Döwlet ýolbaşçylary bilen bagly her hili täzelik hemme üçinem gyzykly. Täze hödürlenýän maglumatlar hiç kimi biparh galdyrmaýar.
Mysal üçin ABŞ (öňki) prezidentine degişli häli hiç ýerde yglan edilmedik fakt: Prezident (öňki) Дональд Трамп okean aňyrsyndaky 268 firma we obýektlere öz adyny dakan.
Aşakda öňki prezidentleriň şuňa meňzeş syrlaryny okap bilersiňiz.
Transparency International guramasynyň maglumatlaryna görä, Indoneziýanyň öňki prezidenti Муҳаммад Сухарто ýurduň gaznasyndan 15-35 milliard dollar puly özleşdiren eken.
Си Цзиньпин hytaýly 1 376 049 000 adama ýolbaşçylyk edýär. Bu planetamyzyň ilatynyň 18,72 göterimi diýmekdir.
1971 ýylda Gaitida geçirilen referendumdan soň atasynyň ornyna prezident bolan Жан-Клод Дювалье bary-ýogy 19 ýaşdady. "Raýat Франсуа Дювалье raýat Жан-Клод Дювалье'ni respublikanyň ömürlik prezidenti wezipesine mirasdüşer hökmünde saýlady. Bu saýlaw siziň islegiňize masmy?” diýen sowala gaitilileriň hemmesi "hawa" diýip jogap beripdir.
4166 sany türkmenistanlylar ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kompozitorlyk eden aýdymyny bir gezekde aýdýarlar. Bu bolsa Ginnesiň rekoertlar kitabyndan ýer aldy.
Merhum Фидель Кастро häkimiýeti 52 ýyl dolandyrdy. Häzirki prezidentleriň arasynda rekord Теодоро Обианг Нгема Мбасого degişli bolup, ol Ekwatorial Gwineýany 37 ýyldan bäri dolandyryp gelýär.
Urugwaýyň öňki prezidenti Хосе Мухика her ýyl aýlygynyň 90 göterimini haýyr-sahabata sarplapdyr. Häzir ol fermada üç otagly öýde ýaşaýar, suwy bolsa guýydan daşaýar.
ABŞ öňki prezidenti Авраам Линкольн 17 gezek täzeden depin edilýär.
Ýylda 400 000 dollar – Barak Obamanyň prezident döwründäki ýyllyk aýlygy takmynan şunçady.
*****
Täzelikler,
Гость
tarapyndan
7-05-2024, 21:42