Uruş
Aslynda uruşlar bu halklaryň, milletleriň arasyndaky uruş däldir. Bu 2 we birnäçe baý adamyň arasyndaky dawa ýada paýlaşyp bilmeýän zatlary ýada onuň elinde bar bolan zady beýleki bir baý adamyň elinden zor bilen almak üçin turýan uruşdyr. Ölýän we kösenýän diňe milletler köpçüligi ýada kalklar, garamaýaklar we öz güzerany üçin ýaşaýan adamlardy we çagalarydyr. Adamlaryň has dogrusy jemgyýetiň akyly ýetenok. Näme üçin bir baý üçin jan gurban etýäler? Näme üçin bir samsyk şa (prezident) üçin janyny gurban etýäler? Aslynda Ukrain-Rus uruşam ruslar bilen ukrainlaryň urşy, Azervaýjan-Ermenistan uruşam ermeniler bilen azerleriň halk arasyndaky urşy däl, Islaril bilen Palestinanyň arasyndaky urşam islail bilen palestina milletleriň uruşy däl. Islendik ýerdäki uruşlar hatda Afirka, Aziýa we beýkeki ýerdäki uruşlaram milletleriň uruşy däl. Diňe baýlaryň, şalaryň (prezidentleriň) urşy. Aýdaly Russiýa (bu ýerde Russiýa sözi rus halkyny aňladanok, bu söz illýuiziýa. Russiýa sözüniň arkasynda Putin we birnäçe baý adamlar ýatyr) Ukrainany basyp aldam diýeli ýada tersine. Islendik tarapyň ýeňişi asyda oturan ýada ýeňiş gazanan tarapyň halkyna näme peýda getirer diýip pikir etýäňiz? Meň pikirimçe hiç zat. Basylyp alnan tarapyň baýlygy döwlet emlägi diýilip (ýenede illýuiza sözüni ulanyp) birnäçe baýlar paýlaşarlar. Mundan peýdalanan mediýada basylan tarapy (Adolf Gitler aýtmyşlaýyn "uruşda elmydama basylan günäkärdir, hatda dogry tarapy bolsada" diýipdi) ýazgaryp gowja gazanarlar. Troýa kinosynda Ahilles "samsyk şa üçin janyňy gurban edeniňe degenok, uruşyjylaryň muňa akyly ýetenok" diýýär. Hatda Agamennon hem "taryh urşujylary ýatda saklanok, taryh şalary ýatda saklaýar" diýýär. Şol kinoda üns berseňiz Agamennony beýleki basyp alan ýerleriniň şalary Troýanyň kenar ýakasyny basyp alany üçin gutlaýarlar. Emma urşujylar näme gazanýar, olar öz erklerini ellerinden aldyrmak bilen öz janlaryny samsyk şanyň erkine berýärker we öz janlaryny goramak bilen baý adamyň hasabyna uruşýarlar. Taryhdada şu gündede hiç bir uruş arkaly bir millet baýamayar. Diňe birnäçe baýlar has baýaýarlar. Aslynda näme üçin bir millet öz şasynyň garşysyna çykyp "biz näme üçin beýleki bir milleti öldürmeli, bize näme peýda" diýip soranoklar. Meniň pikirimçe jemgyýetiň bir milletiň aň derejesiniň ösmegi birnäçe adamyň elinde bolup dogulandan tä ulalýança şolar tarapyndan dolandyrylyp araçäk çekmelerinden çykyp bilmeýänliginden. Bu eýýäm has giň uly başga mesele. Muny düşündirjek bolsam orta bilim derejesinden ýokary bilim derejesini almak üçin hem adamlar özlerini dolandyrmaklygy başga biriniň eline geçýänini düşündirmeli bolýar. Muny ýene bir gün ýazaryn. Ýazjaklarym ýene bar emma birnäçe sebäp bar. Pikir yzygiderligi bulaşygrak we gramatika ýalňyşlygy boluo biler. Pikiri gelişi ýaly ýazdym, hiç hili kebşirlemedim. Pikirleriňiz bolsa ýazyň, ýalňyş pikirim bar bolsa soraglaň.
Uruş
Sorag-jogap,
Mokujin
tarapyndan
9-04-2024, 00:02