Faşizmiň nämedigini düşündirjek bolaýyn size.Käbiriňiz aýytmagyňyz mümkin. Sensizem faşizmiň nämedigine düşünip bileris,
özüňi asmandan asma!. Diýseňiz diýiberiň ýöne şujagaz gürrüňimi okaň we faşizmiň nämedigini bilip
meniň dogry aýydandygyma göz ýetirersiňiz. Faşizmi düşündirmekde köp ylymlar we teoriýalar bar. Bu ugurda her kim bir zat diýýär.
Jedelli düşündirme. Faşizmiň nämedigine göz ýetirmek üçin şeýle hili gyzykly tejribeler hem geçirilen.
Birinji tejribe.
-Ýüz sany ýigidi saýlap alyp olaryň ýigrimisini türme gözegçi edip goýanlar we galan segsen adamy bolsa ýalandan
jenaýatçy bular diýip täze işe alynan gözegçilere sakçylyk etmäne berenler. Tejribe synag geçýänlerini bolsa olara
aýytmandyrlar. Synag geçýänler özleriniň synagdadygyny bilmän şu aşakda ýazylan işleri edipdirler.
Başdaky iki gün oňuşarlyk bolan ýöne eýýäm üçünji
günden jenaýatçy diýilýänlre gözegçi goýylan ýigitler ýalandan jenaýatçy edip berilen segsen adamy birin-birin uryp başlanlar.
Ýogsa olara görkezme
berilen bu ýerde adam urmazlygy. Dördünji gününden başlap gözegçiler jenaýatçylary aç we suwsyz goýup başlanlar. Eýýäm bir hepdä
ýetmän synagdan geçýän ýalan jenaýatçylaryň köpüsi derde ýaraman ýykylyp galanlar. Urmak, sögmek, aç goýmak, kemsitmek kem-kemden
güýçlenip eýýäm ikinji hepdäniň ahyryna tejribäni togtatmaly bolupdyr. Haçanda geçirilen tejribe alymlar tarapyndan öwrenilende
olar gözegçileriň özüni alyp baryşy faşistlere meňzeýär diýen karara gelipdirler.
Ikinji tejribe.
Synag üçin otuz bir adamy bir ýere jemläp olaryň biriniň eline bir gyzyl çyzyk çekilen surat taýakça berilen, galan otuz adama
bolsa üç gyzyl çyzyk çekilen taýakçany beripdirdirlerde kimiň eline bir gyzyl çyzyk çekilen surat bar bolsa şol týagyny
ýokary galdyrsyn diýilipdir. Eline bir gyzyl çyzyk çekilen surat berilen ýigit taýakçany ýokary galdyrypdyr talaba görä
ýöne ynha seretse onuň ýanynda otyran otuz adam hem surat taýagyny ýokary galdyrypdyrlar. Şunça adam ýalan sözläp bilmez diýip
oýlan ýigit men ýalňyş eşidendirin öýdüp taýakçasyny aşak göýberipdir hakykatda bolsa talap onuň elindäki bir çyzykly surat
taýakçasy eken.
Bu synagdan soň ähli surat çekilen taýakçalary ýygnap alyp ikinji synag-tejribä geçipdirler. Bu gezek ýigidiň eline üç sany gyzyl
çyzyk çekilen surat taýakçasyny beripdierler we galan otuz adamyň eline hem üç çyzykly emma reňkleri ak, sary gyzylymtyl bolan
surat taýakçasyny beripirlerde kimde üç çyzykly gyzylymtyl surat taýakçasy bar bolsa suraty ýokary galdyrsyn diýilipdir.
Hemmeler suratyny ýokary galdyrypdyr. Ýigit seretse hiç kimde gyzyl reňkli surat taýakçasy bolmandyr emma ak, sary we gyzylymtyl
taýaklaryň hemmesi ýokary galan. Ýigidiň bir özi galasy gelmändir. Ol hem hemmä goşulyp ýalan sözläpdir
ýagny soralmadyk reňkli surat taýakçasyny ýokary galdyrypdyr.Synagdan soň belli karara gelinip hemmeler ýalan sözleýän bolsa
men näme üçin dogry sözläýin diýýän adam faşizmiň ýene bir alamatyny özünde saklaýar diýilen karara gelinen.
Üçünji tejribe.
Şu tejribäniň esasynda kino hem çykarylan. Dogwil atly gelişikli, mylaýym, sypaýy gyzy ýörite bilegörä bir oba
göýberýärler. Gyz özüniň synagdan geçýäni bilýär emma oba adamlary bilmeýär. Gyz oba girýärde oba adamlaryndan bilegörä kömek soraýar.
