Kalba düşen gurt bolupdyr, gussalam,
Ýyllara şam boldy arzuwmyñ bary.
Üýşüp barýa, bedenimde hassalam,
Gideliñ bäri!

Bütin barlyk, señ keşbiñe giripdir,
Haýsy ýana baksam, seredýär gözleñ.
Gözýaş bilen setirlerme syrykdy,
Aýtmaly sözlem.

Galypdyryn, kör guýulañ içinde,
Keşbiñ göreçlerim jadylan eken.
Umyda tutunyp, ynsan öz-özün,
Aldaýan eken.

Sorag bary sermenip ýör, serimde,
Aýralyga sürgün etdiñ sebäpsiz.
Gelseñde, tapmarsyñ öñki ýerimden,
Özüñ sebapsiñ!

© Süleýman TEKÄÝEW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 13-04-2024, 15:44

  • JackSparro JackSparro off № 1 13 апреля 2024 16:38
    yazyja göçürip aljakdyryn
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 5 16 апреля 2024 07:32
    Erbet däl welin, her bentdäki setir gysgaltmalaryň, bogun kesmeleri diňe ýeri gelende ulanmaly. Köp ulanyberseň, goşgyň görküni alýar.
    Jogap
  • Hasratly ýürek Hasratly ýürek off № 6 16 апреля 2024 16:31
    Pegas, ok sagboluñ pikirlerñizi ýazyp duruñ şeýdip maslahat berip
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler