Kimde-kim syýasat bilen gyzykýan bolsa elbetde bu adam kommunizm barada hökmany suratda biläýmeli. Kommunizmiň nämedigini bilmedik
adam taryha, pelsepä, dini taglymatlara, ykdysadyýete we ýene-de köp zatlara düşünmez. Indi bolsa,
kommunizm näme?. Kommunizm-bu hususyýetçiligiň ähli görnüşini ýok etmek arkaly adamy adamyň ezmegini ýok etmek arkaly
adamyň erkin durmuşda kommunizmde ýaşamagyna aýdylaýr. Ýenede bir takyk düşündirmesi kommunizm sözüniň, bu ähli ylymlar şol sanda
dini ylymlar, ykdysady ylymlar, ahlak ylymlary birleşip bir karara gelýärler ähli zat şol sanda tebigy baýlyklaryň ähli görnüşleri,
adamyň zähmet çekip döreden ähli zatlary, bir zat bar bolup oňa eýeçilik edip bolýan bolsa bularyň hiç biri bir
adamyňky bolup bilmez. Zatlar bir jem bolan halda bütün adamzada degişli şol sanda aýallar erkege, erkek bolsa aýallara
bütewilikde, çagalar hem hemmä degişli olaryň hususy ata-enesi bolmaly däl.Haçan bu zatlaryň hemmesi paýlanmaly
bolanda deň paýlanmaly, ýöne kim köp iýýän bolsa köp bermeli, kimiň garyny kijijik bolup az iýýän bolsa oňa az bermeli.
Ine şu ýerde hem birinji we esasy bulam-bujarlyk başlanýar. Birinjiden zady paýlamana goýulan adamlar deň paýlamasa
näme alaç etmeli, ikinjiden zat paýlanan wagtynda hemmeler şol bir zada ýapyşsalar näme etmeli. Mysal üçin käfe baran ýüz adamyň
hemmesi men Berk piwosyny içmekçi diýse käfede bolsa ýetmiş baklaşka piwo bar bolsa diýmek kommunizmiň talaplary ýerine
ýetirlmäýär. Piwonyň ýüz adama bir deň ýetmegi üçin piwo çykarýan edaralararda tertip-düzgün bolmaly, piwo önümçiligi ýokary tizlikde
işlemeli, paýlaýjylar piwony wagtynda paýlamaly. Adamlar bolsa tä garyny piwodan doýýänça içmeli. Bu aýdylan kommunizmiň
birinji talaby. Kommunizmde adam öz islegini arkaýyn kanagatlandyrmaly hemme ugurdan şol sanda maddy taýdan we medeni taýdan hem
we ruhy taýdan hem. Görüp otyrsaň kommunizm ýaman däl ýaly. Ondada käbir ugurdan. Ýöne indi ikinji bir meseleler özüniň
adalatly çözülmegini talap edýär. Kommunizmde hemme öz ukybyna görä işlemeli,öndermeli. Bu ýerde derrew kelleagyrykly ýagdaý
ýüze çykýar. Mysal üçin, salma gazmaly bolsa, ejiz adamlar bir günde 10 metr gazsa, daýaw adamlar bolsa 15 metr gazsa bu halaty nähili edip
çözüp bolar. Bu hem çözülmesi kyn mesele däl. Kommunizmde hemme biri-birine dogan hasaplanýar. Eger sen ejiz adamyň bäşisi bilen
işleýän bolsaň diýmek olardan artykmaç gazan ýeriňi doganyňa mugt bagş edýän kimin hasaplamaly we men köp gazdym şonuň üçin maňa
köp hak töläň diýip talap etmeli däl. Ýöne bu ýerde hemme zadyň mugtdygyny hasaplap özüňçe arykmaç iýip-içip bilersiň emma garnyňa
zor berip gereginden artykmaç iýip-içseň
sen bu halatda kommunizmiň talaplaryny ýerinä ýetirmän türmä düşmegiň mümkin. Onsoňam aýdylmaýar, kommunizmde türme bolarmy ýada bolmazmy
ýöne oýlanyp otyrsaň türme bolar çünki jenaýatçylar hemişede bolan. Käbir kommunizm guryjylar kommunuzmde söwda bolmaz diýýärler ýagny
pul hem bolmaz. Bu hili jemgyýet eýýäm amerikan indeýlerinde bolan diýilýär. Ýöne pul bolmasa adamlar işlemeseler gerek. Olary işletmek
üçin nämede bolsa bir zat bilen höweslendirmeli bolmaly bolar.Ýagny bu halat eýýäm bolup geçene meňeýär. Soýuz gurulmagynyň başdaky
pursatlarynda zähmet günu diýip bir düzgün bolan. Zähmet haky üçin adamlar güni bilen meýdan işlerinde işläp normany ýerine ýetirmeli bolan
we normany ýerine ýeirene bugdaý, şeker, sabyn ýaly zatlar berilen. Umuman kommunizm temasy gyzykly. Bu ýerde bir zat aýydaýyn size.
Kommunizm diýilýän ylym Ýewropada ýüze çykan häzirki zaman görnüşinde. Ýogsa kommunizmiň käbir alamatlary yslam dininde hem
bar diýilýär. Ýewropada ýüze çykýar ruslar bolsa kommunizmi Rossiýa imperiýasynyň hemme ýerinde ornatmakçy bolýarlar.
Bu halat hem örän gyzykly.
Ruslar Karl Marksyň we Fridrih Engelsiň kommunizm baradaky teoriýalaryny öwrenip bu jemgyýeti gurmakçy bolaýr. Bu eýýäm aýratyn
gürrüň. Bu barada indiki makalamda. Hoş sag boluň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 8-05-2024, 16:39

  • Khanture Khanture off № 1 8 мая 2024 16:49
    Ana indi senem bir norma oturyp başlan ýaly bolup görünýän ýaly bolup görünenden bolup oturan ýaly bolup dursyň
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 9 мая 2024 10:05
    Bir meseläni çözeliňle. Lenin gowy adammy, erbet adammy?
    Jogap
  • Гость Гость off № 3 9 мая 2024 10:06
    Oturşyp-turşyp göreniň ýokmy içiňde?
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 11 мая 2024 22:00
    Гость, Биз Ленини дирика гормедик. Динлап дана созуни горшуп эл бермедик.Шейлерак гошгылар болмалы Ленин хакында. Ленин нахили адам боланам болса оза бош дал. Чунки онун дин барадакы айдан затларындан озгесини коп ыслам довлетлери озлерине герегини алып, оз юртларында дурмуша гечирдилер. Ве ялнышмадылар. Ленинин медениет, ерасты, ерусти байлыклар , олары уланмагын, пайланмагын, эечлик этмегин усуллары барадакы айданлары гуррунсиз догры чыкды. Дин барада айданына уймадылар.8 саг иш гуни,Адамын довлетин денхукуклы раятыдыгы барадакы айданлары, канунын онунде ден жогапкарлик хакында айданлары, гараз башгада коп теориялары дунйанин коп юрды учин пейдалы модел болды.
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 11 мая 2024 22:25
    kwadrat kelle, şul adama "gyzyl terror" diýmekleri nädereje dogry siziň pikiriňizçe Töre akga?!
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 6 12 мая 2024 02:19
    Гость, Оз пикирими айтсам-..Бу киши оз доврунин озболушлы адамы болуп гечен. ,, Гызыл террор" адыны берен кишилерин озлери элинден иш гелмейан, иле ат дакмалы болса ики пай берлен адамларын иши. Ленин бары егы 54 яшады. Шол берленже яшыны захметкеш халкы адалатлы дурмушда яшатмак учин гореше багышлады. Егсам ол хем .. пул, байлык дийип озуне берлен акылы, зехини ози учин уланып билерди ахырын. Эмма шахсы дурмушында мала байлыга ковалашмады. Догры кабир айдан слзлери бар.,, ,Адалат гапысыны тупенин гундагы билен какмасаныз ол гапыны ачмазлар" диен ялы. Шейле дийип айдан затларыны янындакы адамлар болшундан башбетер эдип ерине етирдилер. Шейле адамларын херекети себапли Ленине ,, гызыл террор" адыны елмедилер.
    Jogap
  • Гость Uly Hojaýyn Гость Uly Hojaýyn № 7 17 мая 2024 17:27
    Nämüçin Hytaýda hususyýetçlik ösendä we tersine kommunizm ösen!? Şony düşündirjek barmy!?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler