HUDAÝ ÖLDÜRMÄGE RUGSAT BERÝÄRMI?
. Gurhany okap, men käbir geň görkezmeleriň üstümden barýan. Ylaýta-da, Hudaý tarapyndan kapyrlary we köphudaýlylary öldürmek barada görkezmeler. Ine, ol süreler we aýatlar kime gyzykly bolsa: 4-nji süräniñ 89-njy aýaty we 2-nji süräniñ 191-nji aýaty.
Birbada Beýik Ýaradyjydan beýle görkezmeleri almak bir tüýsli geň bolup görünýär. Hamala ol görkezmeler Hudaý tarapyn däl-de, eýsem daşyndan bir ýerden soň goşulan ýaly? Dogrymy aýtsam, men ol gözkezmeleriň üstinde köp oýlandym, olary kabul edesim gelmedi. Ýöne Gurhany tutuşlugyna kabul etmeli diýen sözlez Gurhanyň öz içinde-de bardy. Soň men wagtda aklamalary gözläp başladym, hamala Yslam dininiň birinji ädimlerinde diniň duşmany kändi we şol döwürler gazaply görkezmeler zerurdy, Yslam dini ýok edilmez ýaly. Ýöne Gurhan wagt diýen zada hiç hili bagly däl bolmaly, men muňa ynanýan. Diýmek Beýik Ýaradyjy kapyr bilen köphudaýly adamy öldürseň, eden işiňi günä hasap edenok. Ýöne bu ýagdaýyň ahlak tarapyny nädip kabul etmeli? Biziň Hudaýymyz şeýle gazaplymy? Ýa-da kapyrlary we köphudaýlary adam hasap edenokmy? Olaryň üstünden bize, musulmanlara hatda jan alma erkini berip biler ýaly? Sorag ýönekeý däl, emma bu soragyň hem jogaby bar. Ýöne azajyk daşrakdan başlamaly bolýar.
Yslam dini diýlende, biziň kellämizde musulman bolanymyz sebäpli mydama dogry pikirler döreýär. Sebäbi biz yslam dininiň paradigmasynda önüp-ösdük. Eger adam başga paradigmada önüp-ösen bolsa, aýdaly hristýan diniň paradigmasynda, ýa-da ýewropa ýurtlarynyň paradigmasynda önüp-ösen bolsa? Şeýle adam üçin yslam dini terrorizm we wagşyçylyk bilen bagly bolup durýar. Yslam dini, öz çäklerinden çykyp, aýdaly kapyrlaryň çäklerine girende, ol eýýäm din däl-de, agressiw ideýa öwrülýär. Kapyrlar öz dünýägaraýşyna görä pikir ýöretseň, yslam dini ýaşamaga ymtylýan erkin ideýa. Kapyrlaryň dünýäsiniň kanunyna görä, güýçli mydama ejizi iýýär, mysal üçin kuwwatly imperiýalar hiç hili böwetsiz, başda döwletleri ýuwdyp bilýärler. Çarlz Darwiniň ewolusion teoriýasyna görä, diňe güýçli zatlar öz neslini dowam edip bilýär. Güýçli erkek urkaçyny basyp alýar, güýçli ýurtlar ejiz ýurtlary basyp alýar, güýçli ideýalar gowşak ideýalary ýok edýär. Bu kapyrlaryň dünýäsiniň tebigatynyň kanuny. Yslam dini hem kapyrlaryň dünýäsine girmek bilen, ol ýeriň hiç bir kanuny bozanok, diňe bir güýçli ideýa gowşak ideýany ýuwudup başlaýar. Kapyrlarda bolsa nägilelik bildirmäge hiç hili sebäp ýok. Bar zat Darwiniň aýdan teoriýasynyň çäklerinde bolup geçýär. Ejiz adam, ejiz döwlet, ejiz haýwan, ejiz ösümlik, ejiz ideýa we ejiz din öz neslini dowam etmeli däl. Yslam dini köphudaýyllyk sistemalary bilen hem gabat gelende agressiw herekete geçip başlaýar. Bu ýerde hem ähli zat kapyrlaryň dünýäsindäki ýaly. Eger hudaýlar kän bolsa we her bir halkyň öz aýratyn hudaýy bar bolsa, diýmek islendik hudaý öz halkyna islendik görkezmäni berip bilýär. Mysal üçin, Alla diýilýän hudaý, öz wagşy gullaryna, başga hudaýlaryň çagalaryny öldür diýdi. Näme üçin seniň hudaýyň, aýdaly Zews, ýa-da Bafomet seniň syrtyñda durup bilenok? Eger hudaýlar kän bolsa we öz arasynda uruşýan bolsalar, diýmek musulmanlaryň Allasy ähli hudaýlardan güýçli bolýar-da? Belki şol hudaýyň tarapyna geçmelidir? Köphudaýlylygyň paradigmasynda hem musulman dini öz Gurhany bilen hiç bir ahlak kanuny bozanok. Eger hudaý ýeke däl-de kän bolsa, diýmek ahlak kanunlary hem kän, her hudaý öz halky üçin öz kanunyny ýazýar, mysal üçin, an-ha, Alla öz gullaryna öldürmäge rugsat berdi. Eger bu sende oňaýsyzlyk oýarýan bolsa, eliňe ýarag al-da, Oňa garşy çykaý. Netijede kapyr bilen köphudaýly adam, Gurhana barmagyny uzadyp, an-ha, siziň kitabyňyzda şeýle zatlar bar diýmäge hiç hili ahlak hukugy ýok. Sebäbi, olaryň dünýäsinde güýçliniñ ejizi iýmäge ahlak hukugy bar.
© Rahman Zulfikarow
Hudaý öldürmäge rugsat berýärmi?
Edebiýat,
Khanture
tarapyndan
30-04-2024, 13:31