Meni banditler yzarlaýar. Maňa obada galmana we gizlenmäne rugsat beriň. Eden kömegiňiziň ornuna men siziň obaňyzyň hemmesine
hyzmatkärlik edeýin, kiriňizi ýuwaýyn, malyňyzy sürä kowaýyn, inwalidlere seredeýin, kiçijik çagalaryňyzy götereýin diýýär. Emma gyzy
gözläp ýören hiç kim ýok. Bu ýöne bir synag. Oba adamlary bolýar diýýärler. Gyz bolsa wada berişi ýaly obanyň halkynyň hyzmatynda
bolýar. Şeýdip bir aý çemesi wagt geçýär. Gyzyň häsiýetini, özüni alyp baryşyny, hyzmatyny hemme gowy görýär we obanyň adamlary
ony magtap ýerde goýmaýarlar. Ýöne ynha synagçy ýalan bandit hökmünde gelýärde oba adamlaryny ýene bir synagdan geçirýär.
Siziň obaňyza Dogwil atly gyz
bizden gaçyp gelen bolmaly. Kimde-kim şu gyzy tapyp berse oňa birnäçe müň dollar bermekçi. Gyzy bolsa tutyp öldürmekçi diýýär.
Hakyky tomaşa indi başlanýar. Banditiň beren wadasyny eşiden adamlar indi özüni bilmeýän halda bandite öwrülýärler.
Olar maslahat edýärlerde pul üçin gyzy bereli ýöne bermezden ozal bu gyzy zorlaly, onsoň ýene gyz üçin her haýsymyza banditler köp
pul bersin ýogsa bermejek bolsa özümiz ony öldüreli diiýärlerde derrew gyzy tutyp onuň elini aýagyny daňyp ilki zorlaýarlar,
onsoň hamala bandit men diýýäniň synagçydygyny bilmän ondan köp pul soraýarlar. Synagçy bolsa ýok diýýär. Onda gyzy horlamana hemme
girişýär. Aýallar onuň üstüne gyzgyn, kirli suwlary guýýarlar, iýmäne we içmäne hiç zat bermeýäler, saçyndan süýreýrler umuman oba
adamlarynyň hemmesi Dogwile sütem edýärler. Ähli bolup geçip duran zatlary bolsa gizlin kamera düşürýärler. Hatda kiçijik
çagajyklar hem gelip Dogwiliň tenine taýak sokýarlar. Synagçylar bolsa bilegörä puly bermän durýarlar. Olar bu synagyň
soňunyň pajygaly ýagdaý öwrüler diýip oýlamaýarlar.Çünki oba admlary şonuň ýaly bozuk adamlara öwrüler
diýip synagçylar kellesinede getirmeýär.
Oba adaamlary bolsa eger gyzyň pulyny ertir günortna getimeseler gyzy dardan asaly şonda banditler bizden gorkup talap edýän
plumuzy bererler diýýär.Synagdan geçirýänlerde indi alaç ýok. Olar talap edilýän puly bermeli. Ýogsa gyz öler. Wagt bolsa az galdy.
Iki tarap hem ýagdaýy elden bermeli däl. Synagçylar puly jemleýärler, gyz üçin tölejekdigini aýydýarlar, puly jemläp oba girýärler.
Puly berip gyzy alýarlar. Yza dolanmaly wagt boldy. Ýaňy ýola düşmeli wagty oba adamlarynyň biri eline ýarag alýarda
olary togtadýar we obadaşlaryna şeýle diýýär. Banditler bize beren puly üçin yzyna gaýdyp gelerler, gowusy gyzy hem banditleri
hem öldüreli diiýär. Obadaşlary bu teklibi makul görýäler we bandit diýilýäne ýaragly topylýarlar. Emma synagçynynyň ýaragy ýok. Ol
özüniň kimdigini aýydanda oba adamlary ondanda beter göhi gelip ikisine hem öldürmeli diýilýän karara gelýärler we olary atyp
öldürmek üçin obadan çola ýere çykarýarlar. Şu ýerde olara polisiýa kömege gelýär. Gyz bilen synagçyny diri alyp galmak üçin köp iş
edilýär. Bolup geçen wakadan soň polisiýa köp adamy türmä basmaly edýär.
Bu bolup geçen synagda belli karara gelinýär. Pul üçin adamy zorlamak, öldürmek hem öz gezeginde faşizmiň bir alamaty hasaplanýar

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 6-05-2024, 10:15

  • Mona Songz Mona Songz off № 1 6 мая 2024 17:25
    👏👏 gowy düşündiriş
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 2 6 мая 2024 17:26
    Haýsy saýtdan al ýa ňyz şeýle gyzykly maglumatlary?
    Jogap
  • nurmuhammet nurmuhammet off № 3 6 мая 2024 20:43
    Faşizme biraz dusunup basladym diysem yalnysmaryn. Gyzyklyja eken.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler