýärin. Men özümi uniwersal ýazyjy diýip baha berýärin we men hakda aýdylanda we maňa baha berilende hemme ugurdan ýazyp bilýan adam hökmünde tanalmagymy isleýärin. Geljekde ýazan zatlarym bolsa meniň bu aýydanymy subut eder. Şuňa garamazdan maňa göwniýetmezçilik edýänler tapylar. Bu adamlara näme edip bolar. Hiç zat. Meniň olara bir zat etmäne wagtymda ýok, islegimde. Şunyň bilen birlikde men magtanýan ýaly bolup görünmegim mümkin. Meniň adymyň tutylmagy meniň üçin abraý. Eger men öz mertebämi goramasam onda kim men barada alada eder. Indi bolsa anyk wakalara geçeli. Internet sahypalaryny dörjeläp otyrkam bir kitabyň üstünden bardym. Kitabyň adyny aýdyp bolmaýar. Emma bu kitap barada maňa mälim bolan maglumatlaryň käbirini aýydaýyn. Kitaby rus ýazypdyr. Sahypasy dört ýüze golaýlaýar. Kitap satuwda dur. Men bu kitaby dolylygyna okamadym. Tanyşdyrylyş sahypadan ikisi bar eken. Birinji sahypa göz gezdirip eýýäm düşündim. Kitabyň näme many yzarlaýany. Özüňiz bilýäňiz häzirki döwüriň kitaplary pul işlemeli. Bu kitaby ýazan rus hem pul yzarlaýandygy görünip dur. Soňra bu rusyň ady ýene bir ýerde dogry geldi ýagny onuň ýazan zady. Görüp otyrsam bu rus Türkmenistan we türkmenler barada ençeme ýazan bolup çykdy. Men bu adamy ýa ýazyjy ýada jurnalist diýip aýdyp bilmerin çünki onuň ýazanlary manysyz bir topar sammyldama. Pul üçin pes zatlary ýazýanlar. Bu adam hem şolaryň biri. Bu adamyň ýazanlaryna göz gezdirip(öň aýdyşym ýaly men hiç bir zady dümütünip okamaýan) men ýene bir gezek düşündim. Türkmenleriň adyny tutyp, olar barada her hili zatlary ýazyp, şol sanda bir ýerde magtap ýene bir ýerde öz islegine görä peseldip , kitap çykarmkçy bolýanlar köpeldi. Sebäbi bu adamlar öz ýurtlarynda hiç kim däl. Üstesine daşary ýurtly okyjylaryň biz baradaky gyzyklanmalary atdy. Türkmeniň ady dünýä arenasynda köp tutulyp başlandy. Bu adam bolsa ýagdaýdan peýdalanyp galasy gelýär. Indi bosa birazajyk kitap näme barada gidýär?. Kitabyň esasy manysy içaly türkmen gyzy barada. Bu içaly gyz ýurdymyzyň döwlet syrlaryny daşary ýurt içalylaryna satýar. Birnäçe wagt içalylyk edýär we ele düşýär. Elden sypmak üçin bolsa edibilen şermendeligini edýär. Bu kitap hakykat däl. Kitabyň hakykaty yzarlamaýandygyny ýazan rusyň özi hem ýüzleý aýydýär. Diýmek kitabyň esasy gahrymany bolan türkmen gyzynyň içalyk edeni hem ýalan. Hudaýa şükür. Ýogsa türkmen gyzy şu kitapda aýdylan pes derejä düşüp bilermi?. Hamala ony söýgi eltenmiş. Erteki!. Rusyň ýazyşyna görä bu türkmen gyzy daşary ýurtly jurnalisti söýýär. Gyzyň daşary ýurtly jurnalist söýügülisi bolsa bu gyzdan döwlet syrlaryny ogyrlap oňa getirip bermegini soraýar. Nähili masgaraçylyk. Men bu adamlaryň etmekçi bolýan işlerini dönüklip diýip hasaplaýaryn. Şol sanda daşary ýurt jurnalisti üçin hem. Ýurdymyz ony sylap, oňa ynanyp, ony adam diýip watanymyzyň çägine göberýär. Ol bolsa türkmen gyzy aldap, oňa söýgi wadasyny berip gyz üçin örän howply bolan jenaýata itekleýär. Gyz bolsa oňa bu syrlary getirip berýär. Aňkawlyk, başga hiç zat däl. Bu kitap ýalan wakalara esaslanan. Emma başga bir ýerde we başga bir wagtda häzirki hakykatyň üstünden bardym. Bu aýytjagym hakykat. Ol barada indiki çykyşymda. Hoş wagtyňyz!Hemmäňize hemme ýerde üstünlik dileýärin!

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 7-04-2024, 14:50

  • Khanture Khanture off № 1 7 апреля 2024 16:51
    😳😳😳😳 what?
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 2 7 апреля 2024 17:16
    yarsyna cenli zooordan okadym , şo ozini reklama edip gecipsin yzyny okamaga nerwim cydamady
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 3 8 апреля 2024 11:18
    Hakykaty aýtsaň kelläni alyp gitjekler bar.
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 4 10 апреля 2024 02:47
    Türkmen gyzy barada ýazylan roman üçin kelle agyrdanyňa degipdir...
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 5 10 апреля 2024 02:48
    Ýöne ine bizde-de bar rus gyzy ýa rus generaly hakdaky ýazgarylýan pikirli romanlar.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 6 13 апреля 2024 04:28
    Näme diýseñem sende özboluşlylyg-a bar, jora )
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler